Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Çig Maly Gaýtadan Işlemegiň Möçberlerini Artdyrmak Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugrudyr
Çig Maly Gaýtadan Işlemegiň Möçberlerini Artdyrmak Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugrudyr
Çig Maly Gaýtadan Işlemegiň Möçberlerini Artdyrmak Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugrudyr

Çig Maly Gaýtadan Işlemegiň Möçberlerini Artdyrmak Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugrudyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, ýerli serişdelerden taýýarlanylýan önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmak daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek boýunça wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, köpugurly esasda ösüş gazanmak, düzümleýin üýtgedip gurmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak, senagat pudagyna, obasenagat toplumyna we ulag – logistika düzümlerine maýa goýum serişdelerini gönükdirmek, kiçi we orta telekeçiligi, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak boýunça işjeň durmuşa geçirilýän syýasatyň oňyn netije berýändigini bellemeli.

Soňky ýyllarda esasy makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim, şol sanda senagatda 1,1 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, oba hojalygynda 12 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,4 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan senagat taýdan ösüşiň esasy ugurlaryna laýyklykda welaýatlarda 209 desganyň gurluşygy tamamlandy. Olaryň 111-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Sebitlerde bar bolan dürli görnüşli çig mal serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, geljekde ykdysady ösüş üçin pugta binýady döretmäge, ýurdumyzyň sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmäge we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kärhanalaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

Geçen ýylyň maý aýynda tassyklanan, Türkmenistanda öndürilýän eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasy we Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky Döwlet maksatnamasy hut şu ugra gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamalaryň çäklerinde himiýa senagatynyň, maşyn gurluşygynyň, oba hojalygynyň, gurluşygyň, ýeňil we azyk senagatynyň, beýleki pudaklaryň, ýurdumyzyň derman senagaty ulgamynyň ösüşine gönükdirilen 110-dan gowrak taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Gurluşyk, himiýa, durmuş ulgamyna degişli ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň giň görnüşleriniň önümçiligi boýunça döwrebap kärhanalar gurlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen, daşary ýurtlara ugradylýan elektrik energiýasynyň mukdarynyň 17,4 göterim, mineral dökünleriň 2,6 göterim, sementiň 6,3 göterim artandygyny belledi. Şeýle hem ýüňüň, haly önümleriniň, gök hem-de miwe önümleriniň, ösümlik ýagynyň, bugdaýyň, pagta süýüminiň we beýleki harytlaryň eksport möçberi artdy.

Döwlet Baştutanymyz önümleri daşary ýurtlardan satyn almagyň 10 göterime golaý azalandygyny aýdyp, serişdeleriň, azyk we senagat harytlarynyň getirilmeginiň azalmagynyň bu harytlary ýurdumyzda öndürmegiň depgininiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirendigini belledi.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginlere eýe bolmagynda, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda gymmatly önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär.

Polimeriň önümçiligi boýunça iri desgalaryň we olardan dürli harytlary taýýarlaýan kärhanalaryň gurluşygy ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň ösüşiniň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Häzirki döwürde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda polipropilen plýonkalarynyň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Ol azyk we beýleki önümleri gaplamak üçin giňden ulanylýar. Kärhananyň kuwwaty ýylda 20 müň tonnadan gowrak bolar.

Mundan başga-da, bu ýerde özünde haýal kokslama gurnamasyny hem-de gudrony asfaltdan aýyrýan bölümi özünde jemleýän döwrebap toplum gurulýar. Nebit koksynyň bazary çäksizdir. Ol ýangyç hökmünde we gara we reňkli metallurgiýada, polat kebşirlenende, alýumin önümçiliginde, dürli maksatly elektrodlar taýýarlanylanda ulanylýar. Şeýle hem ol tehniki motor ýaglaryny we ýokary oktanly awtoulag benzinlerini almak üçin örän gymmatly çig mal bolup durýar. Ol dizel we ýylylyk ýangyçlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan serişdeleriň köp görnüşleriniň önümçiligini üpjün edýär. Onuň galyndysy bolan asfalt we smola ýokary hilli ýol gurluşygy bitumlaryny taýýarlamakda ulanylýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli ýol gurluşygynda has-da ähmiýetlidir.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda 2015-nji ýylda ýol gurluşygy bitumynyň önümçiligi boýunça täze tehnologik gurnamanyň işe girizilendigini bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda ilkinji gurnama bolmak bilen, onuň işi agyr nebit galyndylary bolan nebit ugradylanda galýan galyndylary gaýtadan işlemäge, ondan nebit önümleriniň esasy görnüşleriniň önümçiligi üçin zerur bolan serişdeleri almaga mümkinçilik berýän serişdeleri öndürmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanda ägirt uly tebigy gaz gorlarynyň bolmagy ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ösdürilmegine giň ýol açýar. Şeýlelikde, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin alýan zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Tutuşlygyna täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýan kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 785 million kub metrini gaýtadan işlär we Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 benziniň 600 müň tonnasyny öndürer.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilene we 81 müň tonna polipropilene barabar önümçilik kuwwaty bolan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Granulirlenen polipropilen dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýar. Ol polimer plýonkasyny, emeli süýümleri, berk termoplast böleklerini, şeýle hem turba, berk tanap, awtoulaglar üçin dürli filtrler, lybaslar, mebeller, gaplama serişdeleri, azyk önümleri üçin gap ýaly önümleriň önümçiliginde ulanylýar. Polietilen öndürýän toplumyň hem ägirt uly eksport mümkinçilikleriniň bardygyny bellemeli. Polietileniň esasynda hem dürli görnüşdäki turbalaryň we uly islegden peýdalanýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak bolýar.

Şeýlelikde, tebigy gazy has çuňňur we toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemäge, onuň eksport ulgamyndaky möçberlerini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistan diňe bir tebigy gaz we çig nebit ýaly ilkinji energiýa serişdeleri bazarynda däl, eýsem, gazhimiýa önümleriniň has girdejili ugurlarynda hem öz ornuny giňelder.

Ýurdumyzda we tutuş dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäklerinde mineral dökünleriniň önümçiligini artdyrmak himiýa senagatynyň ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Mary şäherinde karbamid we ammiak öndürýän iri zawodlar toplumy ähmiýetli desgalaryň hatarynda durýar. Häzirki döwürde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hereket edýän kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň umumy möçberleri ýurdumyzyň agrar pudagynyň azot dökünlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, özüniň eksport kuwwatlyklarynyň durnukly ösüşini kemala getirýär. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurulýan we ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamide barabar bolan täze kärhana hut şu ugra gulluk eder.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümiň işe girizilmegi Türkmenistanyň himiýa pudagynyň sazlaşykly ösüşine şaýatlyk edýär. Bu bölümiň önümleri ýurdumyzyň dürli senagat kärhanalarynda çig mal hökmünde netijeli peýdalanylýar.

Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýada iri kaliý duzlaryny özleşdirmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplum bolan ähmiýetli maýa goýum taslamasy özüniň möçberi boýunça deňsiz-taýsyzdyr. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen bu ugur boýunça ägirt uly mümkinçilikler emele geler. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky 2 milliard tonna kaliý duzlaryndan gowrak gory bolan Garlyk ýatagynyň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzuny çykarýan hem-de baýlaşdyrýan kärhananyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşinde täze tapgyry emele getirer. Önümiň bu görnüşini eksport etmek üçin bu ýerde ägirt uly mümkinçilikler bar. Senagat toplumy geljekde diňe bir ýurdumyzyň oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa mineral dökünler bilen doly üpjün etmän, eýsem her ýylda bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny eksporta ugratmak üçin şert döreder.

Ýerli çig mallaryň binýadynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine ägirt uly goldaw berilýär. Şunlukda, ýurdumyzda ykdysady we durmuş maksatly köp sanly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň kärhanalary gurluşyk ulgamyna diwarlyk panelleri, armaturlanan bloklary, keramziti, gurnama demir beton önümlerini, keramiki kerpiçleri, diwarlyk beton daşlaryny, örtük plitalaryny we beýlekileri ugradýar.

Balkan we Lebap welaýatlarynda iri sement zawodlarynyň gurulmagy, Aşgabadyň, Abadanyň iri panelli jaý gurluşyk zawodlarynyň, Türkmenabat şäherinde ugurdaş “Demirbetonönümleri” kärhananyň, Daşoguz şäherinde demir beton önümleri kärhanasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda izogama we folgaizola ýaly örtük serişdeleriniň önümçiligi boýunça täze senagat toplumynyň ulanmaga berilmegi bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigini alamatlandyrýar. Kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 10 million inedördül metr önüme barabardyr.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäherindäki “Demirbetongurnama” zawodynda keramiki plitalary örmek üçin gury ýelimli garyndylaryň önümçiligi ýola goýuldy. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan kärhanalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan we ýyllyk kuwwaty 70 müň kub metre barabar bolan inert gurluşyk serişdeleri kärhanasy bar. Bu ýerdäki känlerde işleýän karýerler önümçiligi ýuwlan çagyl we gurluşykda uly isleg bildirilýän beýleki ugurdaş önümler bilen üpjün edýär.

Ýerli çig mallaryň esasynda ýurdumyzda täze önüm bolan has inçe, aýratyn berk bazalt ýüplügini we ondan öndürilýän ýylylyk saklaýan hem-de kompozet gurluşyk serişdelerini taýýarlaýan kärhanalary döretmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bazalt ýüplüginiň önümleri ekologiýa taýdan howpsuz we senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda, nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagaty, awtomobil we maşyn gurluşygy, elektroenergetika, metallurgiýa, oba hojalygy, gämi gurluşygy, nebithimiýa we beýleki pudaklarda giňden ulanylýar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerleşýän “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň binýadynda döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek işleri alnyp barylýar. Kalsiý karbidi, gipsoangidrid serişdesini, owradylan kaustik dolamiti, dürli magdan däl gurluşyk materiallaryny, şeýle hem himiýa pudagy we azyk duzy üçin hlorlanan heki öndürmek bu ulgamyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Ýurdumyz üçin täze hasaplanylýan senagat tehnologiýalaryň hatarynda float usuly boýunça aýna önümçiligi bar. Bu tehnologiýa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna degişli Owadandepedäki iri kärhanalar toplumynyň taslamasynyň esasyny düzdi. Bu ýerde aýna önümçiligi üçin esasy çig mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini öndürýän fabrik hereket eder. Onuň gurluşygyna 2015-nji ýylda badalga berildi.

Kärhana ýylda 7,2 million inedördül metr aýna we onuň örän köp görnüşlerini, şol sanda açyk we reňkli, laminirlenen hem-de penjire, aýna paketlerini öndürmek üçin 4 millimetr galyňlygy bolan taplanan aýnalary, şeýle hem dürli açyk hem-de reňkli, göwrümi 0,3 litrden 3 litre çenli bolan çüýşe gaplaryň, lukmançylyk serişdeleri we flakonlaryň 85 million birligini öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhananyň işe girizilmegi degişli önümleriň ýurduň daşyndan getirilýän möçberlerini peseltmäge mümkinçilik berer we eksporty ýola goýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012—2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösdürmek boýunça maksatnamasyny”, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de eksport möçberlerini ýokarlandyrýan önümçilik boýunça Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde däneçilik, pagtaçylyk, gök ekerançylyk, maldarçylyk we guşçulyk ýaly ugurlaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegine ähmiýet berilýär.

Şunlukda, täze, döwrüň talabyna laýyk gelýän un üweýän kärhanalaryň, maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň, çörek-bulka, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleriniň önümçilik desgalarynyň gurluşygyna ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna döwlet goldawy berilýär. Oba hojalygynda hususyýetçiligiň paýy 92 göterimden geçýär.

Şeýlelikde, 2016—njy ýylyň on bir aýynda unuň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,3 göterim, unaş önümleriniňki — 3,8 göterim, etiňki — 1,3 göterim, süýdüňki — 1,3 göterim, ýumurtganyň önümçiligi — 4,8 göterim, gök önümleriňki — 8,6 göterim, bakjanyňky — 16,4 göterim, ir-iýmişleriň önümçiligi — 1,6 göterim ýokarlandy.

Milli ykdysadyýetimiziň azyk senagatynda daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň möçberleriniň ýokarlanmagy balyk senagatynyň ösdürilmegini şertlendirdi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde bekre balyklaryny köpeldýän, gara işbilleri we balyk önümlerini öndürýän toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli “Hazarbalyk” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guruldy. Onuň ýyllyk kuwwaty 100 tonna harytlyk bekre balyklaryna, 2 tonna bekre işbiline, 170 tonna kakadylan we beýleki balyk önümlerine, şeýle hem 10 million birlik gaplanan önümlere barabardyr. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 2015-nji ýylda bekre, karp we lakga balyklaryny köpeltmek boýunça toplum işe girizildi. Onuň ýyllyk kuwwaty degişlilikde 20, 10 we 60 tonna harytlyk balyga barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ösüşini ýurdumyzyň dokma senagaty hem görkezýär. Hut şu pudakda Türkmenistanyň çig mal iberiji ýurt bolmakdan dünýäniň iri öndürijisine hem-de taýýar önümi eksport ediji ýurda öwrülmegi boýunça döwlet meselelerini çözmäge aýratyn üns berilýär.

Ajaýyp mümkinçilikleri bolan Aşgabat dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jinsi toplumy, şeýle hem Ruhabat, Gökdepe we Gypjak dokma toplumlary muňa aýdyň mysal bolup durýar. Birinji derejeli mata önümleriniň goýberilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikin we trikotaž bölümleriniň ösüşine, içerki bazary daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan owadan we ýokary hilli ýerli önümler bilen doldurmaga güýçli itergi berdi. Bu bolsa öz gezeginde “Türkmenistanda öndürildi” ýazgyly nyşany bolan daşary ýurda çykarylýan önümleriň möçberini hem-de görnüşlerini üzül-kesil artdyrmaga oňat mümkinçilik berdi.

Mysal üçin, Ruhabadyň panbarhat öndürýän fabriginiň işe girizilmegi netijesinde türkmen zenanlarynyň uly isleginden peýdalanýan bu ajaýyp matanyň dürli öwüşginli we nagyşly önümçiligi ýola goýuldy. Lukmançylyk pamyklaryny we kosmetika pamyk serişdelerini öndürmek boýunça Aşgabat fabrigi guruldy. Ruhabat dokma toplumynda emeli ýüpekden taýýarlanan dürli görnüşli ýokary hilli ştapel matalarynyň, şeýle hem dürli görnüşli üstki eşikleri tikmek üçin laýkra goşulan gabardiniň, kanwasyň önümçiligi ýola goýuldy. Türkmenbaşy adyndaky jinsi toplumynda bu matalardan taýýarlanan “Bedew” milli nyşanly ýokary hilli erkek adamlaryň jalbarlaryny öndürmek ýola goýuldy.

Şu ýyl paýtagtymyzyň nah-mata önümleri kombinatynyň binýadynda ýerleşýän daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak boýunça uly mümkinçiligi bolan, kuwwatlylygy ýylda 2 million 500 müň jübüt jorap öndürmek boýunça bölümçe hem-de Aşgabadyň Modalar öýünde ýylda 23 müň sany örülen switerleri öndürýän trikotaž bölümçesi ulanylmaga berildi.

Öndürijilik kuwwaty ýylda 4 müň tonna ýuwlan ýüňe barabar bolan täze bölümçäniň açylmagy bilen Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän fabrigi ýüň egriji fabrikleriň ýokary hilli çig mala bolan islegini doly kanagatlandyrýar. Önümleriň ep-esli bölegi içerki bazara barýar. Munuň netijesinde ýurdumyzyň telekeçileri bazarlary owadan we ýokary hilli önümler bilen dolduryp, milli halyçylygy ösdürmäge giň mümkinçilik alýarlar.

Umuman, bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän, ýurdumyzy raýatlaryň durmuşy we zähmet çekmegi üçin ajaýyp şertleri üpjün edilen öňdebaryjy döwlete öwürmegi, halkyň döredijilik kuwwatyny amala aşyrmagy maksat edinýän ykbal çözüji we düýpli özgertmeleriň ýolunda ynamly ädimler bolup durýar.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir