Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşoguz Welaýatynda Birbada Iki Desganyň Açylyş Dabarasy Boldy
Daşoguz Welaýatynda Birbada Iki Desganyň Açylyş Dabarasy Boldy
Daşoguz Welaýatynda Birbada Iki Desganyň Açylyş Dabarasy Boldy

Daşoguz Welaýatynda Birbada Iki Desganyň Açylyş Dabarasy Boldy

Demirgazyk welaýatyň merkezinde kafel plitalarynyň önümçiligi boýunça kiçi kärhananyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.

Täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi we milli ykdysadyýetimiziň oýlanyşykly we netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär etdi. Döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususyýetçiligiň ornunyň ýokarlandyrylmagy onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldawdan netijeli peýdalanyp, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän we dünýä bazarlarynda mynasyp bäsdeşlik edip bilýän dürli harytlaryň önümçilik möçberlrini ýokarlandyrar.

Daşoguzda gurlan kiçi kärhana ýarym gektar meýdanda ýerleşip, ýylda 30 müň tonna önüm bermäge ukyplydyr. Toplumyň düzümine önümçilik bölumi, iki gatly edara ediş binasy, ýylylyk, suw we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän özbaşdak desga, suw saklamaga niýetlenen uly gap we söwda bölümi girýär.

Kärhana ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Ýurdumyzda gazylyp alynýan serişdelerden bu ýerde önümleriň 10-dan gowrak görnüşi öndüriler. Olarň hatarynda jaýlaryň bezeglerinde, ýanýodalarda we desgalaryň içinede ulanylýan dürli görnüşli plitalar, binalaryň daşky görnüşine we aşaky gatlara, penjireleriň astyna, şeýle hem bezeg aýmançalaryna niýetlenen plitalar bar. Kärhana dürli görnüşdäki, ölçegdäki we bezeg aýratynlyklary bolan önümleri öndürer. Bu bolsa sarp ediş bazaryny üpjün etmegiň amatly şertini üpjün eder.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda hususy telekeçiler dürli oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary gaýtadan işlemek bilen obasenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän hartlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegine, ýylyň dowamynda ilatyň ter gök we miwe önümleri bilen üpjün edilmegine işjeň gatnaşýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde gurlan täze ýyladyşhana hut şu wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Ol iri toplum bolmak bilen, tehniki desgalary, edara ediş binasyny, dökünleri we dürli gaplary saklamak üçin niýetlenen ammarlary, awtoulaglar üçin duralgany özünde jemleýär.

Umumy meýdany 5 gektara barabar bolan bu desgany ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy gurdy. Ýyladyşhananyň gurnama işinde we önümçilik tehnologiýasynda täzeçil usullaryň giňden ulanylmagy onuň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Ýerli howa şertleri nazara alnyp, desganyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy ukyby bolan hem-de uzak wagtlap ulanmaga niýetlenen polikarbonat we aýna ulanyldy. Desganyň üçeginiň awtomatik usulda açylyp-ýapylmagy, onuň içinde zerur bolan howany saklamaga mümkinçilik berýär.

Desganyň 4 gektarynnda ýylda 800 tonna pomidor ösdürilip ýetişdiriler. Şeýle hem bu ýerde pomidoryň sebitde ilkinji gezek ulanylýan görnüşleri ekiler. Pomidor şitilleri ýokary hasyllylygy we kesellere garşy durnuklylygy bilen belli bolan golland sortlary ekiler. Soňlugy bilen pomidoryň bu görnüşini ýyladyşhananyň özünde ýörite taýýarlanylan meýdanda ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Ýyladyşhana önümçilik üçin oňaýly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýän Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen doly üpjün edildi. Bu ýerde zerur howa, ýagtylyk we çyglylyk ýagdaýy saklanýar hem-de toprak ýörite mineral dökünler bilen baýlaşdyrylýar. Ähli tehnologik işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Taýýar önümler sarp edijilere ugradylmazdan öňürti ýörite barlaghanada hil barlagyndan geçirilýär.

Ýyladyşhananyň ulanmaga berilmegi bilen, bu ýerde iş orunlarynyň 40-sy döredildi. Bu ýerde işleýänler üçin amatly şertler üpjün edildi. Ýyladyşhananyň çäginde naharhana we suwa düşülýän otag hereket edýär. Işgärleri mugt nahar hem-de degişli lybaslar bilen üpjün etmek ýola goýuldy.

Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna Daşoguz şäheriniň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň we Daşoguz welaýatynyň häkimlikleriniňi işgärleri, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy, olaryň ýurdumyzda öndürilen azyk we senagat harytlary bilen doly üpjün edilmegi, şeýle hem täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda ýurdumyzda maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar. Çeperçilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir