Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer
Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer
Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

Birleşen Hereketlendiriji Gurluşyk Korporasiýasy Energetika Boýunça Iň Täze Güýç Desgalaryny Türkmenistana Getirer

Birleşen hereketlendiriji gurluşyk korporasiýasy (RF-iň Rosteh döwlet korporasiýasynyň düzümine girýär) Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen energetika pudagy üçin güýç desgalary ulgamynda birnäçe taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu barada korporasiýanyň saýtynda ýerleşdirilen BHGG-niň metbugat gullugynyň press-relizinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, BHGG-niň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi 7-9-njy noýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016» atly 21-nji Halkara sergisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

BHGG-niň sergidäki diwarlygynda awiasion kysymly gazturbinaly senagat hereketlendirijisi, şeýle hem «Gazpromyň» magistral gaz geçirijileriniň kompressor stansiýalarynda üstünlikli ulanylýan gaz ugradyjy desgalar görkezilipdi.

Press-relizde bellenilişi ýaly, soňky bäş ýylyň dowamynda BHGG «Türkmengaz» DK-nyň desgalaryny energetika enjamlary bilen üpjün edip işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 2011-nji ýylda alty sany gazturbina hereketlendirijisini satyn almak boýunça BHGG bilen «Türkmengaz» DK-nyň arasynda şertnama baglaşyldy we 2013-nji ýylda olar üstünlikli satyn alyndy. 2012-2013-nji ýyllarda kuwwatlylygy 2,5 MWt bolan 3 sany awtonom elektrik bekedini satyn almak we bu elektrik beketlerinde işlediş hem-de şef-montaž işlerini ýerine ýetirmek, operatiw işgärleri okatmak boýunça «BHGG – Gaz turbinalary» PJ bilen «Türkmengaz» DK-synyň arasynda şertnama baglaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanda ulanyşdaky gazturbina hereketlendirijilerinde şef-montaž hem-de işlediş işlerini ýerine ýetirmekligi, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaklygy, şeýle hem «Yzgant» kompressor stansiýasy üçin gaz ýükleýän desgalary satyn almaklygy öz içine alýan taslama hem häzirki wagtda işlenilýär.

BHGG bilen «Türkmengaz» DK-synyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşi ygtybarly energetiki we gaz ýükleýji enjamlary satyn almak ulgamynda ýangyç energetika toplumyny boýunça türkmen bazaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge kompaniýanyň taýýardygyna şaýatlyk edýär, diýlip press-relizde bellenilýär.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir