Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hindi Pälwanlary Ýokary Derejede Geçiriljek Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar
Hindi Pälwanlary Ýokary Derejede Geçiriljek Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar
Hindi Pälwanlary Ýokary Derejede Geçiriljek Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar

Hindi Pälwanlary Ýokary Derejede Geçiriljek Aşgabat 2017-niň Oýunlaryna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda hindiler özleriniň güýçlerini görkezdiler. 2005-nji ýylda Ýapyk binalarda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň düýbi tutulandan bäri, Hindistan 25 sany altyn, 28 sany kümüş we 66 sany bürünç medallary eýelemegi başardy we ýeňijileriň sanawynda dokuzynjy orunda durýar. Sentýabrda geçiriljek Aşgabat 2017 Oýunlaryna güýçli depginde taýýarlyk görýärler.

 

Ilat sany boýunça dünýäde ikinji ýerde durýan Hindistan, ýakynda Göreş boýunça Aziýa çempionatlaryny Nýu Deli şäherinde garşy aldy we jemi bäş altyn, bäş kümüş we dört bürünç medallara eýe boldy.

Göreş sporty Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilýän Aziýa oýunlarynyň düzümine täze girizildi we sentýabrda bu oýunlaryň hatarynda ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler. Hindistan ýaryşda üstünlikli çykyş etmegi öz öňünde maksat edip goýdy.

Hindistanyň göreş federasiýasynyň baş sekretary W.N. Prasud: “Hindiastan Türkmenistana güýçli taýýarlykly ýygyndy toparyny ugradar” diýýär.

“Bu oýunlaryň düzüminde göreş ilkinji gezek geçirilýär, biz hem özümiziň iň gowy türgenlerimizi ugratmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene bir täzelikleriň biri hem Aşgabat 2017-de Okeaniýa döwletleriniň toparlary çykyş eder. Hindistanyň resmi wekilleri bu täzeçillikde Aziýa türgenleri üçin uly bähbit görýär.

Öz adymdan aýtsam, Okeaniýa döwletlerinden gelen türgenlere Aşgabat 2017-niň oýunlaryna gatnaşmaklygy gowy pikir. Bu bäsdeşlik ruhuny güýçlendirer we ähli türgenler üçin bähbitli bolar diýmegi aňladýar. Men bu gelnen netijäni doly goldaýaryn”.

Nýu Delide geçirilen Göreş boýunça Aziýa çempionatlarynda Ýaponiýa sekiz altyn, üç sany kümüş we bäş sany bürünç medallary bilen birinji orny eýelemegi başardy. Eýran (sekiz, iki, alty) we Gazagystan (iki, bäş, alty) ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

 

Prasudyň aýtmagyna görä, Aşgabatda geçiriljek Oýunlarda bu üç döwlet Hindistana ýeňiş ugrunda uly päsgelçilik dörederler.

“Ýaponiýanyň pälwan zenanlary Nýu Delide tapawutlandylar. Şeýle-de, Eýranyň we Özbegistanyň türgenleri güýçli pälwanlary bilen meşhur milletlerdigini görkezdiler. Aşgabat 2017-niň oýunlarynda hem olar öz aralarynda ýene ýaryşarlar. Biz eýýäm öz türgenlerimizi Bolgariýanyň türgenleşik lagerlerine ugradyp başladyk. Türkmenistanda gowy täsir galdyrmak üçin olar elinden gelenini edeler” diýip belleýär.

Nýu Delide hindistanly Bajrang Puniýa erkekleriň arasynda 65 kg argamda erkin göreş boýunça altyn medal bilen birinji ýeri eýeledi. Pälwan zenanlar dürli agramlar boýunça birnäçe kümüş medal eýelediler. Sakşi Malik (60kg), Diwýa Kakran (69kg), Waniş Fogat (55kg) we Sarita (58kg) dagylar mysal bolup biler.

Ählisi bolmasa-da, bularyň köpüsiniň Türkmenistandaky ýaryşlara gatnaşjakdygyny resmi wekiller bellediler.

“Häzirki wagtda bular Hindistandaky iň gowy pälwanlarydyr. Biz Delide AIMAG-yň hünärmen derejesini ýüze çykarmak boýunça ýaryşlary gurnaýarys we olaryň köpüsi geçer diýip umyt edýäris. Türkmenistan barada biz köp eşitdik, emma baryp görmek miýesser etmedi. Biz ýaryşlara sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýip, ol sözüni jemledi.

Aşgabat 2017-niň göreş boýunça ýaryşlary 25-nji we 26-njy sentýabrda Aşgabat Olimpiýa toplumynyň Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda geçiriler.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir