Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär
Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär
Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär

Hytaý Türkmenistanyň Garaşsyz Ösüş Ýyllarynda Gazananlaryna Ýokary Baha Berýär

HHR-nyň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun: Hytaý Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllarynda gazananlaryna ýokary baha berýär.

6-njy ýanwarda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 25 ýyl doldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Sun Weýdun interwýu berdi:

– 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý bilen Türkmenistan bilelikdäki ähtnama gol çekdiler we diplomatik gatnaşyklary ýola goýdylar. 25 ýylyň dowamynda deňhukuklylyk we özara peýda ýörelgelerine eýerýän türkmen-hytaý gatnaşyklary täze mazmuna eýe boldy. Soňky ýyllarda Hytaý bilen Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýdylar, Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekip, döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini üpjün etdiler. Men ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini görkezýän anyk mysallar getirmekçi.Uzynlygy 1800 kilometr bolan Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisi dünýäde iri serhetüsti gaz geçirijisidir. 2009-njy ýylyň ahyryndan bäri Hytaý 160 milliard türkmen gazyny aldy we ony iň köp alýan ýurt boldy. Hytaý kärhanalarynyň 30-synyň 2 müňe golaý işgäri Türkmenistanda ykdysady iş ilen meşgullanýar. Hyatýda öndürilen otlylar demir ýol ulaglarynyň umumy kuwwatlylygynyň 90 göterimini tutýar. Her gün Pekin, Urumçi we Aşgabat aralygyna halkara howa gatnawlary amala aşyrylýar, her ýyl türkmenistanlylaryň 6 müňüsi Hytaýa sapara barýarlar. Bularyň hemmesi köpugurly hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine şaýatlyk edýär.

Hytaý we Türkmenistan milli ösüşiň ileri tutulýan meselelerinde bir-birini goldaýarlar, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ählumumy howplara we döwrüň wehimlerine garşy durmakda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hytaý tarapy Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, uly möçberli özgertmeler strategiýasyny makullaýar. Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, „bütin Hytaý“ syýasatyna berk eýerýär. Taraplaryň ikisi-de ýakyn gatnaşyklary ýola goýdylar we sebit boýunça guramalaryň çäklerinde netijeli özara hereketi gazanýarlar.

HHR-yň Başlygy Si Szinpin blelikdäki gurluşyk babatda „Bir guşaklyk we bir ýol“ başlangyjy bilen çykyş etdi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek teklibi bilen çykyş etdi. Bularyň hemmesi iki ýurduň hem strategik maksatlarynyň köp babatda gabat gelýändigini, özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly mümkinçiligiň bardygyny tassyklaýar.

Biz türkmen tarapy bilen bilelikde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlaryny gözlemäge, senagat, ulag, ylym we tehnika, harby we kosmos tehnologiýalary babatda özara hereketi berkitmäge tagallalary gönükdirip, hytaý-türkmen gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge we olary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge taýýardyrys.

Biziň ýurtlarymyz gaz pudagynda iri söwda hyzmatdaşlarydyr. Türkmenistan gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär, Hytaý bolsa energiýa serişdelerini iri sarp edijidir. Häzirki wagtda kuwwatlylygy ýylda 55 milliard kubmetr bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy guruldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda gaz geçirijisi ulanylmaga berlenden soň türkmen gazy Hytaýyň ýaşaýjylarynyň millionçalarsyna peýda getirdi.

Mälim bolşy ýaly, Pekiniň ilatynyň peýdalanýan gazynyň üçden birini Türkmenistan iberýär. Gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar, onuň işe girizilmegi bilen tebigy gazyň eksportunyň möçberi artar. Bir söz bilen aýdanyňda, bu ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk netijelidir we onuň geljegi ulydyr.

Gaz babatda hytaý-türkmen hyzmatdaşlygyny strategiki, uzak möhletleýin, biri-biriniň üstüni ýetirýän we özara peýdaly, diňe bir iki ýurduň bähbitlerine däl, eýsem Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi geçirilýän ýurtlarda-da durnuklylygy üpjün edýän möhüm ähmiýete eýedigi bilen häsiýetlendirse bolar. Bilelikdäki taslamanyň amala aşyrylmagy esasy maksada ýetmäge –energetika üçlüginiň–önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňeçerligini üpjün etmäge mümkinçilk berer. Biz mundan beýlägem türkmen tarapy bilen bilelikde deňhukuklylyk we özara peýda esasynda özara hereketiň çägini giňeltmäge we derejesini ýokarlandyrmaga, täze üstünlikleri gazanmaga taýýardyrys.

25 ýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanşygy ep-esli artdy. Eger ol 1992-nji ýylda ABŞ-nyň 4,5 million dollaryna barabar bolan bolsa, onda 2013-nji ýylda ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna deň boldy. Soňky 5 ýylda Hytaý Türkmenistanyň iň uly söwda hyzmatdaşydyr. Halkara söwdasynyň haýallamagy, energiýa serişdeleri bazaryndaky dartgynlylyk we beýleki sebäplere görä, ikitaraplaýyn haryt dolanşygy soňky iki ýylda pul görnüşinde peselse-de, onuň möçberi öňküligine saklanyp galdy. Geçen ýylyň 11 aýynda haryt dolanşygy ABŞ-nyň 5,4 milliard dollaryna deň boldy. Hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiligi bar. Taraplaryň ikisi-de ykdysadyýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Ýörüte maksatnamasyny işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk onuň möhüm ugurlarynyň biri bolar. Taraplar şu ýyl birinji hytaý-türkmen ylmy-innowasion forumy geçirmegi göz öňünde tutýarlar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki bir möhüm ugry-da ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr. Soňky ýyllarda medeniýet, bilim, sport, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ş.m. babatda aragatnaşyklar we alyş-çalyşlar barha artýar. Ýaşlar, zenanlar wekilýetleri özara saparlary amala aşyrýarlar. Hytaý we Türkmenistan Medeniýet günleri ýaly uly möçberli çäreleri amala aşyrdylar, atşynaslykda perspektiwaly hyzmatdaşlygy ýola goýdylar, şol sanda bilelikde ýörüte ylmy maslahaty we Birinji hytaý atçylyk medeniýeti festiwalyny guradylar. Türkmenistanyň döwlet sirki Çžuhaý şäherinde geçirilen Sirk sungatynyň halkara festiwalynda altyn medala mynasyp boldy.

Sebit boýunça hyzmatdaşlyk hem işjeňleşýär. Hytaý 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini işjeň goldaýar. Şaansi sebiti bilen Mary welaýaty, Şandun sebiti bilen Lebap welaýaty, Sian şäheri bilen Mary, Žiçžao bilenTürkmenabat şäherleri doganlaşdylar. Bilim pudagynda hem hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär, her ýyl hytaý tarapy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine hytaý dili mugallymlaryny ugradýar, türkmen talyplarynyň 2 müňden gowragy Hytaýda bilim alýarlar, türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplar hytaý dilini öwrenýärler. Geçen ýylyň awgust aýynda HHR-yň ilçihanasy Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň Hytaýa saparyny gurnady, bu bolsa olaryň hytaý dilini öwrenmäge islegini has-da artdyrdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şu ýylky şanly senesine Türkmenistan we Hytaý uly ähmiýet berýärler, muňa göz öňünde tutulýan çäreler-de şaýatlyk edýär. Hytaý tarapy Türkmenistanyň ylmy-barlag edaralarynyň wekillerini Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrdy, ol şu ýylyň ýanwar aýynda Pekinde geçirler. Mundan başga-da, Hytaýyň daşary ýurtlar bilen dostluk halk jemgyýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçihanalarynyň wekillerini kabul etmäge taýýarlanýar. Hytaýyň milli filateliýa korporasiýasy ýubileý poçta markalryny çap eder. Doganlaşan sebitler, welaýatlar we şäherler bilelikdäki çäreleri geçirerler.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi hökmünde işlän iki ýarym aý wagtyň dowamynda siziň ýurduňyz barada ajaýyp täsirler kemala geldi. Men Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy dabaralaryna, durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşdym, taryhy we binagärlik babatda gözel ýerler bilen tanyşdym, paýtagtdaky muzeýlere we teatrlara baryp gördüm. Türkmenistana garaýşymy şeýle beýan edýärin: kuwwatly döwlet, parasatly lider, zähmetsöýer halk, ajaýyp geljek!

Hytaýlylarda; „Goňşular bir-birine doganlaryň bir-birine ýagşylyk dileýşi ýaly diňe gowulyk arzuw edýärler“ diýen atalar sözi bar. Ýakyn goňşy, wepaly dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Hytaý döwlet gurluşynda we dünýäde hem-de sebitde durnuklylygy üpjün etmek ugrunda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha bedýär.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir