Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / GDA-nyň Synçylar Topary: Saýlaw Möwsümi Açyk Bäsdeşlik Ruhunda we Ýokary Guramaçylyk Derejesinde Geçýär
GDA-nyň Synçylar Topary: Saýlaw Möwsümi Açyk Bäsdeşlik Ruhunda we Ýokary Guramaçylyk Derejesinde Geçýär
GDA-nyň Synçylar Topary: Saýlaw Möwsümi Açyk Bäsdeşlik Ruhunda we Ýokary Guramaçylyk Derejesinde Geçýär

GDA-nyň Synçylar Topary: Saýlaw Möwsümi Açyk Bäsdeşlik Ruhunda we Ýokary Guramaçylyk Derejesinde Geçýär

Türkmenistanyň Mejlisi 2016-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda kabul eden karary bilen 2017-nji ýylyň 12-nji fewralyny Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlar güni diýip kesgitledi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (mundan beýläk – Merkezi topar) çagyrmagy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylar topary (mundan beýläk – Topar) Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna (mundan beýläk- saýlawlar) taýýarlyk görmek hem-de geçirmek işlerine syn edýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletlerde geçirilýän Prezident we parlament saýlawlarynda, şeýle hem sala salşyklarda GDA-dan bolan Synçylar topary hakynda düzgünnama laýyklykda, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynda GDA-nyň Ýerine ýetiri komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewi Toparyň ýolbaşçysy hökmünde belledi.

Toparyň düzüminde Azerbaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara assambleýasyna, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän synçylaryň 73-si işleýär.

Synçylaryň hatarynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň milli parlamentleriniň deputatlary, Merkezi saýlaw toparlarynyň başlyklary we agzalary, diplomatik düzümiň wekilleri bar.

Topar 2017-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda saýlaw möwsümine syn etmäge girişdi. Synçylaryň 10-sy uzakmöhletleýin esasda işleýärler.

Toparyň agzalary saýlawlara syn etmegiň çäklerinde Merkezi toparyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Prezidentiň wezipesine dalaşgär D.Orazow bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýolbaşçylary, Prezidentiň wezipesine dalaşgärleriň käbiriniň ynanylan adamlary bilen saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsüm barada pikir alşyldy.

GDA-dan bolan synçylar özbaşdak we garaşsyz Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý edip, saýlawlaryň barşyna goşulman hem-de döwletiň özygtyýarlylygyna hormat goýmak bilen işleýärler.

Toparyň işleri metbugatda, tele we radio ýaýlymlarda giňden beýan edilýär.

Arkalaşykdan bolan synçylar Türkmenistanda saýlawlara syn etmek üçin zerur şertleriň döredilendigini belleýärler. Munuň özi saýlawlaryň açyklygyna we aýanlygyna şaýatlyk edýär.

Saýlawlary geçirmek üçin kanunçylyk binýady

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi (mundan beýläk – Kodeks) hem-de Merkezi toparyň kararlary saýlawlary geçirmegiň hukuk esasyny düzýär.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek düýpli rejelenen saýlaw kanunçylygynyň esasynda amala aşyrylýar.

2016-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi, oňa laýyklykda, Prezidentiň wezipesine 70 ýaşa çenli çäklendirme aradan aýryldy hem-de ýokary döwlet wezipesinde işlemegiň möhleti 5 ýyldan 7 ýyla çenli artdyryldy.

Saýlaw ulgamyny has-da demokratiýalaşdyrmak maksady bilen 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi güýje girizildi.

2011-nji ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda” güýjüni ýitiren Kanun bilen deňeşdireniňde, Kodeks täze girizilen düzgünleriň birnäçesini öz içine alýar. Olardan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna degişli esasy düzgünler şular bolup durýar:

Prezidentiň wezipesine dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlar toparlaryna degişlidir;

ählumumy tanyşdyrmak üçin saýlawçylaryň sanawlaryny bermegiň möhleti 10 günden 15 güne çenli uzaldyldy;

Prezidentiň wezipesine dalaşgärleri görkezip başlamagyň möhleti 45 günden 60 güne çenli, olary bellige almagyň möhleti bolsa 35 günden 50 güne çenli uzaldyldy;

wagyz etmek hukugy Prezidentiň wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna berildi;

Prezidentiň wezipesine dalaşgär milli synçylary bellemek hukugyna eýedir.

Toparyň bilermenleri Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygyna seljerme geçirdiler hem-de onuň demokratik saýlawlary babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýändigi hem-de saýlawçylaryň öz isleglerini erkin we açyk beýan etmegini üpjün etmek üçin hukuk esasy bolup durýandygyny belleýärler.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça saýlaw toparlarynyň işleri

Saýlawlary guramak we geçirmek işlerini:

Merkezi topar;
welaýatlaryň saýlaw toparlary;
etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlary;
uçastok saýlaw toparlary (UST) amala aşyrýarlar.

Merkezi toparyň, beýleki saýlaw toparlarynyň hukuk derejesi we ygtyýarlyklary Kodeks bilen kesgitlenilýär.

Merkezi topar 2014-nji ýylyň oktýabrynda 15 adamdan ybarat düzümde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi.

Merkezi toparyň başlygy Türkmenistanyň Mejlis tarapyndan tassyklanyldy.

Welaýatlaryň saýlaw toparlary Merkezi topar tarapyndan 9-13 adamdan ybarat düzümde döredildi.

Etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat saýlaw toparlary tarapyndan 11-15 adamdan ybarat düzümde, UST degişli etrap toparlary tarapyndan 5-15 adamdan ybarat düzümde döredildi.

Ähli saýlaw toparlary 5 ýyl möhlet bilen döredildi.

Welaýat saýlaw toparlarynyň jemi 6-sy, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň 69-sy hem-de uçastok saýlaw toparlarynyň 2587-si döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň raýatlary saýlawlar güni daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 39-synda ses bermek mümkinçiligine eýe boldular.

Merkezi topar saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de geçirmek boýunça işleri guramaçylykly we yzygiderli alyp barýar.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy kabul edildi.

2016-njy ýylyň noýabrynda Merkezi topar saýlaw kanunçylygy babatda bilermenleriň gatnaşmagynda welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlaryny geçirdi. Tälim beriş okuwlarynda toparlaryň agzalarynyň hukuk bilimlerini has-da artdyrmak, saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek we olara üýtgetmeleri girizmek, öňünden ses bermegi hem-de saýlawlar güni ses bermegi, saýlaw uçastoklaryny üpjün etmegi guramak meselelerine garaldy.

Kodeksiň kadalarynyň ýeke-täk görnüşde ulanylmagyny üpjün etmek üçin welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary, etrap, şäher saýlaw toparlary hem-de uçastok saýlaw toparlary üçin Merkezi topar tarapyndan saýlawlary guraýjylara işde kömek üçin zerur bolan usulyýet düşündirmeleri hem-de saýlaw resminamalarynyň nusgalaryny öz içine alýan gollanmalar neşir edildi. Bulardan başga-da, ýatlatmalaryň, gollanmalaryň, ýygyndylaryň we beýleki neşir önümleriniň 13 görnüşi taýýarlanyldy.

Merkezi topar ilkinji gezek internet ulgamynda ýöriteleşdirilen saylav.gov.tm, saýtyny döretdi, bu saýt saýlawlar möwsümini habarlar bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu saýt kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna, saýlawlar bilen bagly täzeliklere, milli saýlaw ulgamynyň aýratynlyklary barada düşündiriş berýän seljerme maglumatlaryna elýeterliligi üpjün edýär.

Topar Merkezi toparyň açyk we aýdyň işleýändigini belleýär. Onuň çözgütleri toparlaýyn, erkin we açyk ara alyp maslahatlaşmagyň esasynda kabul edilýär.

Saýlawlara syn etmegiň çäklerinde GDA-dan bolan uzakmöhletleýin synçylar Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde uçastok saýlaw toparlarynyň işleri bilen tanyşdylar. Synçylaryň baryp gören saýlaw uçastoklarynda saýlawçylaryň sanawlary düzüldi, Prezidentiň wezipesine dalaşgärler hakynda maglumat berýän habarlar ýerleşdirildi. Uçastok toparlary döwrebap aragatnaşyk serişdeleri hem-de guramaçylyk tehnikalary, hukuk we usulyýet edebiýatlary, ulaglar bilen üpjün edildi.

Toparyň wekilleri saýlaw toparlarynyň agzalarynyň işe ussatlygyny, resminamalary sowatly resmileşdirýändigini belleýärler, munuň özi Merkezi toparyň saýlawlary guraýjylara bilim bermek boýunça işi göwnejaý ýerine ýetirýändigine şaýatlyk edýär.

Toparyň pikirine görä, Merkezi hem-de aşakdaky toparlaryň işleri saýlaw möwsüminiň başlanan pursadyndan tä tamamlanýança, ýurduň saýlaw kanunçylygynyň kadalarynyň doly berjaý edilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Saýlawçylaryň sanawy

Saýlawçylaryň sanawyna saýlawlaryň geçirilýän güni 18 ýaşa ýeten, hemişelik ýa-da uzak wagtyň dowamynda (saýlawlara çenli soňky üç aýdan az bolmadyk wagtyň dowamynda) şu saýlaw uçastogynyň çäklerinde ýaşaýan hem-de saýlaw hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň raýatlary girizildi.

Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleri kanun tarapyndan kesgitlenen möhletiň dowamynda degişli ýerlerde ýaşaýan saýlawçylar barada maglumatlary uçastok saýlaw toparyna berdiler.

Raýatlara degişli uçastok saýlaw toparynyň otaglarynda saýlawlar gününe çenli azyndan 15 gün galandan gijä goýman saýlawçylaryň sanawy bilen tanyş bolmaga, oňa girizilen maglumatlaryň dogrudygyny barlamaga mümkinçilik döredildi.

Sanawa girizilmändigi, nädogry girizilendigi ýa-da sanawdan aýrylandygy, sanawda saýlawçy baradaky maglumatlaryň görkezilişinde ýol berlen nätakyklyklar barada şikaýat etmäge her bir raýat hukuklydyr.

Sanawlary doly we ygtybarly barlamak, saýlawçylar barada maglumatlary anyklamak üçin uçastok toparynyň agzalygyna jemgyýetçilik, raýat ýagdaýynyň resminamalaryny hasaba alyş düzümleriniň wekilleri çekildi, olar howlular we öýler boýunça aýlanmagy amala aşyrdylar.

Synçylar toparynyň pikiri boýunça saýlawçylaryň sanawyny düzmek we takyklamak işleri ählumumy saýlaw hukugynyň ýörelgelerini amala aşyrmak maksady bilen Kodekse laýyklykda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak

Türkmenistanda doglan, ýaşy 40-dan pes bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky 15 ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlenip bilner.

Kodekse laýyklykda dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, şeýle hem 50 adamdan az bolmadyk raýatlaryň toparlaryna degişlidir.

Geçirilýän saýlaw çäresinde syýasy partiýalaryň üçüsi—Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýa ilkinji gezek Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek hukugyndan peýdalandylar.

Dalaşgärleriň Prezidentlige hödürlenilmegi 2016-njy ýylyň 14-nji dekabryndan 2017-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli geçdi.

Syýasy partiýalardan Prezidentlige dalaşgärler olaryň merkezi guramalary tarapyndan hödürlenildi; raýatlar toparyndan Prezidentlige dalaşgärler saýlawçylaryň goluny ýygnamak arkaly hödürlenildi.

Syýasy partiýalar kodeksde kesgitlenen möhletlerde maslahatlary geçirdiler.

Olarda Prezidentlige dalaşgärler hödürlenildi hem-de degişli resminamalar Merkezi topara iberildi.

Şeýle hem Merkezi topar Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek boýunça raýatlaryň teklipçi toparlarynyň 6-syny bellige aldy.

Raýatlaryň teklipçi toparlary üçin Merkezi topar ýatlatma, şeýle hem zerur resminamalaryň nusgalaryny taýýarlady.

Teklipçi toparlar Prezidentlige dalaşgäri goldamak üçin raýatlaryň gollaryny ýygnamagy raýatlaryň ýaşaýan, iş, gulluk we okaýan ýerlerine aýlanmak arkaly, saýlawyň öň ýanyndaky çärelerde, kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ýerlerde bökdençsiz amala aşyrdylar.

Gol çekilýän kagyzlar Prezidentlige dalaşgäri goldaýan saýlawçylaryň 10 000-den az bolmadyk gollaryny özünde saklamalydyr.

Kodeksde kesgitlenen möhletlerde teklipçi toparlar gol çekilýän kagyzçalary degişli etraplaryň, şäherleriň saýlaw toparlaryna barlaga berdiler.

Prezidentlige dalaşgäri goldaýan gol çekilýän kagyzçalar barlagyň netijenamasy bilen birlikde Merkezi topara berildi.

Merkezi topar syýasy partiýalar we teklipçi toparlar tarapyndan hödürlenen resminamalara garap, M.Annanepesowy, D.Annaýewi, B.Atalyýewi, G.Berdimuhamedowy, R.Durdyýewi, M.Gurbanowy, S.Jelilowy, S.Nurnepesowy, D.Orazowy Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde bellige aldy.

Synçylar toparynyň pikiri boýunça, Prezidentlige dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak giň bäsdeşlik esasynda, Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda amala aşyryldy.

Saýlawyň öňündäki wagyz işleri we saýlaw çäreleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi

Prezidentlige dalaşgärleriň wagyz işleri olaryň bellige alnan pursadyndan başlady we 2017-ni ýylyň 10-njy fewralynda tamamlanar.

Prezidentlige dalaşgärlere tölegsiz tertipde deň şertlerde:

“Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras”, “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda 370 minut efir wagty;

“Türkmenistan” (“Tv-4”) teleýaýlymynda 120 minut efir wagty;

“Watan” radioýaýlymynda 60 minut efir wagty;

“Çar tarapdan” radioýaýlymynda 15 minut efir wagty;

“Owaz” radioýaýlymynda 30 minut efir wagty;

“Türkmenistan”, “Neýtralnyý Turkmenistan”, “Watan”, “Nesil”, gazetleriniň sahypasynda çap meýdany;

Ähli welaýatlaryň we paýtagtyň gazetlerinde (“Aşgabat”, “Ahal durmuşy”, “Balkan”, “Daşoguz habarlary”, “Türkmen gündogary”, “Maru-şahu jahan”) çap meýdany berildi.

Merkezi toparyň karary bilen Prezidente dalaşgärleriň telewideniýe boýunça çykyşlarynyň tertibi tassyklanyldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri täzelik habarlarynda we beýleki habar serişdelerinde Prezidentlige dalaşgärleriň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny beýan etmek üçin dowamlylygy we möçberi boýunça deň şertlerde mümkinçilik döretdiler.

Saýlaw toparlary hem-de döwlet häkimiýetiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümleri, kärhanalaryň, edaralaryň ýolbaşçylary dalaşgärleriň hem-de olaryň ynanylan adamlary bilen ilatyň duşuşygyny we ýygnanyşygyny guramagy üpjün etdiler.

Bu maksatlar üçin Medeniýet öýleri we köşkleri, mekdepleriň hem-de kärhanalaryň mejlisler zaly peýdalanyldy.

Prezidentlige dalaşgärler we olaryň ynanylan adamlary özleriniň saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamalaryny düşündirmek üçin saýlawçylar bilen duşuşyklar, ýygnanyşyklar geçirýär. Olar merkezi hem-de sebit tele we radioýaýlymlarynda giňden beýan edilýär. Duşuşyklar ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtda geçirilýär.

Synçylar topary saýlawlaryň guramaçylary tarapyndan görlen çäreleriň wagyz işlerini erkin ýagdaýda geçirmäge, oňa gatnaşýanlaryň saýlawçylary saýlawyň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini belleýär.

Jemgyýetçiligi giňden habardar etmek maksady bilen saýlawlara taýýarlygyň ähli tapgyrlary we saýlawlaryň geçişi barada ilkinji gezek Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi “Türkmenistan: Altyn asyr” internet serişdesinde “2017. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary” sahypasyny döretdi. Onda onlaýn ýagdaýda saýlawlara taýýarlyk boýunça ähli zerur maglumatlary almak mümkin.

Merkezi toparyň ýolbaşçylary merkezi metbugat neşirleriniň sahypalarynda, tele we radioýaýlymlarda ýurduň ilatyna saýlawlara taýýarlygyň barşy barada yzygiderli maglumat berýär, milli saýlaw kanunçylygynyň aýratynlyklaryny düşündirýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, merkezi we sebit metbugat neşirleriniň sahypalarynda, habarlar teleprogrammalarynda saýlawlar mowzugy yzygiderli esasda şöhlelendirilýär.

Tele we radio ýaýlymlarynda saýlawlar öňünden ses bermegiň we saýlawlar güni ses bermegiň tertibi barada, saýlaw býulletenlerini doldurmagyň tertibi maglumat berýän rolikler görkezilýär.

Merkezi topar Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde bu ugur boýunça şekilli görnüşleriň 15-sini taýýarlady.

Ýurduň ilatly nokatlarynda saýlawlaryň seneleri görkezilen plakatlar ýerleşdirildi.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Merkezi toparyň buýurmasy boýunça Prezidentlige dalaşgärler barada maglumatly serişdeleriň 20 müňden köprägi taýýarlandy hem-de saýlawçylaryň ýaşaýan ýerlerine ýaýladyldy we jemgyýetçilik ýerlerdäki diwarlyklara ýerleşdirildi.

Uçastok saýlaw topary saýlawçylara ses bermegiň senesi, ýeri we wagty görkezilen saýlawlara çakylyklary ýollaýar.

Synçylar toparynyň pikirine görä, raýatlara Prezidentlige dalaşgärler barada, saýlaw çäreleriniň tapgyrlary we barşy barada ygtybarly we adalatly maglumatlary almak üçin mümkinçilik döredilipdir.

Kodekse laýyklykda saýlawlar güni öz ýaşaýyn ýerlerinde ses bermek mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndan 11-nji fewralyna çenli sagat 08.00-dan 18.00-a çenli saýlaw uçastoklarynda öňünden ses berip bilerler.

Öňünden ses bermeklik uçastok saýlaw toparynyň azyndan iki agzasynyň gatnaşmagynda geçirilýär.

Doldurylan saýlaw býulleteni öňünden möhürlenen saýlaw gutylaryna goýberilýär. Synçylar toparynyň wekilleri öňünden ses bermegiň geçirilişini synladylar hem-de onuň kodekse laýyklykda amala aşyrylýandygyny hasaba aldylar.

***

Synçylar toparynyň pikirine görä, saýlaw çäreleri parahat ýagdaýda, açyk bäsdeşlik esasynda, adalatly hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär.

Synçylar topary özüniň ahyrky netijelerini we bahalaryny saýlawlaryň monitoringiniň jemleýji resminamasynda beýan eder.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir