Baş Sahypa / DURMUŞ / Halk Hakydasy
Halk Hakydasy
Halk Hakydasy

Halk Hakydasy

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda, şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň çäginde dabaraly harby ýörişe we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge işjeň gatnaşan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly ýubileý medalyny gowşurmak dabarasy boldy. 

Degişli Permana gol çeken Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça edermen Watan goragçylaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Döwletimiziň Garaşsyzlygyny berkitmek we gorap saklamak, çäk bitewiligini, konstitusion gurluşyny goramak, Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak, raýatlaryň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny üpjün etmek, şeýle hem Watan goragçylaryny mertlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işine saldamly goşant goşandygy üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan 35 sany harby gullukçy bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldular.

Dabaranyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde mähriban Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylygyň mukaddes kasamy ýerine ýetirildi.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir