Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Hytaýda Kömürturşy Gazyndan Benzin Almagyň Tehnologiýasy Işlenip Düzüldi
Hytaýda Kömürturşy Gazyndan Benzin Almagyň Tehnologiýasy Işlenip Düzüldi
Hytaýda Kömürturşy Gazyndan Benzin Almagyň Tehnologiýasy Işlenip Düzüldi

Hytaýda Kömürturşy Gazyndan Benzin Almagyň Tehnologiýasy Işlenip Düzüldi

Hytaýly alymlar kömürturşy gazyny benzine gaýtandan işlemegiň täze tehnologiýasyny teklip etdiler. Bu teklip bug gazlarynyň atmosfera zyňylmagynyň derejesini peseltmäge ýardam eder.

Nebitgaz habarlary agentliginiň Shanghai Daily gazetine salgylanyp habar berşi ýaly, täzeçil usulyň awtorlygy Şanhaýyň geljegi uly barlaglar institutynyň hünärmenlerine degişlidir. Işiň awtorlarynyň biri bolan Çžun Lýanşunyň belleýşi ýaly, gaýtadan işlemegiň öň ulanylan usullary kömürturşy gazyndan ugleroduň bir atomy bolan jisimi, mysal üçin metanoly almaga mümkinçilik berýärdi.

«Biziň açyşymyz bolsa ony uglerodyň iki ýa-da ondan hem köp atomly himiki jisime, mysal üçin benzine gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu usul täze katalizatoryň işlenip düzülmegi bilen öz netijeliligini görkezdi» diýip ol düşündirýär.

Lýanşu gaýtadan işlemegiň kömegi bilen alnan benziniň ekologik taýdan has arassadygyny nygtady, çünki onuň düzüminde nitridiň we sulfidiň garyndysy ýok. Nebitden alnan benzine garanyňda, bu hili ýangyjyň gymmaty örän ýokarydyr. Emma oýlap tapyjylar geljekde bug gazlarynyň zyňylmagyny çäklendirmekde we gazylyp alynýan baýlyklara baglylygy peseltmekde bu usulyň ulanylyp bilinmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýärler.

Meňzeş Täzelikler

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir