Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy
Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy
Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy

Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy

Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplum öz önüminiň ilkinji tonnalaryny içerki we daşarky sarp edijilere ugratdy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda ulanmaga berlen senagat toplum kaliý dökünlerini awtoulaglarda we demir ýol ulaglarynda ugradyp başlady.

Täze senagat toplumy ýüzden gowrak desgany özünde jemleýär. Çuňlugy 364 we 308 metr bolan her biriniň diametri 6,5 metr bolan dik magdan şahta guýularyny özboluşly inženerçilik desgalary hökmünde görkezmek bolar. Olaryň birinjisi alnan magdany ýokary çykarmaga, şeýle hem oňa arassa howany goýbermäge niýetlenendir. Alnan magdan özi ýöreýän kiçi wagonlaryň kömegi bilen ulgama eltilýär we ýörite nowalarda 30 tonnalyk galdyryjy enjama gelýär. Magdan ýokaryk çykarylyp ugradyjy bölüme düşýär. Ikinji şahta guýusy bolsa işgäreleriň hem-de ýüukleriň aşak ugradylmagyny we çykarylmagyny üpjün edýär.

Guýularyň duz gatlaklarynda magdan çykaryjy toplum ýerleşdirildi we beýikligi 5 metr bolan ýük hem-de ulag tunelleri çekildi. Olarda şahtaçylar we enjamlar äkidilýär. Ýerastyndaky tehnikalaryň hemmesi herekete girizildi. Kaliý duzly gatlaklary açmak, ilkinji önüm giňişligindäki çig maly taýýarlamak işlerine başlandy. Bu ýerde kaliý duzlarynyň önümçilik gatlaklary 200-den müň metre çenli çuňlukda ýerleşýär.

Garlyk käniniň dag-geologik şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, onuň gatlaklaryny işläp taýýarlamak üçin işiň oňyn gözegçilik ulgamy göz öňünde tutuldy we gatlaklaryň önümini çykarmak usuly doly mehanizmleşdirildi. Ýerasty känden her ýylda toplumyň önümçilik bölümine 7 million tonnadan gowrak magdan berler. Bu bolsa 1,4 million tonna kaliý dökünini öndürmek üçin zerur bolan möçberi üpjün eder.

Geljekde toplumyň kuwwatyny dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan kaliý dökünleriniň bir ýyldaky möçberini 4 million tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Garlyk ýatagynda kaliý duzlarynyň ägirt uly gorlary bolup, onuň mukdary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu bolsa toplumyň köp onýyllyklaryň dowamynda durnukly işini üpjün eder.

Çig maly baýlaşdyrmak üçin kuwwatly flotasiýa fabrigi guruldy. Degirmenlerde magdan uradylýar we suw hem-de reagentler bilen garylýar. Soňra flotasiýa maşynlaryna berilýär. Ondan alnan önüm utgaşdyryjy we seperasiýa bölümine düşýär. Bu ýerde ähli artykmaç serişdeler aýrylyp, kaliý hloridli külke ýörite filteriň üstünden geçýär. Bu ýerde önümiň suwy aýrylyp guradylýan we tokgalanýan bölüme düşýär. Soýra bolsa taýýar önümler ammaryna ugradylýar.

“Belgorhimprom” Açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş potratçy bolmagynda türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde täze desgalar toplumynyň gurluşygynda ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplum üçin kuwwatly energiýa, suw we gaz üpjünçilik binýady döredi ldi. Onuň çäginde döwrebap inženerçilik ulag-aragatnaşyk we beýleki düzümleriň giň ulgamy çekildi. Işgärleriň ýokary öndürijildikli zähmeti, dynç alşy we ýaşaýşy üçin zerur amatly şertler döredildi.

Täze senagat toplumy Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde ägirt uly ähmiýetlidir. Ol Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň ýokary hilli kaliý dökünlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, onuň belli möçberini dünýä bazarlaryna ugratmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir