Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar
Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar
Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar

Budapeştde Geçirilen Ýaryşda Türkmen Küştçileri Iki Altyn we Bir Kümüş Medaly Aldylar

“Budapest Spring Festiwal” atly küşt boýunça halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üç baýraga – iki altyn we kümüş medallara mynasyp boldular. Bu her ýyl geçirilýän ýaryşa 40 ýurtdan 140-a golaý küştçi gatnaşdy. Olar şweýsar ýaryş usuly boýunça dokuz tapgyryň dowamynda öz aralarynda bäsleşdiler.

“B” toparda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk toplan sport ussatlygyna galaşgär Gurbangeldi Amangeldiýew altyn medala mynasyp boldy. Öz ildeşinden diňe sport koefisientleriniň gatnaşygynda yza galandygy sebäpli ikinji orny eýelän Hajygurban Döwletow hem edil şonça utuk toplady.

“S” toparda Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň mugallymy, sport ussatlygyna dalaşgär Wladimir Annaýew tapawutlandy. Ol bu paýhas bäsleşikleriniň dowamynda 8 utuk toplady. Ildeşimiz ýedi duşuşykda öz garşydaşlaryny utdy, iki duşuşygy bolsa deňlikde tamamlady.

Küşt hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Bu toplumlaýyn oýunlaryň başlanmagyna 170 günden sähel gowrak wagt galdy. Häzirki wagtda milli ýygyndylarymyzyň erkekler we zenanlar düzümleri Türkmenistanyň taryhynda iň iri sport wakasyna gatnaşmaga güýçli taýýarlyk görýärler.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir