Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY

GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Gündelik we Günlük Wakalary Habar Saýtymyzda

Türkmenistanda Hasyl Toýy Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

Türkmenistanda Hasyl Toýy Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy. Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watandaşlarymyzy Hasyl Toýy Bilen Gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watandaşlarymyzy Hasyl Toýy Bilen Gutlady

Ýurdumyzda Hasyl toýunyň baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.Ýurdumyzda alnyp barylýan …

Dowamy »

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Deňiz Portunyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Deňiz Portunyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, geoykdysady taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmek, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýän möhüm ýagdaý hökmünde üstaşyr-ulag …

Dowamy »

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

2017-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Wengriýanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi, halkara guramalarynyň, ylaýta-da BMG, ÝHHG we ÝB ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlama bilen bellediler. …

Dowamy »

Türkmenistanyň Mejlisi Oýlap Tapyşlaryň Intellektuallygyň Çäklerindäki Hukuk Goragy Hakyndaky Karary Kabul Etdi

Türkmenistanyň Mejlisi Oýlap Tapyşlaryň Intellektuallygyň Çäklerindäki Hukuk Goragy Hakyndaky Karary Kabul Etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar …

Dowamy »

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de ýurdumyzyň ähli sarp edijileri üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karar kabul etdi, oňa laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan tebigy gazyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda şu möçberlerde …

Dowamy »

Dünýä Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri: V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Keşbi Täzelenen Aşgabatdan Pes Täsir Galdyrmady

Dünýä Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri: V Aziýa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasy Keşbi Täzelenen Aşgabatdan Pes Täsir Galdyrmady

“Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy boldy”. Şanly waka baradaky bu habary dürli ýurtlaryň, ozaly bilen bolsa Aziýa sebitiniň köpsanly täzelikler hem-de sport elektron neşirleri, habarlar agentlikleri, tele we radio ýaýlymlary ýyldyrym çaltlygynda bütin dünýä ýaýratdylar. Şu ýerde bu mowzukdaky köpsanly makalalaryň, owadan fotosuratlaryň, …

Dowamy »

Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň (Milli Mejlisiniň) başlygy Oktaý Asadowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýurduň parlamentiniň spikeri türkmen topragynda azerbaýjan wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, …

Dowamy »

Mejlisde Ýapon-Türkmen Dostlugy Parlament Assosiasiýasynyň Ýolbaşçysy Endo Toşiaki Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Ýapon-Türkmen Dostlugy Parlament Assosiasiýasynyň Ýolbaşçysy Endo Toşiaki Bilen Duşuşyk Geçirildi

Şu gün Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Tokiodaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly wekili, ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi. Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň …

Dowamy »

“Parahatçylygy we Adam Hukuklaryny Berkitmekde Bosgunlaryň Olimpiýa Toparlarynyň Goşýan Uly Goşandyny Höweslendirmek Hakynda” Jarnama Biragyzdan Kabul Edildi

“Parahatçylygy we Adam Hukuklaryny Berkitmekde Bosgunlaryň Olimpiýa Toparlarynyň Goşýan Uly Goşandyny Höweslendirmek Hakynda” Jarnama Biragyzdan Kabul Edildi

Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan …

Dowamy »