Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Bilen Duşuşyk
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Bilen Duşuşyk
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Bilen Duşuşyk

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, hem-de bu guramanyň Ösüş Maksatnamasynyň we Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine täze bellenilen h-m Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy h-m Panowany Türkmenistanda işe başlamagy bilen gutlap, bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýandygyny belledi. Şu jähtden, taraplar ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň ornuny nygtadylar. Soňra howpsuzlyk, ösüş we gumanitar ölçegleri ugurlarynda hyzmatdalygy dowam etmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Özara bähbitli we ynamly gatnaşyklar barada aýtmak bilen, iki tarapyň wekilleri yzygiderli esasda amala aşyrylýan işjeň we köpderejeli gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy h-m Panowa öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Geljekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny belläp, hanym Panowa BMG-niň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur tagallalaryny amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir