Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary Başlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary Başlandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary Başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary Başlandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna ugrady.

Mary şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzyy resmi adamlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde, howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda Mary welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, sebitiň esasy pudaklaryny senagatlaşdyrmak hem-de senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş we durmuş derejeçini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Hususan-da, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, häkim geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp, guralmagy göz öňünde tutulýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan meseleleriň oňyn çözülmegi, welaýatyň senagat we medeni-durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, onuň toplumlaýyn we hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur çäreler amala aşyrylmalydyr diýip belledi.

Soňra wise-premýer G.Mämmedowa Mary welaýatynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlerine bagyşlanan dabaralary guramak, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda meýilleşdirilen medeni – köpçülik çäreleriniň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem amala aşyrylýan medeni çäreleriň giňden beýan edilmegi babatda degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlary bilen ruhlanan türkmen halkynyň ruhubelentligini we döredijilikli işlerini, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap barýan ýolda gazanan ägirt uly üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini belläp, Döwlet baştutanymyz Mirasa sarpa goýmak Watany özgertmek ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli medeni maksatnamanyň üstünde taýýarlyk işlerine jogapkärli hem-de hemmetaraplaýyn çemeleşmek barada tabşyryk berdi, geçen ýyl ýurduyz we halkymyz üçin aýratyn möhüm şanly wakalara beslendi. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen medeni-köpçülik çäreleriniň bu ýerde bina edilen hem-de welaýatyň özboluşly binagärlik bezigine öwrülen “Ak öý” ýaly durmuş – medeni maksatly täsin desganyň taglymyna laýyk gelmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojammämedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitiň ähli pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, kärendeçileriň, ýer eýeleriniň işini höweslendirmek we täze önümçilik desgalaryny döretmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutynymyz ähli meýilleşdirilen çäreleriň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň döwrüň möhüm talaby boup durýandygyny belläp, degişli düzümleriň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunç Mary welaýatynda, şeýle hem bütin ýurdumyzda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Wise-premýer D.Amangeldiýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem elektroenergetika pudagynyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini artdyrdyrmak, häzirki döwürde Marynyň Döwlet elektrik bekedinde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulýan işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrydy.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty jemläp, oňa gatnaşanlaryň hemmesine ýurdumyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Meňzeş Täzelikler

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

“Saglyk-2017” Halkara Sergisine Ýewropadan, Amerikadan, Aziýadan Kompaniýalaryň 245-si Gatnaşýar

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Saglyk-2017” atly halkara sergi geçirildi, onuň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir