Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşoguzly Nakgaşlar we Heýkeltaraşlar Öz Işlerini V Aziada Bagyşlaýarlar
Daşoguzly Nakgaşlar we Heýkeltaraşlar Öz Işlerini V Aziada Bagyşlaýarlar
Daşoguzly Nakgaşlar we Heýkeltaraşlar Öz Işlerini V Aziada Bagyşlaýarlar

Daşoguzly Nakgaşlar we Heýkeltaraşlar Öz Işlerini V Aziada Bagyşlaýarlar

Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalan sergi sporta bagyşlandy.Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň yglan eden muzeý işgärleriniň bäsleşigniň çäklerinde gurnaldy.

Heýkeltaraşlaryň işi sergide esasy orun eýeleýär. Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedowyň „Pellehana gelen marafonçy“ işinde aýgytly okdurylyşyň, çakganlygyň we ýeňşe erjelligiň tolgundyryjy pursady görkezilipdir. Onuň beýleki bir işinde ahal-teke bedewi şekilendirilipdir.

Daşoguzly heýkeltaraş, şäheriň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Sapa Akbaýewiň ýasan boksçynyň, gylyçlaşyjynyň, futbolçynyň, pälwanyň we beýleki türgenleriň gips heýkellerinde hereketkeriň okgunlylygy, çeýeligi, güýji, duýgylary we häsiýetleri ussatlarça beýan edilipdir. Merdan Kakabaýewiň açyk, şadyýan reňklerde çekilen „Azidanyň çaparlary“ we“Olimpiýa stadiony“ ýaly suratlary ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanypdyr.

Tomaşaçylar sergide neşirýat önümleri, şeýle hem ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary hem-de onuň nyşany bolan hoşamaý it Wepalynyň şekili bilen tanyşýarlar.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi 2011-nji ýylda açyldy. Onuň üç gatly ak mermerden gurlan jayy gadymy Köneürgenjiň ussalarynyň şöhrat gazanan binägärlik däpleriniň äheňinde bina edilipdir. Onuň gapdal otaglarynda ussahanalar, laboratoriýalar we muzeý gaznalary ýerleşýär.

Muzeý durmuş-medeni binalara bildirilýän iň döwrebap talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde üýtgeşik eksponatlary saklamak we görkezmek, ylmy barlaglary hem-de dikeldiş işlerini geçirmek üçin ähli şertler döredien.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna degişli eksponatlaryň 11 müňden gowragy bar. Olar arheolgik tapyndylar, gadymy egin-eşikler, ajaýyp halylar, şaý-sepler, öý goşlary, ülkäniň taryhyna degişli resminamalar we başga-da ençeme zatlardyr.

Jemi Daşoguz welaýatynda muzeýleriň 8-si we Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň bir şahamçasy bar. Welaýatyň ilatynyň we myhmanlarynyň arasynda “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyndaky Daşmesjidiň gadymy ýajynda ýerleşýän Halk senedi muzeýi we aýdym-saz döredijiligne bagyşlanan edebiýatlaryň 2000-si we dutar, gyjak, gopuz, tüýdük we beýleki milli saz gurallarynyň hem-de beýleki eksponatlaryň 800-si saklanylýan ýurdumyzda ýeke-täk Bagşylar muzeýi has-da meşhurdyr.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir