Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Göz Keselleri Ylmy-Kliniki Merkezinde Ilkinji Operasiýalar Şowly Geçdi
Göz Keselleri Ylmy-Kliniki Merkezinde Ilkinji Operasiýalar Şowly Geçdi
Göz Keselleri Ylmy-Kliniki Merkezinde Ilkinji Operasiýalar Şowly Geçdi

Göz Keselleri Ylmy-Kliniki Merkezinde Ilkinji Operasiýalar Şowly Geçdi

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Lukmançylyk döwlet uniwersitetiniň döwrebaplaşdyrylan we täzeden enjamlaşdyrylan Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy.Täzelenen bina bir günde göçüp baran uniwersitet hassahanasynyň hünärmenleri näsaglary kabul edip başladylar. Merkeziň işläp başlan ilkinji gününde operasiýalaryň dördüsi-meýilnamalaşdyrlanlardan üçüsi we bir gyssagly operasiýa geçirildi. Olaryň ikisi fakoemulsifikasiýa usuly bilen ýorkany aýyrmak, biri-gara suw inmesine garşy operasiýady. Dördünjisi gaýragoýulmasyz kömek bölüminde alty ýaşly çaga şikest ýetmegi sebäpli göz älemgoşarynyň ýyrtylmagy sebäpli geçirildi.

Göz keselleri ylmy-kliniki merkezinde çagalaryň görejini goramak boýunça iki otag hereket edýär. Olardaky enjamlar şol bir wagtyň özünde keseli anyklamaga we oňa bejergi bermäge mümkinçilik berýär. Merkezde çagalaryň göz kesellerini bejermek, umumy göz keselleri, gaýra goýulmasyz kömek, lazer bilen bejermek we kliniki laboratoriýa ýaly bäş bölüm bar.

Çagalar bölüminde çagalar doga göz kemligi-ýorka külterlemegi, gara suw inmegi, aşa şowakörlük, göz setçatkasynyň, gözüň içerki bardasynyň deregenaratiw üýtgemegi, çişleriň ähli görnüşleri ýaly kesellere bejergi alyp bilerler. Gözüň umumy keselleri bölümi durmuş taýdan goraglylyga mätäç raýatlara niýetlenendir. Bu ýerde olara zerur bejergi mugt geçirilýär.

Gaýra goýulmasyz kömek bölüminde gije-gündiziň dowamynda gözüne şikest ýeten, gara suw inmäniň ýitileşmegi we göz damarlaynyň bozulmalary ýaly näsazlyklar ýüze çykanda çagalara-da, ulylara-da hyzmat edilýär.

Adybir bölümde lazer bilen bejerişiň ähli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Hirurgiýa böleginde operasiýa otaglarynyň altysy bar. Iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan laboratoriýa gematologik, immunoferment seljermeler geçirmäge , bakterial we wirusly ýokanç keselleri ýüze çykamaga mümkinçilik berýär. Barlaglaryň gözýaş kristallografiýasy ýaly täze usuly gözüň onkologik kesellerini, şikest ýetmeden soňky beterlemesini we süýji keseliniň ýaramaz netijelerini anyklamaga mümkinçilik berer.

Meňzeş Täzelikler

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir