Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Gara Sazaklyklar Garagumyň Ekologiýa Ulgamynda Möhüm Ähmiýete Eýedir

Gara Sazaklyklar Garagumyň Ekologiýa Ulgamynda Möhüm Ähmiýete Eýedir

Garagumyň Üňüz aňyrsynyň günbatar bölegi we „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň golaýyndaky Gaplaňgyr düzlügi türkmen tebigatynyň geň-enaýy ýerleriniň biridir. Malýap bilen Türkmen kölüniň esasy zeýkeşine guýýa Daşoguz golunyň arasyndaky tebigatyň näzik we syrly dünýäsine syn edeniňde çölüň parahat durmuşyna aşyk bolmazlyk mümkin däl. Çöle bir çyksaň onuň uç-gyraksyz giňişligine, alaň-açyk gözýetimine, ýyldyzlary petreşýän asmanyna, päkize howasyna we otlaryň hoşboý ysyna maýyl bolup, ýene bu ýerlere dolanasyň gelýär.

Bu ýerleriň birnäçe köli sepleşdirýän zeýkeşler bilen suwlylandyrylmagy süýrenjilerdir suwda ýüzýän hem-de suwuň golaýynda ýaşaýan, şeýle hem ýabany guşlar ýaly her dürli biologik köpdürliligi kemala getirýär. Kölleriň üstünde gaýmalaşyp ýören kümüşsow çarlaklara, ak we çal hokgara bakyp gözüň doýmaýar. Ganatly ýyrtyjylar–adaty göwenek, batga gulatysy, depe syçançysy hem daş-töwerege esewan edip, aw gözlegine çykandyr.Baýguşam jüýjelerine berer ýaly äwip-säwip kaňkap ýören alaka duşaýmazmyka diýip pyrlanýandyr. Säher-saba tämiz howada ýaňlanýan torgaýyň näzik owazy keýpiňi çag eder. Gyzylguýruk boz syçan, sary alaka, ýalman ýaly gemrijiler hinini gümelgelreden doldurandyr. Çakganja kawkaz we çöl hažžyklary, suwulganlardyr takyrälemler çar ýana alakjap-ylgaşlap ýörendirler. Bu ýereleriň hojaýyny çal zemzen bol haşşyldysy bilen töweregini gorkuzjak bolýarndyr.

Çöl bilen suwuň galtaşýan ýerlerinde gyrymsy ösümliklerdir jeňňeller kemala gelýär. Bu ýerlerde hyşşalar, gamyşdyr şorçaýyr örç alýar. Olaryň gapdalyndaky gara sazaklar ýerasty suw golýa ýerlerde gögerýär. Eger suw bar bolsa sazak arryk şykgy, gipsli ýada şor ýerlerde-de, ýönekeý çal toprak ýerlerde-de jöwzaly yssy tomus aýlaram şahalaryny ýaýbaň ýaýyp gök öwsüp oturandyr. Haýal ösýän gara sazakdyr ojaryň 70 we ondanam köp ýyllyk ömri bar, olar 8 metre çenli ösüp, beýleki ösümlikleri yssydadyr aňzakdan goraýarlar, şeýle hem jandarlara sümelgedir iýmit hembolup dur.

Bu taýda ownujak guşjagazlar jöwzadan gizlense, gemrijiler mör-möjek gözleýändir, sülgünlerdir towşanlar çagasyny gizlär, toýnakly haýwanlar otlamaga geler.

Sazaklaryň aşagynda, esasan tomus-güýz aýlary gögrýän bir ýyllyk otlar bolup, köpsanly oňurgasyz jandarlardan dolydyr. Gara sazak toprak-jowa şertleine çalt uýgunlaşýar. Zeňňi baba köli ýaly jülge kysmy ýerlerde gür, çal-mele toprakly gyrlarda we Gaplaňgyrda bolsa pessejikden seýrek ösýändir.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir