Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady
Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady
Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady

Işewürler Maslahatyň Netijeleri Türkmenistanyň we Kataryň Gatnaşyklary Işjeňleşdirmäge Meýillidiklerini Tassyklady

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň Katar Döwletine döwlet saparynyň öňüsyrasynda bu ýerde türkmen-katar işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça täze çemeleşmeleri kesgitlemek hem-de ylalaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. “St.Regis Doha” myhmanhanasynda geçirilen duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Mohammad bin Ahmed bin Towar al-Kuwariniň çykyşynda hormatly Prezidentimiziň şu döwlet saparynyň iki dostlukly ýurduň ähli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklaýandygy nygtaldy. Dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekili geçen ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, Katar Döwletiniň hem-de Türkmenistanyň ysnyşykly gatnaşyklary bilen baglaşandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar bolsa dostlukly häsiýete eýedir we özara düşünişmäge hem-de birek-birege hormat goýmaga esaslanýar.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda milli ykdysadyýetiň kuwwatyna hemmetaraplaýyn baha berip, döwletara gatnaşyklaryň has geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän sazlaşykly makroykdysady syýasaty hem-de oňyn özgertmeleri ýurdumyzyň okgunly ösmegine ýardam edýär. Bu özgertmeler halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Iň täze tehnologiýalary hem-de dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmagyň esasynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, hususy ulgamy giňden goldamak häzirki döwürde ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda orta möhletli we uzakmöhletli geljege niýetlenen durmuş-ykdysady özgertmeler baradaky maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini alamatlandyrýan görkezijiler ykdysadyýetimiziň ägirt uly kuwwata eýedigini tassyklaýar. Hususan-da, 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejede saklanandygy bellenildi. Durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty durnukly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Senagat, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk, durmuş ulgamlaryny ösdürmäge ägirt uly maýa serişdeleri goýulýar.

Çykyş edenler ýygnananlary daşary ýurtly maýadarlaryň, daşary ýurt maýasyna eýe bolan kärhanalaryň hukuk taýdan goralmagynyň esasy meseleleri bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň ykdysadyýetine maliýe serişdelerini goýmagyň özüneçekijiligini ýokarlandyrmak maksadynda degişli düzümiň ösdürilýändigini, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen, maýa goýum işiniň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini nygtadylar.

Döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza düýpli goldaw berýär. Ýurdumyzyň çäginde erkin ykdysady zolak döredildi. Şunuň netijesinde jemi milli önümiň önümçiligine maýa goýumlaryň paýy yzygiderli ýokarlanýar, geljegi uly taslamalaryň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sany artýar.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalary hem-de maliýe edaralary bilen uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen daşary ýurt maýalaryny mundan beýläk-de çekmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtly işewürler üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamanyň ähmiýeti nygtaldy.

Çykyş edenler Katar Döwleti bilen uzakmöhletli geljege gönükdirilen netijeli ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek işinde täsirli gurallary has netijeli ulanmagyň möhümdigini bellediler.

Ýangyç-energetika toplumy döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna, hususan-da, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Munuň özi bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge hem-de onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyna gönükdirilen strategiýany yzygyiderli we ynamly durmuşa geçirýär.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady. Olaryň köpüsi döwletimiziň nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny mudan beýläk-de açmak üçin uly ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan geosyýasy babatda amatly ýerleşmegi hem-de tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde häzirki wagtda daşary ýurtly maýadarlar üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzyň mümkin bolan uglewodorod gorlary 71 milliard tonna nebit ekwiwalentine barabardyr, onuň 53 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklara, 18 milliard tonnasy bolsa deňiz bölegine degişlidir. Esasy energetika ýurtlarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesiniň (tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde 4-nji orun) “Galkynyş” gaz käniniň gorlaryna we serişdelerine berlen baha bilen tassyklanyldy. Bu baha bermek çäresini “Gafney, Cline&Associates” kompaniýasy amala aşyrdy. Garaşsyz auditiň maglumatlaryna görä, “Galkynyş” gaz käniniň gorlary Ýaşlar ýatagyndaky gorlar bilen bilelikde häzirki wagtda 26,2 trillion kub metr tebigy gaz möçberinde bahalandyrylýar, bu ýataklar toplumyna girýän, täze açylan Garaköl ýatagynyň gorlaryny nazara almak bilen bolsa, 27,4 trillion kub metre çenli bahalandyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde nebit we gaz ýataklarynyň hem-de geljegi uly düzümleriniň 180-den gowragy açyldy. Olar milli hem-de daşary ýurt nebitgaz kompaniýalary tarapyndan işlenilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde tebigy gazy esasy iberijileriň hataryna girýär hem-de gazyň eksport möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň türkmen böleginiň özleşdirilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýalaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli hem-de daşary ýurt bilermenleriniň baha bermegine görä, onuň mümkin bolan serişdeleri 12 milliard tonna nebite we 6,2 trillion kub metr gaza barabardyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda önümleri paýlaşmak hakynda daşary ýurt kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda deňiz bölekleriniň bäşisi işlenilip geçilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermek bilen birlikde, gazy täze bazarlara eksport etmegiň beýleki ugurlaryny, şol sanda Ýewropa we Aziýa ugurlaryny işläp taýýarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, umumy uzynlygy 1814 kilometre hem-de taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler ýygnananlary bu iri taslamany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary bilen içgin tanyşdyrdylar.

Forumyň barşynda ýurdumyzyň häzirki zaman gazulag ulgamyny döretmegiň hem-de türkmen tebigy gazyny ibermegiň täze eksport ugurlaryny işläp taýýarlamagyň çäklerinde 2015-nji ýylda uzynlygy 800 kilometre golaý bolan, geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanandygy nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, gazy eksport etmek, hususan-da, “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen birlikde, häzirki wagtda Türkmenistanyň gazy düýpli gaýtadan işlemekde täze ugurlary ösdürmek hem-de barlamak boýunça işleri işjeň alyp barýandygy bellenildi. Hususan-da, uglewodorod serişdelerini toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Munuň özi dünýä bazarlarynda uly isleglerden peýdalanýan himiýa önümleriniň hem-de polimerleriň önümçiligini üpjün edýär.

Ýakyn geljekde durmuşa geçiriljek iri maýa goýum taslamalary, şol sanda kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmegiň üçünji tapgyry ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ol TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün eder. Şeýle hem tebigy gazdan pes dykyzlykdaky polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid we beýleki himiýa önümlerini öndürýän gaz-himiýa toplumlarynyň ikisini, şeýle hem tebigy gazdan suwuk nebit önümlerini (GTL) öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleri täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak boýunça birnäçe anyk pikirlerini aýtdylar. Hususan-da, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” hereket edýän Kanunyň esasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň, ýataklary we gazhimiýa önümçiliklerini gurmagyň taslamalary boýunça hyzmatlar şertnamasynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe görnüşi, şeýle hem nebitgaz enjamlaryna hyzmat etmek we abatlamak, önümçilik işini we önümleriň marketingini dolandyrmak üçin
bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça teklipler aýdyldy.

Eksport mümkinçilikleri ýylsaýyn ýokarlanýan dokma senagaty türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän pagta ýokary hilli, ekologik taýdan arassa hasaplanýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän önümleri häzir daşarky bazarda uly islegden peýdalanýar. Kuwwatly çig mal binýadyň bolmagy dokma senagatyny okgunly ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzirki wagtda onuň düzüminde kärhanalaryň 70-den gowragy hereket edip, olar nah ýüplük, matalaryň dürli görnüşlerini we taýýar tikin önümlerini öndürýärler.

Dokma önümleriniň agramly bölegi dünýäniň 30-dan gowrak döwletlerine—ABŞ-na, Kanada, Ýewropa ýurtlaryna, Türkiýä, Russiýa we beýleki ýurtlara ugradylýar. Munuň özi ozaly bilen ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hilli bolmagy hem-de olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegi bilen şertlendirilendir.

Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ugrunda—himiýa senagatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Bu ulgamda ýakyn geljekde ýerli çig malyň esasynda tehniki ýod, brom we brom önümlerini öndürýän desgalary, kaustik sodasyny, hlor we hlor önümlerini öndürýän zawody gurmagyň iri taslamalary amala aşyrylar. Bulardan başga-da, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek üçin ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmek maksadynda bazalt süýüminden kompozit serişdelerini öndürýän kärhanany, şeýle hem sement, aýna hem-de aýna we sanfaýans önümlerini, keramiki kerpiçleri öndürýän zawodlary gurmak meýilleşdirilýär.

Maşyn gurluşygy, elektron senagatyny ösdürmek, şeýle hem durmuşda ulanylýan tehnikalaryň, oba hojalyk enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmak türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly hasaplanýan täze ugurlary bolup durýar.

Milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde Türkmenistan daşary ýurtlara bugdaý, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ugradýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, şol sanda ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalary, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda öndürilýän dermanlyk serişdeleriniň we önümleriniň 30-a golaý görnüşiniň eksporty ýola goýuldy. Şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, şol sanda ýerli çig malyň we ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda bilelikdäki önümçilikleri döretmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Sport ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzda sportuň ösdürilmegine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin
2017-nji ýylda türkmen paýtagtynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda hem möhüm bolup durýar.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçiriljek Aziada Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda iri çäre bolup,ol kontinental ýaryşlaryň çäklerinden çykar—oňa ilkinji gezek diňe Aziýa ýurtlaryndan däl-de, eýsem, Okeaniýa ýurtlaryndan toparlar gatnaşarlar. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri, ol hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Ozalky Oýunlarda sportuň diňe 12 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilip, olara dünýäniň 43 ýurdundan türgenler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen maksatnamasyna türkmen milli göreşi hem-de atçylyk sportunyň meşhur görnüşi—konkur giren Aziada-2017-de dünýä döwletleriniň 62-sinden türgenler bäsleşerler.

Türkmen tarapynyň wekilleri bu ýere ýygnananlary türkmen paýtagtynda bina edilen we Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk iri Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, ähli ýaryşlar desgalaryň 30-a golaýynyň meýdançalarynda geçiriler, olarda türgenleriň göwnejaý ýaryşmagy we dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Sport toplumynyň binýadynda eýýäm ýaryşlaryň birnäçesi, şol sanda sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, basketbol, tennis, ýeňil atletika we jiu-jitsu boýunça halkara synag ýaryşlary geçirildi. Garaşylyşy ýaly, aprel aýynda synag ýaryşlarynyň ýene-de üçüsi geçiriler, olaryň ikisi agyr atletika we boks boýunça Aziýa çempionatlary bolar.

Foruma gatnaşyjylar Aziýa oýunlarynyň tumary bilen hem tanyşdyryldy. Ol milli lybasa ýa-da sport lybasyna beslenen Wepaly atly alabaý bolup, itleriň bu tohumyna mahsus bolan dostlukly häsiýete eýedir.

Telekeçilik işini amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri döretmek Türkmen döwletiniň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzir ýurdumyzyň işewürleri öňdebaryjy tejribäni özleşdirmäge we bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýärler hem-de dürli harytlary öndürmekde, daşarky bazarlarda hyzmatlary hödürlemekde uly tejribe topladylar.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysady strategiýa jemi içerki önümiň möçberinde hususy kärhanalaryň paýyny tapgyrma-tapgyr artdyrmagy göz öňünde tutýar. Şonuň üçin iki ýurduň işewürler edaralarynyň ugry boýunça göni we ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugry hökmünde kesgitlendi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işleri barada gürrüň bermek bilen, çykyş edenler milli ykdysadyýetiň pudaklaryny tehnologik taýdan ösdürmek, ýokary hilli, bäsleşigy ukyply önümleri öndürmek, Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda türkmen telekeçileriniň ähmiýetli ornuny bellediler. 2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Birleşme öz hatarlarynda hususy pudagyň wekilleriniň 16 müňden gowragyny birleşdirýär.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde telekeçiler tarapyndan gysga döwrüň içinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işler geçirildi. Döwlete degişli däl ulgamyň wekilleri gurluşykda, oba hojalygynda, azyk we azyk däl senagatynda, söwda we hyzmatlar ulgamynda, şeýle hem bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda üstünlikli işleýärler. Birleşmäniň agzalary tarapyndan geçen döwürde täze iş orunlarynyň 160 müňe golaýy döredildi.

Şähergurluşyk toplumyna hem-de milli maksatnamalary ýerine ýetirmäge hususy gurluşyk kärhanalarynyň çekilmegi netijesinde diňe 2016-njy ýylda ýokary hilli gurlan desgalaryň jemi 141-si ulanmaga berildi. Geçen ýylda gurluşyk-gurnama işleriniň 2 milliard amerikan dollaryna golaýy ýerine ýetirildi. Häzir türkmen gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtlarda hem işläp başladylar, hususan-da, Moldowa Respublikasynda türkmen telekeçileriniň güýji bilen 160 orunlyk çagalar bagy, Russiýa Federasiaýasynyň Astrahan oblastynda 190 orunlyk mekdebiň gurluşygy dowam edýär.

Durmuşa geçirilen taslamalaryň hatarynda mebel toplumlary, polipropilenden haly öndürýän zawodlar, döwrebaplaşdyrylan, içerki bazary ýokary hilli kagyz önümleri bilen üpjün edýän kagyz kombinaty ýaly, täze senagat desgalary görkezildi. Bulardan başga-da, ýerli bazaltdan, ýoddan we beýlekilerden önüm öndürýän kärhanalary gurmagyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Içerki bazary azyk harytlary bilen üpjün etmek bilen bir hatarda türkmen telekeçileri daşarky bazarlara, şol sanda Katara ekologik taýdan arassa we ýokary hilli azyk önümlerini ibermäge taýýardyr. Türkmenistanyň we Katar döwletiniň telekeçilik düzümleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, çykyş edenler katarly hyzmatdaşlaryna senagat, himiýa, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda we syýahatçylyk ulgamynda taslamalara maýa goýmagy, şol sanda bilelikdäki önümçilik kärhanalaryny açmagy teklip etdiler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda dostlukly döwletiň öňdebaryjy kompaniýalarynyň işlemegi üçin amatly şertleri döretmäge taýýardyr. Ol netijeli başlangyçlar we teklipler, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu günki foruma hem uzakmöhletleýin söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge tarap möhüm ädim hökmünde garalýar.

Katarly hyzmatdaşlar görkezilen wideorolikler arkaly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty we gazananlary barada aýdyň düşünje aldylar. Filmiň her bir parçasy pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmagy hem-de innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýän türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň, şeýle hem “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň hem-de özboluşly binagärlik toplumlary bezeýän ak mermerli türkmen paýtagty Aşgabadyň ösüşi hakynda gürrüň berdi. Şeýle hem wideorolikler türkmen sportunyň gazanan üstünliklerini beýan etdi.

Öz gezeginde, Katar Döwletiniň Ösüş bankynyň telekeçiligi ösdürmek boýunça direktory Halid Abdullah Al Mannan hem-de Futbol boýunça dünýä çempionaty 2022-ä ibermek, miras we taýýarlyk görmek baradaky Ýokary komitetiň taslamalar boýunça menejeri Muhammed Almulah biziň ýurtlarymyzyň iki halkyň bähbitlerine işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtadylar. Çykyş edenler wekilçilik edýän düzümleriniň kuwwaty we mümkinçiligi bilen türkmen hyzmatdaşlaryny tanyşdyryp, häzirki forumyň geçirilmeginiň döwletara hyzmatdaşlygynyň netijeli özara hereketleriniň ösdürilmegine we artdyrylmagyna täze depgin berjekdigine ynam bildirdiler.

Foruma gatnaşyjylar däp boýunça türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda aýratyn orun eýeleýän söwda-ykdysady ulgamda özara hereket etmegiň giňeldilmeginiň wajypdygyny belläp, möçberleriň artdyrylmagy hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň düzüminiň kämilleşdirilmegi babatda pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, özara söwdada kiçi we orta işewürligiň gatnaşmagynyň işjeň höweslendirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, V Aziýa oýunlary türkmen döwletine dünýäniň sport ulgamynda halkara derejeli uly möçberli sport ýaryşlaryny gurap bilýän ýurt hökmünde mynasyp orun tutmaga mümkinçilik berer. Şu babatda Katar Döwletiniň Aziýada-2017-ni guramaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.

Işewür häsiýetde geçen maslahatyň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de mundan beýläk-de özara hereket etmegiň meýilnamalary anyklaşydyryldy.

Katar tarapynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işeňleşdirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler.

***
Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Hökümiýet wekiliýetiniň agzalary Dokada Katar Döwletiniň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň çäklerinde iki ýurduň köptaraply hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda birnäçe anyk işler kesgitlenildi.

Duşuşyklaryň barşynda bar bolan köptaraply mümkinçilikler hem-de dürli ugurlarda—söwda-ykdysady ulgamda, energetika we ulag pudaklarynda, senagat ulgamynda, oba hojalygynda we ekologiýa ulgamynda, stantartlaşdyrmak, bank düzümleri, işewür toparlary ugry boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin açylýan geljekki mümkinçilikler babatda türkmen-katar netijeli özara gatnaşyklary ösdürmegiň ýollaryna garaldy. Innowasion häsiýetli bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalara öwrüldi.

Gün tertibine, şeýle hem netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryny, şol sanda ösdürilmegi dünýäniň islendik ýurdunyň depginli ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan ylym-bilim we medeni ulgamlarda gatnaşyklary has-da ösdürmek meseleleri girizildi. Iki ýurt üçin hem sport ulgamynda ileri tutulýan hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçilikleri duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir