Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Ilkinji Ýyldyzlar Belent Üstünliklere Tarap Badalga Aldylar
Ilkinji Ýyldyzlar Belent Üstünliklere Tarap Badalga Aldylar
Ilkinji Ýyldyzlar Belent Üstünliklere Tarap Badalga Aldylar

Ilkinji Ýyldyzlar Belent Üstünliklere Tarap Badalga Aldylar

“Ilkinji ýyldyzlar” meýletinçiler maksatnamasyna fewral aýynda badalga berlenden soňra meýletinçileriň hasaba alynyşygy örän üstünlikli geçdi we mart aýynda tamamlandy. Maksatnamanyň çäklerinde 10 000-e çenli ýörite we umumy hünärli türkmenistanly meýletinçileri seçmek boýunça esasy wezipesi ýerine ýetirildi we 11 000-e golaý dalaşgär hasaba alyndy.

2017-nji ýylyň 2-nji martynda bir günüň dowamynda 2 000 meýletinçiniň hasaba alynmagy bilen özboluşly ýokary netije gazanyldy.

Işgärler we akkreditasiýa bölüminiň başlygy Şeron Makmaýkl: “Ýerli ilatyň Oýunlara şeýle ýokary gyzyklanmasynyň bardygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýurdyň ähli künjelkerinde halk Oýunlaryň geçirilmegini uly höwes bilen goldaýandyklaryny bellemek isleýärin, şeýle-de meýletinçileriň joşgunly duýgulary deňi-taýy bolmajak Oýunlaryň geçirilmeginde wajyp orun eýelejekdiklerine uly ynamymyz bar” diýip, belläp geçdi.

Häzirki wagtda meýletinçileri taýýarlamak boýunça “Seniň galkyndyrjak wagtyň” atly ilkinji tälimçilik okuwlary geçirilýär. Bu tälimçilik okuwlarynyň dowamynda Oýunlar bilen tanyşdyrylyş geçirilýär we “Ilkinji ýyldyzlara” badalgasynyň belent üstünlüklere beslenmegi we kämilleşmeginde zerur bolan endikler barada jikme-jik maglumat berilýär.

Häzirki wagta çenli 11 000 meýletinçiniň ählisi üçin tälimliçilik okuwlarynyň 3-si geçirildi we birnäçesi maý aýynda geçirmeklik meýilleşdirildi. Meýletinçileriň aglabasy birinji we ikinji tälimçilik okuwyny geçdiler we 3 600-den gowragy üç okuwdan ybarat bolan doly tapgyryna gatnaşdylar. Ähli tälimçilik okuwlary desgalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen Olimpiýa şäherçesiniň başa baş söweş sport sungaty toplumynda geçirilýärler.

Ýakyn günlerde “Inspiring Ashgabat” şygary bilen geçiriljek synag çäreleriniň döwründe meýletinçiler soňky aýlaryň dowamynda ýörite tälimçilik okuwynda öwrenen endiklerini görkezip bilerler.

Ähli meýletinçiler üç görnüşli we jemi 8 sagatlyk tälimçilik okuwyny geçerler. Olar: umumy okuwy, ýerine ýetirýän wezipesiniň aýratynlyklary boýunça okuwy we desganyň aýratynlyklary boýunça okuwlaryndan ybaratdyr.

Tälimçilik okuwy diňe bular bilen tamamlanmaýar. Tomus aýlaryň başynda meýletinçiler üçin gurnalýan Oýunlaryň geçirilýän döwrüne taýýarlyk görmek boýunça tälimçilik okuwlary başlaýar. Güýçli depginler bilen alnyp baryljak we barha işjeň häsiýete eýe bolýan okuw meýilnamasy dürli ýaryşlaryň we çäreleriň aýratynlyklary boýunça ýörite okuwlaryny öz içine alýar. Olaryň esasy maksady – iň gowy Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin “Ilkinji ýyldyzlaryň” ýokary derejedäki taýýarlygyny üpjün etmekdir.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir