Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezýän taryhy senedir. Şoňa görä-de, Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýan, gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly açylýar, baý öwüşginli medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilmegi, Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň dabaraly açylmagy, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasyna başlyklyga saýlanylmagy dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygyny, şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ähmiýetiniň diňe bir biziň parahatçylygy goldaýjy Watanymyz däl-de, eýsem, tutuş halkara bileleşigi üçin hem örän uludygyny tassyklaýan taryhy wakalardyr.

Mähriban watandaşlar!

Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Biz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere hem-de many-mazmuna eýe bolýar. Durnukly ösýän şäherleriň biri hökmünde giňden tanalýan paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň täze binasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky ygtybarly hyzmatdaşlygyň özboluşly nyşanydyr.

Beýik özgertmeleriň, ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň özara düşünişmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagy babatynda giň mümkinçilikleri açýar. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň täzeden kabul edilmeginiň özi hem biziň döwletimiziň adamzadyň hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna halkara bileleşigi tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bitaraplyk ýörelgelerimize hemişe ygrarly bolmak bilen, geljekde hem diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän hoşniýetlilik, dostluk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatymyzy gyşarnyksyz alyp bararys hem-de berkarar Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrarys.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir