Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz sebiti durmuş –ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, senagat pudagynda we oba hojalygynda alnyp barylýan işlere üns berdi, şeýle hem halk hojalygynyň pudaklarynyň zähmetkeşleri bilen duşuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy hakyndaky alada giň möçberli özgertmeler syýasatyny esaslandyryjy döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda ýurdumyz ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikleri gazanyp, nurana geljege tarap ynamly gadam urýar. Hormatly Prezidentimiz sebitler boýunça yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, ýerlerde türkmen topragynyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň barşy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, bu ugurda bar bolan ägirt uly kuwwatlyklary doly derejede peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen möhüm düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşýar.

Ahal welaýatynyň çägindäki Owadandepede gurulýan we tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça döwrebap kärhanada alnyp barylýan işler öňde durýan wezipeler bilen berk baglanyşyklydyr. Bu maýa goýum taslamasy Milli ykdysadyýetimiziň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädim bolan dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gaz himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň artdyrylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz bu gezekki iş saparynyň çäklerinde täze gurulýan iri desga baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy alnyp barylýan gazhimiýa toplumyny gözden geçirmegiň barşynda bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri, kärhananyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde önümçilik desgasy iň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanar.

Kärhana “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd” we Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanai ve Ticaret A.Ş.” kompaniýalar konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen bina edilýär. Degişli resminamanyň Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň çäklerinde gol çekilendigini bellemeli. 2014-nji ýylyň awgustynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda bu kärhananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli guralan dabarada eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz bu iri senagat desgasynyň tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy boljakdygyny belledi.

Kärhana dünýäniň belli önüm öndürijileriniň, şol sanda Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň täze enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün ediler. Her ýylda 1 milliard 785 million kub metr gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanada Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli benziniň ýylda 600 müň tonnasy öndüriler. Şeýlelikde, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 1800 tonna benzin öndüriler. Şeýle hem toplumda ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňünde tutulýar. Maýa goýum taslamasynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabardyr. Kärhanany 2018-nji ýylda doly gurup ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şonda ýüzlerçe iş orunlary dörär.

Häzirki döwürde desgada işler batly depginlerde dowam edýär. Kärhanany iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gurluşyk meýdançasyna birnäçe degişli kömekçi tehniki ulgamlar getirildi. Edara ediş, önümçilik, tehniki we gazhimiýa toplumynyň beýleki maksatly desgalarynda gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär. Birnäçe desgalarda gurnama hem-de sazlaýyş işleri alnyp barylýar. Şol birwagtyň özünde täze ýokary tehnologiýaly önümçilikde işlejek hünärmenleri taýýarlamak çäreleri ýola goýuldy.

Daşary ýurtly maýadarlaryň ganaşmagynda gurulýan kärhana dünýä giňişliginde öz borjuna jogapkärli garaýan we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen iri daşary ýut işewürliginiň özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine daýanýan işjeň daşary syýasaty daşary ýurtly işewürler toparlarynyň iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, şol sanda ägirt uly senagat toplumlarynyň gurluşygy boýunça amala aşyrmak üçin giň mümkinçilik açýar.

Mälim bolşy ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň hataryna girýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. “Mawy ýangyja” hem-de ondan alynýan önümlere isleg yzygiderli artýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalar we halkara taslamalary, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz öz öňümizde ýurdumyzy senagat taýdan dünýäde iň ösen döwletleriň birine öwürmegi maksat edinip goýduk. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Önümçilige ornaşdyrylýan täzeçil tehnologiýalar esasynda nebitgaz senagatynyň täze, geljegi uly bolan pudagy – gazhimiýa pudagy güýçli depginler bilen ösdürilýär. Şunda tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça birnäçe esasy ugurlar bellenildi. Olaryň birinjisi tebigy gazyň düzüminde saklanýan propany, etany we beýleki maddalary gaýtadan işlemek ýoly bilen polietilen hem-de polipropilen öndürmek bilen baglanyşyklydyr.

Ikinji ugur bolsa gazyň düzümine girýän metany gaýtadan işläp, ondan benzin we dizel ýangyjynyň önümçiligi bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, tebigy gazdan awtoulaglar üçin zerur çalgy ýaglaryny, nebiti we gazy arassalamak üçin serişdeleri, dokma senagatynda ulanylýan sintetik süýümleri alynýar. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze kärhananyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleri, täzeçil inžener-tehniki çözgütler, öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de olary peýdalanmagyň maksadalaýykdygy we artykmaçlyklary bilen gyzyklandy.

Kärhanada tebigy gazdan benzin önümçiligi häzirki döwürde iň täzeçil usul hasaplanylýan tehnologiýa esasynda alnyp barlar. Bu ýerde häzirki zaman tehnologiýa gurnamalaryň, kömekçi desgalaryň, inženerçilik-tehniki ulgamlaryň giden toplumy bina edilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň esasy hünärmenleriniň biri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa toplumyň umumy aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, önümçilk toplumy birnäçe desgalary öz içine alýar. Olaryň birinjisi tebigy gazy kabul edýän we arassalaýan desgadan ybaratdyr. “Gündogar-Günbatar” magistral gaz geçirijisi boýunça kärhananyň çägine gelýän “mawy ýangyç” kükürt wodorod goşundylaryndan we onuň düzümine girýän beýleki garyndylardan arassalanylar. Onuň arassalaýyş derejesi serişdäniň katalizator reaktorlarynda bolmak möhletiniň işjeňligini artdyrýar.

Hormatly Prezidentimize tebigy gazyň sintezi barada gürrüň berýän degişli çyzgylar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen çyzgylar bilen tanşyp, ulanylmagy meýilleşdirilýän tehnologiýalaryň aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, olaryň netijeli işledilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleriň görülmelidigini belledi.

Hünärmen netijeli işlemek we täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin zerur şertleriň döredilendigini belläp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra tebigy gaz yzygiderlilikde gidrogenizatordan, absorberden we kükürt birleşmesinden goraýjy reaktoryndan geçýär. Şeýlelikde, gaz adiabatik görnüşindäki preriforming reaktoryna girýär. Bu ýerde kükürt birleşmesinden arassalanan tebigy gaz katalizatoryň kömegi bilen wodorod (H), uglerodyň monooksidi (CO), uglerodyň dioksidi (CO2) we metan (CH4) ýaly birleşmelerine dargaýar. Soňra reformirlenen gaz tehnologik ýagdaýda 625 derejä çenli gyzdyrylýar hem-de awtomatiki reaktora gelip gowuşýar. Awtomatiki reaktor gazdan benzin almagyň esasy ulgamy bolup durýar. Bu ýerde akym bilen gelýän gaz 1025 derejä çenli gyzdyrylýar.

Soňra ýörite sowadyjylardan geçip, doly reformirlenen sintez gazy kompressoryň kömegi bilen basyşy 91 kilograma çenli ýokarlandyryp, sintez metanol desgasyna berilýär. Bu ýerde ýörite reaktorlarda katalizatoryň kömegi bilen wodorod, uglerodyň monooksidi we dioksidi özara reaksiýa geçip, metanola öwrülýär hem-de degişli gaplarda saklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çig maly gaýtadan işlemek we ýokary hilli taýýar önüm bolan A-92 kysymly benzini almak boýunça işiň tehnologiýa aýratynlyklary hem-de jikme-jikligi bilen gyzyklanyp, toplumyň ikinji tapgyrynyň taslamasyny işläp düzmekde A-95 kysymly benzin önümçiliginiň mümkinçiligine garamagy hem tabşyrdy.

Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň esasy hünärmenleriniň biri Türkmenistanyň Prezidentini birnäçe desgalardan ybarat bolan kärhananyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy. Bu ýerde hem suw, howa, kislorod, azot, bug ýaly serişdeleriň tehnologik işi üçin zerur bolan önümçilik boýunça kömekçi gulluklary hereket edýär.

Fransiýanyň dünýäde öňdebaryjy “Air liguide” kompaniýasynyň tehnologiýalary esasynda öndürilen bu desga atmosfera howasynyň düzüminden kislorody we azody bölüp çykarmak üçin niýetlenendir. Süzgüçden geçen howa baş howa kompressorynyň kömegi bilen gysylýar we 170 derejä çenli sowadylýar. Ol rektifikasion toplumda bolsa bölünýär. Bu gurnama sagatda 100 müň kub metr kislorod we 1850 kub metr gaz görnüşindäki azody, 3900 kub metr gysylan howany öndürmäge ukyplydyr. Şeýle hem kislorody hem-de suwuk görnüşdäki azody saklamak üçin niýetlenen gaplar bar.

Mundan başga-da, zawodyň bug üpjünçiligi üçin Italiýanyň “MACCHI” kompaniýasynyň üç sany bug gazanlary gurnaldy. Olaryň ikisiniň her biriniň sagatdaky önümçilik kuwwaty 160 tonna, üçünji gazanyň kuwwaty bolsa sagatda 80 tonna barabardyr. Öndürilen bug elektrik öndüriji desgasynyň bug turbinasyna, zawodyň bug kollektoryna iberilip, zawodyň sarp ediji desgalaryna paýlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň nobatdaky desgasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiz, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak üçin möhüm ähmiýeti bolan kärhananyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Täze gurluşyk bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçilik desgalarynyň dürli ugurlary we onuň ösüşiniň geljegi bilen gyzyklandy.

Soňra “Türkmengaz” döwlet konserniniň esasy hünärmeni hormatly Prezidentimizi täze kärhananyň düzümine girýän sintetik benziniň önümçiligi boýunça tehnologiýa gurnamasy bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň dykgatyna metanolyň we benziniň sintez hadysasyny aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän ýörite çyralar hödürlendi.

Hünärmeniň belleýşi ýaly, sintez metanol desgalarynda öndürilen çig metanol degişli gaplarda saklanylýar. Soňra ol kuwwatly sorujylaryň kömegi bilen benzin reaktorlaryna iberilýär. Bu reaktorlarda ýörite katalizatorlaryň kömegi bilen metanol çig benzine öwrülýär. Ýokary gyzgynlykdaky reaktorlardan çykan çig benzin ýylylyk çalşyjy enjamlardan geçirilip, ahyrky arassalaýjy toplumyna barýar. Soňra ol gaýtadan işlenip, düzümindäki suwuklandyrylan gaz we ugurdaş önüm bolan dizel ýangyjy aýrylýar. Ekologiýa görkezijileri boýunça Euro -5 standartyna gabat gelýän ýokary hilli A-92 benzin öndürilýär we kuwwatly sorujylaryň kömegi bilen 3 sany uly göwrümli gaplara ugradylýar. Bu ýerde taýýar önümi sarp edijilere ugratmak üçin taslama laýyklykda, demir we awtomobil ýollary göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz demir ýoluň gurluşygyny çaltlandyrmak barada tabşyryk berdi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol, soňra bolsa deňiz boýunça taýýar önümi sarp edijilere ibermegiň, şol sanda dünýä bazarlaryna eksport etmegiň ykdysady taýdan iň amatly usuldygyny belledi.

Şeýlelikde, ilkibaşdaky çig maly kämil usullar arkaly ähli garyndylardan düýpli arassalamagyň täze kärhananyň tehnologik işiniň tapawutly aýratynlygydygyny bellemeli. Şonuň netijesinde ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän ekologiýa taýdan arassa önüm alynýar.

Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa meselesine Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Çünki daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ykdysady pudakda hem-de durmuş ulgamynda amala aşyrylýan milli özgertmeler maksatnamasy adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa wezipeleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hem ekologiýa wezipeleri bilen berk baglanyşyklydygyny bellemeli. Bug gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalaryna goldaw bermek bilen, Türkmenistan senagat pudagynda häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny baş maksat edinýär. “Ýaşyl ykdysadyýetiň” ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegini nazarlaýan “howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hut şu ugra gönükdirilendir.

Energetika ulgamy boýunça abraýly halkara bilermen guramalarynyň çaklamalaryna görä, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde tebigy gazyň orny geljekde yzygiderli ýokarlanar. Şunda, halkara energetika bazarynda “mawy ýangyjyň” ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň eýeleýän orny barha pugtalanar.

Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini göterijileri halkara bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny giňeltmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Gaz senagatyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi giňelýär, täze gazhimiýa önümçiligini gurmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar.

“Mawy ýangyjy” düýpli hem-de toplumlaýyn esasda gaýtadan işlemek, ondan alnan önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri esasy ugur edinýän Türkmenistan öz ornuny daşary bazarlarda tebigy gaz we çig nebit ýaly çig mal serişdelerini çykarýan däl, eýsem, düşewüntli hasaplanylýan gazhimiýa önümlerini öndürýän ýurt hökmünde has-da pugtalandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, täze gurluşyk bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli hünärmenleriň, ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanylmagynyň möhümdigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz olaryň şunuň ýaly döwrebap toplumlarda zähmet çekjekdiklerini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bu ýerde işleýän hünärmenler öz gezeginde netijeli zähmet çekmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän şeýle düzümleýin toplumyň gurulýandygy hem-de nebitgaz pudagynyň işgärleri hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we önümçilik toplumyň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün ediljekdigine ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz gurluşygy alnyp barylýan toplumyň çäginde goýlan taslamalar bilen tanyşdy hem-de bu möhüm desgada zähmet çekýän “Türkmengaz” döwlet konserniniň işgärleri, hünärmenleri bilen duşuşdy. Bu ýerde esasy hünärmenleriň biri hormatly Prezidentimizi kärhananyň gurluşygynyň Baş meýilnamasy bilen tanyşdyrdy, meýilnama işleriň möçberleri, önümçiligiň aýratynlyklary, zawodyň ýerleşiş hem-de tehnologik işleriniň ugurlary, döredilýän zähmet şertleri barada aýdyň maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz deňi-taýy bolmadyk iri toplumyň we bu ýerde oturdylýan enjamlaryň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Bedimuhamedow her ulgamyň önümçilik işi bilen gyzyklanyp, kärhananyň işleriniň döwrüň talabyna kybap ýokary halkara ülňülerine hem-de ýangyn howpsuzlygynyň berk talaplaryna laýyklykda ýola goýulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz onuň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň zerurdygy barada aýdyp, zawodda hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagynyň hem-de toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamanyň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň we gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Zawodyň düzümine Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň tehnologiýasy boýunça ornaşdyrylan birnäçe gurnama girýär. Bu sintez metalony we sintez benzini öndürmek, benziniň hilini ýokarlandyrmak boýunça sintez gaz gurnamalaryndan ybaratdyr.

Bu ýerde kömekçi desgalar –suw arassalaýjy, ýangyna garşy göreş, gysylan howanyň önümçiligi, suwuklandyrylan azot we kislorod bölümleri, tehnologiýa kondensatyny, lagym suwlaryny arassalaýan bölüm, bug gazanlary hem-de inženerçilik-tehniki düzümine degişli desgalar bar.

Çylşyrymly köpugurly önümçilik işine täzeçil tehnologiýalaryň we iň täze ýöriteleşdirilen enjamlaryň ornaşdyrylmagy tebigy gazdan alynýan benziniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirilmegine mümkinçilik berer.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desganyň zähmet topary bilen bu ýerde geçirilen söhbetdeşlikde ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň bu baýlyklary halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmaga gönükdirilen syýasaty üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, özüniň guran iş saparlarynyň, hususan-da, ýurdumyzyň tebigy gazynyň eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýan Balkan welaýatyna bolan saparynyň jemlerine ünsi çekdi.

Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek işi batly depginlerde dowam edýär. Bu möhüm gaz käninden ýurdumyzyň günbatar sebitlerine “mawy ýangyjy” ugratmaga niýetlenen “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi ulanylmaga berildi.
Şonuň netijesinde ýurdumyzda bir bitewi gaz geçiriji ulgam emele geldi we Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin zerur şertler üpjün edildi.

Ahal welaýatynda gurulýan toplum önümçilik zerurlyklary üçin “mawy ýangyjy” “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisinden alar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň tebigy gazyny diňe bir gaz geçirijileriň üsti bilen däl, eýsem, gaýtadan işläp uly islegden peýdalanýan önümleri dünýä bazarlaryna çykarýandygyny belledi. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen täze desganyň önümçilik kuwwaty ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 600 müň tonna benzin öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhananyň ulanylmaga berilmegi bilen içerki we daşarky bazaryň islegi bökdençsiz üpjün ediler.

Şeýle hem zawodyň işe başlamagy bilen 1500-den gowrak täze iş orunlary dörediler. Şunda, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan milli hünärmenleriň sany has-da artar. “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ygtyýarlandyrmasynyň esasynda gurulýan bu kärhanada Ýaponiýa, ABŞ, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Germaniýa, Daniýa ýaly ýurtlaryň ýokary tehnologiýaly önümçilik enjamlary ornaşdyrylar. Munuň özi ylmyň iň ýokary gazananlaryna laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdiriler. Şunuň ýaly birnäçe desgalaryň gurluşygyna badalga berler. Zawodlaryň we kärhanalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, durmuş maksatly desgalar yzygiderli bina ediler. Ilatyň isleg-arzuwlaryny nazara almak bilen, ýakyn wagtda ýerlerde zerur çäreler geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurulýan şu we beýleki desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine laýyk geljekdigine we bellenilen möhletlerde tamamlanjakdygyna ynam bildirdi hem-de hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işde uly üstünlik arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleriň gyzyklanýan sowallaryna jogap berdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki duşuşygynyň hem beýleki welaýatlarda dürli pudaklaryň zähmetkeşleri bilen geçirilen duşuşyklarda bolşy ýaly, möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň öňüsyrasynda guralýandygy bellärliklidir.

Duşuşykda berlen sowallaryň biri ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly döredilýän şertler barada boldy. Munuň özi bazar gatnaşyklaryna esaslanýan ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmakda has-da möhümdir. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, senagat desgalaryny hususylaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işleri yzygiderli dowam edýär. Soňlugy bilen senagat toplumy hususylaşdyrylar. Şeýlelikde, döwletimizi hususy telekeçilige daýanýan ýurda öwreris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri ýokary hilli ýaşaýyş jaýlaryny, senagat desgalaryny gurmak, oba hojalygynda, medeniýetde geljegi uly ugurlary özleşdirmek, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam bermek babatda ýokary netijeleri gazanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizde hususy telekeçiligiň ornunyň ýokarlanmagy ugrunda zerur çäreleri görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bir tarapdan telekeçiligiň ösdürilmegine zerur goldaw berilýär, beýleki tarapdan bolsa döwlet eýeçiligindäki kärhanalar azalýar, bu bolsa oňyn netije berýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tutuş ýurdumyz boýunça netijeli iş alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýaty boýunça bitirilen işler barada aýdyp, geçen ýyl bu sebitde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy kärhanalarynyň 18-sini özünde jemleýän iri Mebel toplumynyň ulanylmaga berlendigini aýtdy. Geçen ýylda türkmen telekeçileri Aşgabatda haly we haly önümleri önümçiligi boýunça kärhana açdylar. Onuň ýyllyk kuwwaty 800 müň inedördül metrden gowrakdyr. Ahal welaýatynda telekeçiler ýylda 4 million LED lampalaryny öndürýän önümçiligi işe girizdiler.

Şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň güýji bilen geçen ýylda ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si, durmuş maksatly binalaryň 76-sy, önümçilik-tehniki desgalaryň 11-si gurlup ulanylmaga berildi. Oba hojalygynda telekeçileriň gazanýan üstünlikleri has-da ýokary. Olar 2016-njy ýylda 2015-nji ýyldakydan 1,5 esse artyk önüm öndürdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň telekeçileriniň öz banky bolup, häzirki döwürde olar halkara giňişligine ynamly aralaşýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanalary Birleşen Arap Emirliklerinde, Hytaý Halk Respublikasynda hereket edýär. Türkmen telekeçileri Russiýada, Moldowada, Owganystanda dürli maksatly binalary gurýarlar.

Şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri HHR-iň Sinin şäherinde söwda merkezini, BAE-niň Dubaý şäherinde wekilhanasyny, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde Söwda öýüni açdylar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän umumybilim berýän mekdebiň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu mekdep türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan ýerinde gurlup, türkmen medeniýetiniň Russiýa Federasiýasyndaky özboluşly merkezine öwrüler. Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk gurluşynda çagalar bagy bina edildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň telekeçileri “Şükür bagşy”, “Kitap”, “Ak tam” ýaly belli edebi eserleriň awtory we 1944-nji ýylyň maýynda ikinji jahan urşunyň söweşlerinde Moldowanyň Delakeu obasynyň golaýynda wepat bolan belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň ýadygärligini abatladylar.

Umuman, döwletimiz mundan beýläk-de işewür düzümlere goldaw bermegini dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemledi.

Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş derjesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly sowala jogap bermek bilen, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň döwlet syýasatynyň hemişelik üns merkezinde durýandygyny belledi. Bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirildi we ýokary netijeler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda şu ýörelgeleriň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belläp, bu çärelere yzygiderli üns beriljekdigini aýtdy.

Köpetdagyň jana ýakymly jülgelerinde şypahana-saglyk merkezleri bina ediler. Garagum derýasynyň kenarlarynyň ajaýyplygy barada aýdyp, onuň tenekarlygy bellärliklidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu bolsa Ahal welaýatynyň çäklerinde ugurdaş merkezleriniň döredilmegini şertlendrýän we maşgala bolup dynç almagy, suwda gezelenç etmegi halaýanlar üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak meseleleri barada aýdyp, onuň düzümine köp ugurlaryň degişlidigini belledi. Her bir adam öz saglygy hakynda alada etmelidir. Döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän giň möçberli işler munuň üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Ekologiýa abadançylygy, bagy-bossanlygyň döredilmegi, şypahanalaryň, sport desgalarynyň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli dowam eder.

Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ýurdumyzda möhüm wezipe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Her ýylda ýurdumyzda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberleri ýokardyrylýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň düýp mazmuny halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Biziň esasy aladamyz halkymyz bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler halkymyzyň bagtyýar, abadan, asuda, parahat we agzybir ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Türkmen halky özüniň yhlasly zähmetini mähriban Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirýär. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň çeken zähmetine görä hak almagyna aýratyn ähmiýet beriljekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny alýanlara yzygiderli döwlet goldawynyň beriljekdigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli oňyn syýasaty netijesinde Watanymyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýandygy bellenilip, tutuş ýurdumyzda köpsanly önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurulýandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimize Ahal welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary bilen baglanyşykly sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleriň işjeň dowam etdiriljekdigini belledi. Bu sebitde diňe bir bugdaý hem-de pagta däl, eýsem, gök-bakja önümleri, ir-iýmişler ösdürilip ýetişdirilýär. Şunda, tohumçylyk-seçgi işlerine ylmy esasda çemeleşmäge, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän pudagyň ösdürilmegine, welaýatyň telekeçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini çekmek arkaly azyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň artmagyna esasy üns berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak,, öri meýdanlary we ekerançylyk ýerlerini suwlulandyrmak maksady bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabalarynyň gurluşygynyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Häzirki döwürde Ahal welaýatynda täze senagat merkezi kemala gelýär. Bu ugurda ýerli serişdeleri gaýtadan işlemegi ugur edinýän senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak işi yzygiderli dowam eder. Şunda, tebigy gazy gaýtadan işläp, sintetik suwuk ýangyja öwürýän zawody gurmak, şeýle hem gazhimiýa toplumynyň gurluşygyny dowam etmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary nazara almak bilen, Kelete sement zawodynda täze önümçilik ulgamy işe giriziler. Şeýle hem bezeg-örtük daşlaryň önümçiligi boýunça kärhanany gurmak göz öňünde tutulýar. Täze senagat toplumlarynyň elektroenergiýa bilen üpjünçiligi üçin Ahal we Balkan welaýatlarynyň arasynda elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy maksadalaýyk bolar.

Welaýatyň geografik taýdan ýerleşişi üstaşyr gatnawlaryny artdyrmagyň mümkinçiliklerini emele getirýär. Şeýle hem bu ýerde ulag ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi göz öňünde tutuldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Gürrüň Ahal welaýatynyň çäginde Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Daşoguz halkara ähmiýetli ýokary tizlikli ulag ýollarynyň gurluşygy barada barýar.

Obalaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanar. 2017-2023-nji ýyllar aralygynda Ahal welaýatynda umumybilim berýän mekdepleriň 50-ä golaýyny, şonça çagalar baglaryny, birnäçe täze hassahanalary we medeniýet öýlerini gurmak, hereket edýän saglygy goraýyş edaralaryny döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, gürrüň diňe bir amatly ýaşaýyş derejesi boýunça şäher bilen obanyň deňleşmegini üpjün etmek, sebitiň düzümini döwrebaplaşdyrmak hakynda däl, eýsem, telekeçilik, maýa goýum işjeňligi we täzeçil usullar üçin şertleriň gowulandyrylmagy barada barýar. Aýratyn-da, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, et önümçiligine niýetlenen iri guşçulyk toplumyny we jüýje ýetişdirýän inkubatory, süýdi, ösümlik ýagyny gaýtadan işleýän kärhanany gurmaly. Iri miweçilik-bagçylyk hojalyklaryny döretmeli. Olarda suwaryşyň damjalaýyn usulyny ýola goýmaly.

Azyk önümleriniň degişli derejede saklanylmagyny üpjün edilýän sowadyjy gurnamalary bolan iri ammarlaryň gurluşygyny, ilatyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe döwrebap suw arassalaýjy desgalaryň bina edilmegini meýilleşdirmeli.

Häzirki döwürde ykdysady ösüş diňe bir san taýdan däl, eýsem, ýokary hil ölçeglerine laýyk ýola goýulmalydyr. Önümçiligiň düýp binýady özgerýär. Haýsydyr bir önümi köp öndürmek esasy mesele bolmaly däl-de, eýsem, sarp edijileriň, içerki we daşarky bazaryň meýilleri, bäsdeşlik şertleri göz öňünde tutulmalydyr hem-de täze bähbitli ugurlar tapylmalydyr.

Hut şunuň üçin hem tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Ahal welaýatynda döwrüň talabyna laýyk gelýän çeýe ykdysady ulgam, özüni üpjün edýän we daşky täsire durnukly ösüş döredilmelidir. Şunda, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün edýän şertleriň döredilmegi möhüm bolup durýar diýip, döwlet Başutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň sungatyň ugurlary bilen gyzyklanýandygy barada aýdylyp, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň haýsy sungat eseriniň üstünde işleýändigi barada sowal berildi. Mälim bolşy ýaly, işiniň köpdügine garamazdan, döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri, sungat, ylym bilen meşgullanmaga, saz ýazmaga, çeper eserleri döretmäge wagt tapýar. Iň esasy bolsa hormatly Prezidentimiz ýokary ussatlygy bilen watandaşlarymyza nusgalyk görelde bolýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan Aziada-2017-niň resmi nyşanlary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, oýunlaryň degişli nyşanlarynyň ýene-de döredilmeginiň mümkinçilikleri barada sowal berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ol çagalykdan sport bilen yzygiderli meşgullanypdyr. Beden taýýarlygy, dem alşyň sazlaşygy, gan aýlanyşyň degişli derejede bolmagy ynsanyň iş öndürijiligi üçin zerur bolup durýar we hemişe degişli beden taýýarlygyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz edebiýat, ylym saz we sungat bilen yzygiderli meşgullanmak üçin wagtyň ýeterlik bolmaýandygyny aýdyp, ýarygije tamamlanýan we daňdanlar başlaýan iş wagtynyň soňunda bu ugurlar bilen meşgullanmaly bolýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-niň resmi nyşanlary bilen baglanyşykly sowallara jogap berip, onda türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklarynyň we gadymy taryhyň, baý medeniýetiň hem-de özboluşly däp-dessurlaryň öz beýanyny tapandygyny belledi. Milli guwanjymyz bolan ahalteke bedewi hem-de alabaý köpasyrlyk taryhymyzyň dowamynda häzirki günlere çenli halkymyzyň wepaly hemrasyna hem-de dostlaryna öwrülendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Aziada-2017 ýurdumyz üçin ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilik pikirlenmelerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri emele getirýän şanly wakadygyny belläp, munuň oýunlaryň ugurdaş nyşanlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamakda giň mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmeni hormatly Prezidentimiziň köpugurly döredijilik işiniň özi, kärdeşleri hem-de tutuş watandaşlarymyz üçin ylham çeşmesi bolup durýandygyny belledi we gitaranyň sazy astynda hormatly Prezidentimiziň döreden “Kalbymda sen” atly aýdym ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Halkara aýal-gyzlar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna sowgat hökmünde täze aýdymlaryň birnäçesini döredendigi hem-de olaryň birini – “Bagt nury” atly aýdymy ýerine ýetirjekdigi baradaky habary duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýakymly täzelik boldy. Hormatly Prezidentimiziň bu aýdymy ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy hem-de uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatyň netijesinde Watanymyzyň hem-de türkmen halkynyň parahatçylygyň, gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmaşy üpjün edýän zerur şertleri döredýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentine dalaşgär hökmünde geçiren netijeli hem-de örän täsirli duşuşygy üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Olar şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak Prezident saýlawlarynda täze gurulýan desganyň işgärleriniň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Gurbanguly Berdimuhamedowa biragyzdan ses berjekdiklerini we mähriban Watanymyzyň ýagty geljegini hut döwlet Baştutanymyzyň ady bilen baglanyşdyrýandyklaryny aýtdylar.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz iş saparyny dowam edip, ýolugra Ahal welaýatynyň çägindäki öri meýdanlaryny synlady we bu ýerdäki çopan goşuna geldi.

Döwlet Baştutanymyz birnäçe aýratynlyklardan durýan bitewi ekoulgamy emele getirýän Garagumuň ajaýyplyklaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal birnäçe gezek belleýşi ýaly, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi aýratyn ähmiýete eýedir. Özboluşly gözelligi bolan Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi onuň möhüm bölegidir. Sährada gözel tebigatymyzyň baýlaşmagynda we ýurdumyzda maldarçylygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan bejerijilik ähmiýetli ösümlikler köpdür.

Türkmen halkynyň dermanlyk ösümlikler babatda köp asyrlyk däpleriniň aýratynlyklary häzirki döwürde işjeň peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi türkmen lukmanlary üçin zerur gollanma öwrüldi we halkara ylmy jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyna eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiz çölüň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, onuň howa aýratynlyklarynyň we ajaýyp topraga aýawly gatnaşygyň, onuň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak meselesi barada aýtmak bilen, bu wezipäniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň esasy ugrudygyny belledi. Tebigy gurşaw milli mirasymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Çünki ilatyň saglygy, durmuş we ekologiýa abadançylygy özara baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşapdyr, ondan döredijilik ylhamyny alypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de tebigy aýratynlyklary saklamagyň, ony geljek nesillere ýetirmegiň mukaddes işdigini aýtdy.

Şunda döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Syýahatçylygyň bu görnüşi diňe bir özüne çekiji we gyzykly gezelençleri guramak mümkinçiligini döretmek bilen çäklenmän, eýsem, haýsydyr bir künjegiň tebigy hem-de medeni aýratynlyklary barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Häzirki şertlerde tebigat bilen sazlaşyga gyzyklanma bildirýän ýurtlar üçin dynç alşyň ajaýyp hem-de peýdaly görnüşi bolan ekologiýa gezelençleri barha ösdürilýär. Syýahatçylyk ugruna düşen jahankeşdeler daşky gurşawyň öňündäki jogapkärçiligine has doly aň ýetirip başlaýar. Biziň ýurdumyz bolsa milli hem-de halkara derejesindäki ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere, özboluşly tebigy aýratynlyklara eýedir.

Çopan goşunyň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Akbugdaý etrabynyň “Ýerbent” daýhan birleşiginiň çopany garşylady. Ol öz ogly bilen 500 dowardan ybarat sürini bakýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopanyň çakylygy boýunça bu ýerde dikilen ak öýe girýär. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz öri meýdanlarynyň aýratynlyklary, çopanlaryň hal-ýagdaýlary bilen baglanyşykly söhbetdeşlik geçirdi. Oňa Ahal welaýatynyň häkimi hem gatnaşdy.

Gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz sebitde alnyp barylýan işler, oba hojalygyny, şol sanda uly geljegi bolan maldarçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen gazyklandy.

Çopan bilen ynanyşmak esasynda geçirilen gürrüňdeşlikde döwlet Baştutanymyz onuň hal-ýagdaýy, gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsüminiň ugurlary hem-de netijeli iş alyp barmak ugrunda döredilýän şertler bilen gyzyklandy. Çopan öz gezeginde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Onuň belleýşi ýaly, netijeli işlemek, döwrebap ýaşamak hem-de oňaýly dynç almak ugrunda çopanlar üçin zerur şertler üpjün edilýär.

Bu pudagyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly türkmen halkynyň köp asyrlyk däpleri bar. Maldarçylygyň pugtalandyrylmagy, onuň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň oba hojalyk toplumuny özgertmek maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine, ylmy çemeleşmelere, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullarynyň, döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda welaýatlarda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar, bu ugurda alnyp barylýan işler dowam edýär.

Oba hojalyk özgertmelerini tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan netijeli çäreleriň bähbitli ykdysady, salgyt we hukuk gurallarynyň peýdalanylmagy oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Obasenagat toplumynyň ähli ulgamyndaky durnukly oňyn meýiller we ösüşiň ýokary depginleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Oba hojalygyny mehanizmleşdirmegiň derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Onuň tehniki parkynyň üsti häzirkizaman ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen ýetirilýär. Döwletimiziň maliýe goldawy, şol sanda ýeňillikli serişdeleriň berilmegi oba hojalyk işgärleri üçin berilýän döwlet goldawynyň aýdyň nyşanydyr.

Mundan başga-da, oba hojalyk önümçiligini karzlaşdyrmagyň ýeňillikli ulgamy giňden peýdalanylýar. Ony durmuşa geçirmek üçin ministrliklere, pudak edaralaryna, kärhanalara hem-de Senagatçylar hem-de telekeçiler birleşmesine, daýhan hojalyklaryna ýer bölekleri berilýär.

Mundan başga-da, dowardarlaryň we beýleki zähmetkeşleriň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. Sebitlerde döwrüň talabyna laýyk gelýän zerur düzümiň döredilmegine gönükdirilen Milli özgertmeler maksatnamasy pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirýär. Mundan başga-da, ýerlerde täze obalar we şäherçeler emele gelýär. Olarda hiç bir babatda şäheriňkiden pes bolmadyk şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de maldarçylyk pudagyna we onuň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, içerki bazaryň ýokary hilli, dürli görnüşli et önümleri bilen doldurylmagyna mynasyp goşant goşýan zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berer.

Hormatly Prezidentimiz çopan goşunda bolmagynyň barşynda milli tagamlary taýýarlamakda özboluşly baý däpleri oňat bilýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitaby hut şu ýörelgelere bagyşlanandyr.

Şu pursatda iş sapary mahaly döwlet Baştutanymyzyň ýanynda bolýan egindeşleri hem dürli tagamlary taýýarladylar.

Taýýarlanylan tagamlardan dadyp, hormatly Prezidentimiz aşhana sungatynyň inçe syrlary, halkymyzda saklanan we nesilden-nesle geçip gelýän usullary bilen gyzyklandy. Bellenilişi ýaly, tagam taýýarlamakda, döwlet Baştutanymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” we “Çaý melhem hem ylham” atly kitaplary uly gollanma öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz çopan bilen gürrüňdeşligi dowam etdi. Ol hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, maldarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan çopana gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimize ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde özleriniň ses berjekdiklerini beýan eden dowardarlar bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz oňa we ýurdumyzyň ähli zähmetkeşlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de işlerinde üstünlik arzuw edip bu ýerden ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri synlap, bu ýerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň we agrotehniki çäreleriň göwnejaý derejede berjaý edilmegine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyza tarap ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, dikuçardan paýtagtymyzda gurulýan desgalary synlady we öz ýanynda bolýan Aşgabat şäheriniň häkimine täze gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir