Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi
Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi
Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi

Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi

Ýakynda merkezi metbugatyň sahypalarynda Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Türkmenistan bilen degişli Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda geçirilen 2017-nji ýylda geňeşleriňgnetijeleri barada metbugat-maslahaty çap edildi.

Bu iri düzümiň wekilleri Aşgabatda bolmagyň çäklerinde resmi edaralar bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amalda aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Öňe sürlen statistik we maliýe maglumatlarynyň esasynda Halkara pul gaznasynyň topary ýörite çykyş taýýarlady. Onda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen kabul eden çökgünlige garşy çäreler toplumyna oňyn baha berilýär.

Maglumat habarlarynda tebigy gazy iri öndüriji bolup durýanTürkmenistanyň çylşyrymly daşky şertlere, şol sanda nebitiň we gazyň bahasynyň pese gaçmagyna, söwda boýunça hyzmatdaşlyk edilýän ýurtlaryň ykdysady işjeňliginiň peselmegine uýgunlaşmagyny üstünlikli dowam edýändigi kanagatlanma bilen nygtalýar.

Bilermenleriň netijelerine laýyklykda, soňky iki ýylyň dowamynda ösüş depgini ortaça 6 göterimden ýokary bolup, durnukly saklanýar. Tebigy gazyň Hytaýa ekspert edilen möçberleriniň ýokarlanmagy, karzlandyryş syýasatynyň, urdumyzy senagatlaşdyrmak strategiýasynyň ösmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegi we eksport ugurlarynyň artdyrylmagy bu görkezijiniň saklanmagyny şertlendirýän möhüm ýagdaý hökmünde görkezildi. Şol bir wagtyň özünde döwlet býujetiniň defisiti pes derejede saklanýar. Munuň özi jemi içerki önümiň 1 ¼ göterimine deň boldy. Daşary söwda dolanyşygyndaky ýetmezçiligi jemi içerki önüme bolan gatnaşykda 21 göterime çenli artdy.

Şeýle hem Halkara pul gaznasynyň metbugat maslahatynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işine oňyn baha berilýär. Şunlukda, bu syýasata döwrüň ýagdaýyna we dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýillerine, hususan-da, nebite we gaza bolan bahanyň peselmeginiň nazara alynmagynda degişli düzedişler girizildi.

Bilermenler topary döwlet maýa goýumlaryny azaltmak, milli puluň hümmetini tapgyrlaýyn peseltmek hem-de jemagat hyzmatlarynyň bahalaryny bir gezekleýin ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen çäreleriň netijeliligini belleýär. Şunlukda, milli önümçilik binýadynyň döredilmegi, gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagy, täze turba geçirijileriň gurluşygy, nebithimiýa senagatynyň ösüşi, uglewodorod serişdelerinden başga-da tebigy serişdeleri gaýtadan işleýän ulgamyň giňeldilmegi we hususy pudagyň ösüşine goldaw berilmegi boýunça amala aşyrylýan giň möçberli meýilnamalara ähmiýet berilýär.

Metbugat maslahatynda bellenilişi ýaly, daşarky oňaýsyz şertleriň bardygyna garamazdan 2017-nji ýylda ösüşiň 6,5 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.
Umuman, soňky iki ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan durnukly ösüşe goldaw bermek we daşarky oňaýsyz ýagdaýlara uýgunlaşmak boýunça kabul eden çärelerine oňyn baha berip, Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi ählumumy ösüşiň ynamly we durnukly ýagdaýyny üpjün etmek boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 6-njy iýunynda geçirilen maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň häzirki tapgyryna giňişleýin seljerme geçirendigini bellemeli.

Milli Liderimiz öz çykyşynda anyk makroykdysady syýasatyň geçirilmegi döwlet işini kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Öňde boljak işleriň esasy ugurlarynyň hatarynda Konstitusiýa laýyklykda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçmegini tizleşdirmek kesgitlendi. Býujet, salgyt we beýleki birnäçe möhüm ugurlarynyň üýtgedip guralmagynyň zerurdygyna ähmiýet berildi.

Halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän wezipeleri halkara bilermenleriniň teklip edýän anyk çäreleri bilen utgaşýar. Munuň özi durmuş ulgamyny nazarlaýan bazar ykdysadyýetiniň milli usulynyň içerki bähbitleri we dünýä bileleşigine goşulmak ýagdaýlarynyň umumy meýillerini nazara almak bilen döredilýändigini we kämilleşdirilýändigini äşgär edýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpugurly ykdysadyýet uzakmöhletleýin geljege durnukly bolup biler. Şunuň bilen baglylykda amala aşyrylýan döwlet syýasaty täzeçil tehnologiýalara esaslanýan ykdysady gurşawyň döredilmegine gönükdirilendir. Türkmen döwletiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulmagy ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berýär. Ulag we aragatnaşyk ugurlary, bazar düzümleri halkara ülňülerine laýyklyk getirilýär. Ykdysady, hukuk kepillikleri, maýa goýumlary çekmek üçin döredilýän şertler ösdürilýär.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport möçberlerini artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan senagat strategiýasy uglewodord serişdelerine bagly bolmadyk pudaklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Karzlaşdyrmak we maksada laýyk bolmadyk serişdeleri azaltmak syýasaty milli ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamaga mümkinçilik berdi.

Bilermenleriň pikirine görä, bu tapgyrdaky alyş-çalyş hümmetiniň peseldilmegi esaslandyrylandyrylandyr. Bu çäre beýleki özgertmeler bilen bir hatarda eksporty ugur edinýän pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň berkidilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň harytlarynyň daşarky bazarda bolşy ýaly, içerki bazarda baha babatdaky deňeçer derejesini üpjün edýär. Şeýle hem ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini höweslendirýär.

Halkara pul gaznasynyň maglumat habarynda adam kapitalynyň durmuş goraglylygynyň we ösüşiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň bazar gatnaşyklaryna tarap ýoldaky ösüşiniň her tapgyrynyň ilata durmuş goldawuny bermek boýunça anyk çäreler bilen utgaşýandygyny bellemedi. Umuman býujet ulgamynyň ýakyn geljek üçin özgerdilmegini mözüm wezipeleriň hatarynda goýup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň öz borçlaryny degişli derejede ýerine ýetirmeginiň hemmetaraplaýyn utgaşykly býujet ulgamy esasynda mümkindigini belledi. Şeýle hem ol durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrmak üçin möhümdir.

Soňky ýyllarda birnäçe gezek beýan edilen statistiki maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň ägirt uly möçberleri bilim, ýaşaýyş jaý hojalygy, saglygy goraýyş, Pensiýa gaznasy ýaly ugurlara gönükdirilýär. Şeýle hem durmuş ösüşiniň görkezijileriniň ýokary derejesi aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek puldarynyň we talyp haklarynyň, baha syýasatynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň hasabyna üpjün edilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan hususy pudagyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup burýar. Konstitusiýanyň rejelenen görnüşinde döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam berýändigi hakyndaky kadalar anyk kesgitlenildi. Döredilýän hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmegiň, telekeçilik işini bellige almagyň tertibini we ygtyýarlylandyrylmagyny ýönekeýleşdirmegiň, ýeňillikli karz serişdelerini bermegiň bardygyny bellemeli.

Netijeli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde bilelikdäki we daşary ýurt kompaniýalarynyň goşulan baha üçin salgydynyň ýokarlanmagyny Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň halkara ulgamyna goşulmagyny üpjün edýär. Amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegini şertlendirýär. Şeýle edaralar nebit-gaz, gurluşyk, dokma pudaklarynda, şeýle hem ulag we aragatnaşykda döredildi.

Halkara pul gaznasynyň esasy teklipleriniň hatarynda ýurdumyzyň býujet, maliýe we daşary ykdysady statistikasynyň giňden ýaýradylmagy esasy orny eýeleýär. Şunlukda, ýurdumyzda bu ugruň kämilleşdirilmegine, hereket edýän ulgamyň döwlet häkimiýet we dolandyryş, şeýle hem statistika maglumatlaryny ulanýan beýleki edaralaryň işini üpjün etmek maksady bilen dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine uly üns berilýär. Bilermenleriň pikirine görä, munuň özi ähli gyzyklanma bildirýän toparlara ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýlaryna, döwlet edaralarynyň meýillerine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer we daşary ýurt maýadarlaryny höweslendirer hem-de dünýä maliýe bazarlaryna bolan utgaşmany ýeňilleşdirer.

Maglumat habarlaryndan görnüşi ýaly, Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň hökümetiniň makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe pudagyny üýtgetmek we uzakmöhletleýin durnukly ösüş üçin hususy pudagyň işini giňeltmek maksady bilen alyp barýan tagallasyna goldaw berýär.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir