Baş Sahypa / Iň Täze Habarlar

Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Iň Täze Habarlary Türkmen Habar Gullugynda

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde erkin bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini dowam etdirmek hem-de ýurdumyzyň ähli sarp edijileri üçin tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň, ýaşaýyş jaý-jemagat, awtoulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahalaryny tertipleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karar kabul etdi, oňa laýyklykda 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan tebigy gazyň bahasyny goşulan baha üçin salgyt hasaba alnanda şu möçberlerde …

Dowamy »

Türkmenistan Bilen Russiýanyň Arasyndaky Ikitaraplaýyn Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlygyň Esasy Ugurlary Kesgitlendi

Türkmenistan Bilen Russiýanyň Arasyndaky Ikitaraplaýyn Söwda-Ykdysady Hyzmatdaşlygyň Esasy Ugurlary Kesgitlendi

Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy. Taraplar onuň yzygiderli we durnukly häsiýetini belledi. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, emele gelen çylşyrymlylyga garamazdan, Russiýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar. Soňky wagtda iki tarapyň tagallalary netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Ykdysady topluma degişli türkmen wekiliýetiniň Russiýa …

Dowamy »

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler. Myhmanlar duşuşmaga döredilen …

Dowamy »

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Resmi Sapar Bilen Türkmenistana Gelýär

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Resmi Sapar Bilen Türkmenistana Gelýär

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin resmi sapar bilen Türkmenistana gelýär. Türkmenistanyň we Russiýanyň global gün tertibiniň esasy meseleleri bolan bütindünýä parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyň wehimlerine we ekstremizme garşy durmak, ýaragsyzlanmak we Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça garaýyşlary …

Dowamy »

Okeaniýanyň Wekiliýeti Uly Üstünligiň Şaýady Bolandygyny Nygtady

Okeaniýanyň Wekiliýeti Uly Üstünligiň Şaýady Bolandygyny Nygtady

Okeaniýa ýurtlaryndan gelen türgenler hem-de toparlaryň resmi wekilleri Ýapyk binalarda we söweş sugnaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyň şowly hem-de sebitleýin sporty ýaýbaňlandyrmakda taryhy döwrüň bolandygyny nygtap, gatnaşyjylara uly tejribe gazandyran Aşgabat 2017 oýunlarynyň peýdasynyň geljekki ýyllarda hem görüljekdigini belläp geçdiler. Okeaniýanyň jemi 19 sany Milli Olimpiýa komitetleri (bilelikde ONOC) …

Dowamy »

Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy

Aşgabat 2017-niň Şowhunly Ýapylyş Dabarasy

Çarşenbe güni Aşgabat 2017-niň ähli medallary öz ussatlygyny görkezen mynasyp türgenlere gowşuryldy, emma şu wagta çenli geçirilen iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň tamamlanmagyna ýene-de bir ädim galdy. Oýunlaryň ahyrky tapgyry bolan ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni agşam Aşgabat 2017-ni ýapyk diýip …

Dowamy »

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar

“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan Ugry Boýunça Uçuşlary Ýerine Ýetirmäge Başlaýar

Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki …

Dowamy »

Olimpiýa Şäherjiginde V Aziýa Oýunlarynyň Jemleýji Ýaryşlary Geçirildi

Olimpiýa Şäherjiginde V Aziýa Oýunlarynyň Jemleýji Ýaryşlary Geçirildi

Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal …

Dowamy »

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde – “Aşgabat 2017” Oýunlary

Dünýäniň Habarlar Giňişliginde - “Aşgabat 2017” Oýunlary

Türkmenistanyň paýtagtynda daşary ýurt žurnalistleriniň 500-den gowragy işläp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň barşyny dessin beýan edýärler. Halkara metbugatynyň sahypalarynda Aşgabat sport döwletiniň paýtagty — giň gerimli sport baýramçylygyny bellemek üçin dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän myhmanlaryň müňlerçesini mähirli kabul eden paýtagt hökmünde beýan edilýär. Türkmen paýtagtynyň …

Dowamy »