Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Fijide Baş Assambleýa Geçirildi
Fijide Baş Assambleýa Geçirildi
Fijide Baş Assambleýa Geçirildi

Fijide Baş Assambleýa Geçirildi

Nadi (Fiji) şäherinde Okeaniýa ýurtlarynyň Olimpiýa komitetleriniň hasabat-saýlaw Baş assambleýasy geçirildi, oňa şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekillerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň Baş assambleýasynyň işiniň barşynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna – Aşgabat – 2017-ä taýýarlyk görmegiň barşy baradaky giňişleýin habar bilen çykyş etdi, şeýle hem Assambleýa gatnaşyjylaryň dykgatyna Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalary we bütin ýurdumyz hem-de Aşgabat şäheri baradaky wideogörnüşler hödürlenildi.

Adalardan durýan döwletleriň sport guramalarynyň ýolbaşçylary bu tanyşdyryş çäresine uly gyzyklanma bildirdiler, sebäbi häzirki wagtda Okeaniýa ýurtlarynyň ýygyndy toparlary yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara ýokary depginlerde taýýarlyk görýärler, olar 2014-nji ýylyň noýabr aýynda V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa ýurtlarynyň milli olimpiýa komitetleriniň arasynda gol çekilen Üçtaraplaýyn ähtnama laýyklykda, bu şunuň ýaly derejedäki oýunlara ilkinji gezek gatnaşarlar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bäş aýdan sähelçe köp wagtyň galandygyny ýatladýarys.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir