Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Bitarap Türkmenistan Sport Giňişliginde
Bitarap Türkmenistan Sport Giňişliginde
Bitarap Türkmenistan Sport Giňişliginde

Bitarap Türkmenistan Sport Giňişliginde

Bitarap Türkmenistan Sport Giňişliginde: Parahatçylygyň, Dostlugyň we Ýokary Ruhuň İlçisi

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen meşhurdyr, ol parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy netijesinde yzygiderli giňeldilýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürýändigi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, bu bolsa köp babatda Bitarap, oňyn, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan dünýä üçin, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr” diýip BMG-niň belent münberinden aýdan sözleri doly derejede sporta hem degişlidir.

Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň ýokary ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Sagdyn durmuş ýörelgesi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürülýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz Watanymyzyň ýer ýüzünde ruhubelentligiň, sagdynlygyň hem-de ýokary ylhamyň ýurdy hökmünde meşhurdygyna buýsanýarys. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagy, adamyň ruhy we beden saglygynyň sazlaşykly ösdürilmegi milletiň saglygyna oňyn täsir edýän örän möhüm şertlerdir.

Şu ýyl Türkmenistanda döwlet möçberindäki hem-de giň halkara ähmiýetli wakalaryň köp sanlysy boldy. Ýurdumyzyň sport senenamasy milli, şeýle hem durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlary nukdaýnazaryndan hem maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabr aýynda Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň Aziýanyň sport metbugaty birleşiginiň ýokary derejeli Altyn medaly bilen sylaglanmagy dünýä derejesinde ykrarnamanyň alamatydyr. Döwlet Baştutanymyzyň milli sport hereketini ösdürmäge hem-de sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly goşandy üçin bu ýokary tapawutlandyryş derejesine ilkinji bolup mynasyp bolmagy bizi aýratyn buýsandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolmak bilen Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna—sporty ösdürmekde meşhur hyzmatlary üçin Hormat ordenine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda öňe süren hem-de hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň Ileri tutulýan garaýyşlarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ileri tutulýan garaýyşlar BMG-niň resminamalary hökmünde ýaýradyldy we onda sportuň ösdürilmegi bilelikdäki tagallalaryň goşulmagynyň esaslarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär.

Biziň döwletimiz Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy, bu Maksatlar 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy sammitinde dünýä liderleri tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde beýan edilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky Rezolýusiýasynda “Dünýäni özgertmek: 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde” sport durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir diýlip bellenilýär. Hususan-da, bu rezolýusiýada “Biz ösüş we parahatçylyk ulgamynda sportuň barha ösýän ähmiýetini ykrar edýäris, sebäbi ol geçirimlilik hem-de hormat goýmak ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berýär hem-de zenanlaryň we ýaşlaryň, aýry-aýry şahsyýetleriň hem-de toparlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine şert döredýär, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goşulyşmak maksatlaryna ýetilmegine goldaw berýär” diýlip bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada-2017-ä gatnaşyjy döwletleriň düzümini giňeltmek hakynda 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ähtnama gol çekmek dabarasynda eden çykyşynda “Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan örän möhüm ugurlarynyň biridir. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alnyp, «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011–2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda 2012–2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy» kabul edildi diýip aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz sporty mundan beýläk-de wagyz etmegiň zerurdygyny bellemek bilen Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda
“V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek biziň Bitarap ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir. Bu oýunlar ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpün eder, berk bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döreder” diýip belledi.

Döwlet derejesinde aýratyn alada edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek üçin tutuş çäreler toplumynyň ulgam dörediji şertleriň biri hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ulgamda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýoly goýulmagyna hem-de giňeldilmegine möhüm serişdeleriniň biridigine çuňňur düşünilmegine esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda agzalan “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň Umumydöwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berýär. Bu Maksatnamalar ýurdumyzyň sport kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin sportdan ýokary netijeli sporta geçirilmegine gönükdirilendir.

Bu maksatnamalara laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim edaralarynda öz sport desgalary döredilýär, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köp sanly dynç alyş öýleri, şypahanalar hem-de beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar.

Ýurdumyzda ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport düzümleri döredildi. Halkara sport bileleşiginiň işiniň özüne barha köp çekýän paýtagtymyz Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyz soňky ýyllarda düýbünden täze binagärlik keşbine eýe boldy, täsin sport desgalary, ozaly bilen bolsa dünýä derejeli olimpiýa desgalary baş şäherimiziň bezegidir. Geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi sözüň doly manysynda Türkmenistanyň sportuň belent sepgitlerine ýetmek ugrundaky tagallalarynyň alamaty bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda sportuň alty görnüşi boýunça: sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu, tennis, ýeňil atletika we basketbol boýunça halkara synag ýaryşlarynyň ençemesi geçirildi. Şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi gurlan olimpiýa desgalarynyň taýýarlyk derejesini içgin barlamaga, şeýle hem daşary ýurt wekiliýetlerini kabul etmekden we olar bilen duşuşmakdan başlap, ýaryşlaryň tehniki tertipnamasyna çenli ähli guramaçylyk meselelerini düýpli işlemäge, sport çärelerine hyzmat etmekde, olary maglumat taýdan goldamakda daşary ýurtlaryň iň oňat tejribesini peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda 8-12-nji dekabrynda geçirilen jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty halkara synag ýaryşlarynyň tapgyryny tamamlap, olimpiýa desgalarynyň geljekki Oýunlara ýokary taýýarlygyny subut etdi. Mundan başga-da, bu ýaryş türkmen pälwanlary üçin taýýarlygyň oňat tapgyryna öwrüldi. Şeýle hem milli ýygyndynyň deslapky düzüminiň kesgitlenmegine ýardam etdi.

Türkmenistanyň sport ulgamyny ösen häzirki zaman talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri we tälimçileri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport ulgamynda kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipeleriniň hatarynda durýar. Däp boýunça bar bolan işleri nazara alyp, Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň derejesinde V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda BMG-niň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň geljekki oýunlar barada, olaryň sport we umumadamzat ähmiýeti barada habarly bolmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýokary derejeli forumlaryň birnäçesini geçirmegi teklip edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynda eden çykyşynda: “Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine çalyşýar. Halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli ýaşdaky adamlary çekmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz hem ikitaraplaýyn, hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli teklip edýär we olary çözmäge işjeň gatnaşýar” diýip nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sport ulgamynda halkara aragatnaşyklaryny giňeltmäge, şol sanda öňdebaryjy sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, sport ulgamynda döwletimiz bilen baglaşylan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda guralýan sergiler, maslahatlar, ýörite okuw maslahatlar we halkara derejeli beýleki çäreler bu ulgamda özara hereketleri giňeltmäge, ýokary derejeli tälimçileri, türgenleri, sport synçylaryny taýýarlamaga, maglumat-wagyz ediş işlerini güýçlendirmäge ýardam berýär.

Meşhur halkara bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň toplumlaýyn ösdürilmegi dünýä derejesindäki iri möçberli sport çärelerini geçirmek babatda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa gazanylan netijelere ählitaraplaýyn we giň gerimli meýilleşdirmek strategiýasynyň, öňde goýlan maksada ýetmegi üpjün edýän maksatnamalaýyn çäreleriň esasynda yhlasly we tutanýerli zähmet bilen ýetilendigini doly derejede şöhlelendirýär.

Sport—bu güýjüň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhuň täze belentliklere tarap öňe ymtylmasynyň ýüze çykmasydyr diýip, sportda ýokary gazanylanlar üçin bolşy ýaly, köpçülikleýin sport üçin hem işgärleri taýýarlaýan iri sport toplumlarynyň, okuw binalarynyň gurluşygynyň başyny başlaýjy döwlet Baştutanymyz aýdýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi ajaýyp türgen hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň ynamly tarapdary hökmünde hemişe özüniň ýokary derejede beden taýýarlygyny görkezip, ýaşlar üçin belent nusgadyr. Döwlet Baştutanymyzyň işiniň örän köpdügine garamazdan, yzygiderli esasda türgenleşik zallaryna baryp durýandygy, ýaş nesiller üçin ussatlyk sapaklaryny berýändigi görelde almaga nusgalykdyr. Bu bolsa öz gezeginde ýurduň ilatynyň sport ýaryşlaryna köpçülikleýin goşulmagyna ýardam edýär.

Ýokary derejede alada edilmegi dünýä derejesindäki sportda bolşy ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini giňden wagyz etmek ulgamynda hem Türkmenistanyň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam etmäge itergi berýär. Şonuň netijesinde häzirki zaman Türkmenistanda sport öz tarapdarlaryny barha artdyrýar, jemgyýetde barha uly möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaş oglan-gyzlaryň mümkin boldugyça örän köp sanlysynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmek strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmeginiň baş maksadyna öwrüldi. Çünki ýaş nesilleri beden taýdan ösdürmegiň usullaryny “uzak wagtyň dowamynda täsir edýän terbiýe” diýip, ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, sebäbi bu terbiýe diňe bir türgeni, diňe bir şahsyýeti däl, eýsem-de, jemgyýeti kemala getirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň çagyryşyna seslenip, müňlerçe türkmenistanlylar—dürli pudaklaryň, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriň okuwçylarydyr talyplary her ýyl “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” diýen Umumymilli spartakiada işjeň gatnaşýarlar. Sagdynlyk hepdesiniň çäklerinde tutuş Türkmenistan boýunça köpçülikleýin sport çäreleri geçirilýär, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hemme stadionlar, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalar we okuw mekdepleriň sport zallary sport söýüjilerinden dolýar. Milli Telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanyp, ýörite taýýarlanan gepleşikler ýaýlyma berilýär.

Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy artýar. Halkara ýaryşlarynda Türkmenistanyň türgenleriniň gazanan ýokary derejeli belent baýraklarynyň san we hil taýdan ösüşi sportuň wagyz edilişiniň we goldanylyşynyň depginlerine, şeýle hem bu ulgamda döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerine anyk şaýatlyk edýär.
Hususan-da, eger biziň türgenlerimiz Olimpiýa we Aziýa oýunlary wagty, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem beýleki iri ýaryşlarda 2007-nji ýylda 182 medala mynasyp bolan bolsalar, onda 2016-njy ýylda bu görkeziji 581 medala çenli artdy, ýagny, 3,2 esse diýen ýaly ýokarlandy. Şu döwürde türgenlerimiziň gazanan altyn medallarynyň üsti 71 medal bolanlygyndan 197-ä çenli, ýagny, 2,8 esse diýen ýaly köpeldi, kümüş medallar 47-den 182-ä, ýagny, 3,9 essä çenli ýokarlandy, bürünç medallar bolsa 64 bolanlygyndan 202-ä çenli ýa-da 3,1 esseden gowrak artdy.

Sportuň dürli ugurlary boýunça orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriň, pudaklaýyn we sebitleýin toparlaryň arasynda her ýyl geçirilýän Umumymilli ýaryşlar sagdynlyga, beden we ruhy taýdan kämillige tarap ýolda ýaşlar üçin oňat höweslendirme bolmaga gönükdirilendir. Öz hataryna müňlerçe türkmenistanlylary çekýän bu ýaryşlar “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” diýen şygar astynda geçirilýär. Häzir bu şygar halkymyzyň umumymilli maksadyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we şuňa meňzeşler guruldy. Milli at üstündäki oýunlar barha uly meşhurlyga eýe bolýar, ähli welaýatlarda iri döwrebap atçylyk sport toplumlary bina edildi.

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly möçberli başlangyçlaryny häzirki wagtda doly derejede döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriň anyk beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Asyllylygyň bu senasy parahatçylygyň we adalatlylygyň, döredijiligiň we ösüşiň, şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryny, ýaşlygyň we ýeňşe bolan ymtylyşyň ruhuny: “Sport! Sen—Parahatçylyk!” diýen sözlerde wasp edýär.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir