Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Birža Täzelikleri
Birža Täzelikleri
Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, binýatlyk ýagy, russiýaly işewürler bolsa ownuk däneli hlorly kalini (“Türkmenhimiýa” DK ) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Niderlandlardan, Singapurdan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçilere arassalanan pagta ýagy, azyklyk bugdaý, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň dürli görnüşini, nah ýüplük, pagta süýümi, dikeldilen süýümi, pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 50 million 866 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 156 müň manatdan gowrak aşgarlanmadyk flanel matasyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 884 müň manatdan gowrak gurluşyk tehnikalaryny, azyklyk bugdaýy, pagta süýümini we süýümli ulýugy satyn aldylar.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir