Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşoguz Welaýatynyň Gallaçylary Orak Möwsümine Girişdiler
Daşoguz Welaýatynyň Gallaçylary Orak Möwsümine Girişdiler
Daşoguz Welaýatynyň Gallaçylary Orak Möwsümine Girişdiler

Daşoguz Welaýatynyň Gallaçylary Orak Möwsümine Girişdiler

Ýurdumyz boýunça depgini günsaýyn ýokarlanýan galla oragyna şu gün Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem girişdiler. Daşoguz welaýatynda galla oragyna başlamak hormatyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň gallaçylary mynasyp boldular. Ýaşulular asyrlaryň dowamynda emele gelen asylly däbe görä Beýik biribardan galla oragynyň üstünlikli geçirilmegini dileg etdiler. Soňra olar ýaş nesliň gowşuran oraklaryny alyp, “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen oraga ak pata berdiler hem-de nobaty kombaýnçylara geçirdiler.

Galla oragyna ak pata bermek dabarasyndan öň bu ýerde welaýat we etrap häkimlikleriniň, oba hojalyk işgärleriniň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň, ýaşulularyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda önümçilik okuw maslahaty geçirildi.Galla oragyny degişli derejede guramak, takyk we sazlaşykly işi üpjün etmek bilen bagly meseleler bu ýere ýygnananlaryň üns merkezinde boldy.

Şu gün welaýatyň kabul ediş nokatlaryna dänäniň ilkinji tonnalary gelip başlady. Demirgazyk sebitiň daýhanlary galla oragyny öz wagtynda tamamlap, ýetişdirlen bereketli hasyly soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýärler.

Demirgazyk welaýatyň galla meýdany 157 müň gektara deň bolup, ekerançylar olardan 300 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ýerli gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Batko”, “Ýolöten-3”, “Irişka” we “Wassa” ýaly ýokary hasylly sortlaryny ekdiler.

2017-nji ýylyň orak möwsüminde welaýatda “John Deere”, “Case” we “CLAAS” ýaly däne ýygnaýjy kombaýnlaryň 338-si ulanylýar. Olaryň hatarynda kuwwatly oba hojalyk maşynlarynyň täze görnüşleriniň 30-dan gowragy bolup, bu tehnikalar Oba we suw hojalyk ministrliginiň “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa) hem-de “Umaх Trade GmbH” (Germaniýa) kompaniýalary bilen baglaşan şertnamalarynyň esasynda ýakynda ýurdumyza getitrildi.

Orak möwsüminde göçme abatlaýjy—mehaniki toparlar gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat edip, olary zerur bolan ähli zatlar—ýangyç, ýangyç-çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Galla meýdanlarynyň ýanynda orak möwsümine gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin degişli durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda nokatlarynyň işi guralar.

Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplarda ýerleşen kabul ediş nokatlarynyň 30-yna we elewatorlaryň 7-ine dänäni meýdanlardan ýük awtoulaglarynyň 1845-si daşar. Şeýle hem“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary möwsüme doly taýýar edildi, onuň tejribeli hünärmenleri täze enjamlar arkaly meýdanlardan gelip gowuşýan gallanyň hilini barlarlar.

Gallaçylar bilen özara hasaplaşyklar “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümlerinde amala aşyrylar, olarda daýhanlar
tabşyran hasyllary üçin pul alarlar.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir