Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy
Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

Baýramçylyk sergisiniň baş gahrymanlary türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ajaýyp haly sungatyny döredýän zenanlar.

Aman Amangeldiýewiň „Çopanlar“ suratynda sürüniň ýanyndaky çopanlar şekillendirilen, bu surata bakanyňda haly üçin ýüplügiň nireden alynýanlygyna göz ýetirýärsiň.

Pýotr Tutinasowyň „Geçmişden“ atly suratynda ik egirýän garry mama şekillendirilen. Nakgaş bu işinde eli çeper zenanlarymyzyň zähmetsöýerligine we ussatlygyna sarpa goýup, haly dokamagyň ähli tapgyrlarynyň nepisliginidir jogapkärligini nygtaýar.

Aman Amangeldiýewiň baýramçylyk sergisinde goýlan beýleki bir işi „Türkmen halyçylary“ diýlip atlandyrylýar. Onda owadan milli egin-eşikli gyzlaryň bäşisi haly ýüwürdýärler.

Haly nakgaşy Ada Gutlyýew baýramçylyk sergisiniň hormatly myhmany. Ol ahal-teke bedewleriniň keşbini çeper beýän etmek boýunça yglan edilýän her ýylky bäsleşikleriň ýedisinde ýeňiş gazandy. Ol:

-Türkmen bedewiniň we halysynyň baýramy- milli senenamada iň halaýan baýramlarym. 1 inedördül metrde 400 müň çitimiň ýerleşmeginiň özem türkmen halysynyň üýtgeşikligini aňlatmaýary eýse?! Halylarymyzdan iňňe geçmeýär, suw guýsaň aňyrsyna geçmän durýar.

Iň esassy zat, nesilden nesle geçýän bu hünär indi döwrebap ýörelgeler we täze bilimler bilen baýlaşdyrylýar, ulanylýan reňkleriň sany artýar, dokalyş tilsimleri kämilleşdirilýär. Meniň bilen işleşýän halyçylarymyz iki tarapy gölli haly dokaýarlar.

Sergide keçe gülleýän zenanlara bagyşlanan bölüm aýratyn orun eýeleýär. Olardan has tapawutlanýany Nikolaý Çerwýakowyň „Keçe gülleýän zenanlar“ atly işidir. Onda işe girişmäge taýyn zenanlar şekillendirilipdir.

Sergide nakgaşlaryň taýýarlan haly gölleri we keçe gülleri hem goýlupdyr. Olaryň içinde käseä meňzedilen gül has-da ýatda galyjydyr. Onuň keçe gülleýänleriň arasynda meşhurlyga eýe bolmagy-da mümkin.

Haly sungatynda ýol-ýörelgeleriň dowamatlygy Aman Kulyýewiň „Ýyllar we ömür“ atly işinde çeper beýan edilipdir. Nakgaş onda ýüzüni ýygyrt alan, zähmete werziş argyn elli enäni şekillendiripdir. Tanymal halyçynyň ýaşydyr saglygy oňa öňküsi ýaly haly dokamaga maý bermese-de, ol ýaşlardan maslahatyny gysganmaýar.

Sergi bu ýere gelenleri haýran edýär, iň esasy-da, çeper elli zenanlarymyzyň zähmetine sylag-hormaty artdyrýar. Halylarda türkmen halkynyň medeni ýörelgleri we dünýägaraýşy öz beýanyny tapýar.


Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir