Baş Sahypa / YKDYSADYÝET

YKDYSADYÝET

Hytaýdan Eýrana Täze Ugur Boýunça Nobatdaky Ýük Otlusy Goýberildi

Hytaýdan Eýrana Täze Ugur Boýunça Nobatdaky Ýük Otlusy Goýberildi

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň, hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň, Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol …

Dowamy »

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti

Söwdany we telekeçiligi ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu pudaklarda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijelerini aýan edýär we bazar gatnaşyklaryny seljermäge, ilatyň durmuş derejesiniň we onuň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Söwda — milli ykdysadyýetimiziň býujete …

Dowamy »

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde …

Dowamy »

Jemi Içerki Önümiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň 11 Aýynda 6.5 Göterime Deň Boldy

Jemi Içerki Önümiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň 11 Aýynda 6.5 Göterime Deň Boldy

2017-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy, şol sanda bu görkeziji senagat toplumynda 5,8 göterim, gurluşykda – 1,4 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda-10,9 göterim, söwdada-9,6 göterim, oba hojalygynda-5,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda-8,9 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüşi 6,4 göterime ýetdi. On bir …

Dowamy »

TDHÇB-nyň Söwdalarynda Nebitiň we Pagtanyň Gaýtadan Işlenilen Önümleri Uly Orun Tutdy

TDHÇB-nyň Söwdalarynda Nebitiň we Pagtanyň Gaýtadan Işlenilen Önümleri Uly Orun Tutdy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 158-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Latwiýanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiasiýa kerosinini, awtomobil benzinini, suwuklandyrylan gaz we az kükürtli ýakylýan mazudy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda …

Dowamy »

Türkmenistanda Ýeri Uzak Aralykdan Barlamak Üçin Emeli Hemra Uçurmak Göz Öňünde Tutulýar

Türkmenistanda Ýeri Uzak Aralykdan Barlamak Üçin Emeli Hemra Uçurmak Göz Öňünde Tutulýar

Şu ýylyň oktýabrynda geçirilen Ýaşulylar Geňeşinde kabul edilen 2018-2024-nji ýyllara Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge we onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat serişde gönükdiriler. Bu serişdelere uzak aralykdan Ýeri barlamaga niýetlenen ýene bir emeli hemrany döretmek we kosmos orbitasyna çykarmak göz öňünde tutulýar. …

Dowamy »

Türkmenistan Raýat Awiasiýasynyň Logistiki Kuwwatyny Ýokarlandyrýar

Türkmenistan Raýat Awiasiýasynyň Logistiki Kuwwatyny Ýokarlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-njy dekabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yklymyň magistral ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk ýagdaýynyň atrykmaçlygynyň ýurdumyza Ýewraziýa gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin milli ulag serişdelerimizi amatly peýdalanmaga mümkinçilik berýänligini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ulag ulgamlarynyň okgunly döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna hem-de iň oňat dünýä ölçegleriniň …

Dowamy »

Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi

Uçarlara Merkezleşdirlen Ýangyç Guýmak Ulgamy Gowy Girdeji Berdi

Aşgabadyň Halkara aeroportynda uçarlara aýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy üstünlikli işledilýär. Onuň artykmaçlygy- ýag-çalgy serişdeleriniň ammarynyň rezerwuarlaryndan stasionar sorujy beketleri bilen gönüden-göni uçarlaryň bakyna ýangyjy üznüksiz guýup bilýänligindedir, munuň özi birbada hyzmat edilýän howa gämileriniň sanyny artdyrmaga we ýangyç guýmaklygyň wagtyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Halkara aeroportynda uçarlara aýangyç guýmagyň Merkezleşdirilen ulgamy …

Dowamy »

Nebit, Dokma Önümleri, Pagta Süýümi we Bugdaý Birža Söwdalarynyň Esasy Önümleri Boldy

Nebit, Dokma Önümleri, Pagta Süýümi we Bugdaý Birža Söwdalarynyň Esasy Önümleri Boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Täjigistandan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Kiprden, Gruziýadan, Pakistandan, Owganystandan we …

Dowamy »

Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi

Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi

Türkmenistan biziň günortadaky goňşymyz – Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda diňe syýasy – diplomatik, söwda – ykdysady hem-de ynsanperwerlik usullarynyň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belleýär. Bu meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça çärelere Aşgabatda geçiriljek Owganystan boýunça Sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda garalar. …

Dowamy »