Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Daşoguzly Ussatlar Taý Boksy Boýunça Esasy Sport Ýaryşyna Taýýarlanýarlar
Daşoguzly Ussatlar Taý Boksy Boýunça Esasy Sport Ýaryşyna Taýýarlanýarlar
Daşoguzly Ussatlar Taý Boksy Boýunça Esasy Sport Ýaryşyna Taýýarlanýarlar

Daşoguzly Ussatlar Taý Boksy Boýunça Esasy Sport Ýaryşyna Taýýarlanýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynda milli ýygynda dalaşgärleriň arasynda demirgazyk sebitiň türgenleri-de bar, olar dürli derejedäki ýaryşlarda ýokary netijeler gazanýarlar.

Daşoguzyň binýatlaýyn sport mekdebiniň wekili Aýymjan Soltanowa Aziada-2017-niň maksatnamasyna goşulan taý boksy boýunça bäsleşiklere gatnaşmaga dalaşgärleriň biridir. Tanymal tälimçi Halyda Abdirymowanyň 18 ýaşly şägirdi sebit we döwlet derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş edýär.

Geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ýurdumyzyň saýlama çempionatynda ol 57 kg agramda çykyş edip, ikinji orny eýeledi. Şu ýylyň mart aýynda Daşoguzda bolan milli ýaryşda-da üstünlik oňa hemra boldy. Aýymjan kýokuşinkaý-karate boýunça birinjiliklerde, çempionatlarda, Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda dürli derejeli medallary eýeledi. Oňa hemmetaraplaýyn pälwan diýmekleri ýöne ýerden däl.

Daşoguzyň binýatlaýyn sport mekdebiniň tälimçileri Gurbanmyrat Saparmyradow bilen Halida Abdirymowa A. Soltanowa kýokuşinkaý-karate we taý boksynyň tehniki hem taktiki tilsimlerini öwredýärler.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby sport ussatlygyna dalaşgär Ýaňyl Kawisowa tejribeli halypa Gurbanmyrat Saparmyradowdan köp zat öwrendi. Häzir ol taý boksy boýunça ýurdumyzda iň güýçli türgenleriň biridir, onuň milli ýygyndy topara düşmäge mümkinçiligi ýokary. Ol ýokary derejeli ýaryşlarda erjellik bilen çykyş edýär. Ýaňyl geçen ýylyň oktýabrynda Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen bäşinji Aziýa kenar oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy. Kikboksing boýunça iri ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän Anahan Matýakubowa hem ussat türgenleriň biri.

Daşoguzly ýaşajyk türgenlerem iri ýaryşlarda ýokary netijelr görkezýärler. Daşoguzyň binýatlaýyn sport mekdebiniň wekili Yzzat Taýyrow şu ýylyň maý aýynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen Ýewraziýa Kubogy ugrundaky ýaryşda aşihara-karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hatarynda bürünç medal eýeledi.2001-2002-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda taý boksy boýunça Lebap welaýatynyň açyk çempionatynda Halida Abdirymowadan tälim alan Umitjan Kurambaýew (63,5 kg çenli agramda) bilen Maksat Annagylyjow (75 kg çenli agramda) ýeňiş gazandylar. Şol ýaryşda daşoguzly Dürdäne Nazargylyjowa gyzlaryň arasynda öňe saýlandy.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir