Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär
Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär
Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär

Gündogar Sebitiň Taryhy-Medeni Mirasy Alymlaryň Ünsüni Özüne Çekýär

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nabat Meläýewanyň ýolbaşçylygynda türkmen alymlarynyň topary Lebap welaýatyna etnografiki saparda boldylar.

Galkynyş etrabynda gyzykly maglumatlar toplanyldy. Ozal bu ýere Dänew diýilýärdi, ýerli gojalar Ahmet Abdrahmanow bilen Hemra Pirliýew onuň toponimikasy we etimologiýasy barada gürrüň berdiler.

Bu sebitde garrylyk ýaşyna ýeten aýallary mübärekleýän gadymdan galan „leçek toý“ däbi bar. Göýnük obasyndan ýaşy 90-dan aşan Miwegül Nazarowanyň tagallasy bilen aýratyn milli tagamlar taýýarlanylýan özboluşly dabara wideosurata düşürildi.

Galkynyş etrabynyň merkezinde alymlar „Altyn zehin“ folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy Tagan Giçgeldiýew bilen tanyşdylar. Bu döredijilik toparynda dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň otuza golaýy bar. Özem olar diňe bir etrap merkeziniň däl, eýsem golýadaky obalaryň adamlarydyr.

Çeper höwesjeňler ata-babalardan galan özboluşly aýdym-saz mirasy aýawly gorap saklaýarlar. Tagan Giçgeldiýew, hususan-da, myhmanlara „Helese“ we „Sedire“ halk tanslary, olaryň manysy barada gürrüň berdi.

Birata etrabyndaky Dargangala diňe bir alymlaryň ünsüni özüne çekmeýär. VII-VIII asyrlara degişli bu gala 8 gektar ýri eýeleýär, ýerli ilatyň oňa „Könegala“ diýmegi-de ýöne ýerden däldir. Ol Amyderýanyň aşak boýunda Merkezi Aziýanyň demirgazygyndaky taryhy-medeni Horezmiň hatarynda bolup, ähmiýeti boýunça Ürgençden soň ikinji şäher hasaplanylypdyr, Seljuk-türkmenleriniň döwletiniň hataryna geçenden soň bolsa ol pajarlap ösüpdir. Amyderýadan amatly geçelgäniň ugrunda ýerleşmegi-de onuň ösüşine oňyn ýardam edipdir.

XIII asyrda mongollaryň çozuşy netijesinde Dargangala weýran bolupdyr. Häzirki wagtda bu taryhy ýadygärlik döwlet tarapyndan goralýar. Belent depede ýerleşýän gala oňaýly basgançak arkaly çyksa bolýar. Etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary çagalary bu ýere gezelenje getirýärler.

Seýdi şäherinde alymalr dutar ussalary bilen duşuşdylar.

Meňzeş Täzelikler

Nebithimiýa, Dokmaçylyk we Buýan Önümleri Biržanyň Esasy Satylan Harytlary Boldy

Nebithimiýa, Dokmaçylyk we Buýan Önümleri Biržanyň Esasy Satylan Harytlary Boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir