Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / ITF Taekwondo Boýunça Ussat Türgenleriň Nobatdaky Üstünlikleri
ITF Taekwondo Boýunça Ussat Türgenleriň Nobatdaky Üstünlikleri
ITF Taekwondo Boýunça Ussat Türgenleriň Nobatdaky Üstünlikleri

ITF Taekwondo Boýunça Ussat Türgenleriň Nobatdaky Üstünlikleri

Geçen hepdäniň dynç günlerinde Belarusyň paýtagtynda taekwondonyň ITF görnüşi boýunça GDA-nyň açyk kubogy — Dünýä kubogy ugrunda ýaryş geçdi. Türkmen türgenleri bu ýaryşda 4 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal, jemi 9 medal gazanyp, ýokary netije görkezmegi başardylar.

Ýaryş «Minsk-arena» sport toplumynda geçdi. Ýaryş 20-ä golaý ýurtdan — KHDR-den, Russiýadan, Sloweniýadan, Finlýandiýadan, Ermenistandan, Latwiýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden 1000-e golaý türgeni özüne ýygnady. Medallar ugrunda sportuň bu görnüşiniň birnäçe ugurlary boýunça ýetginjekleriň we ulularyň arasynda ýaryşlar geçirildi.

Ýetginjekleriň arasynda türkmen türgenleri hasam şowly çykyş etdiler. 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Orazmyrat Çaryýew altyn medallaryň üçüsini eýelemek bilen tapawutlandy. Iki gezek ol toplumlaýyn maşklary (tuli) ýerine ýetirmek boýunça- şahsy we toparlaýyn hasapda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykmagy başardy. Toparlaýyn ýaryşlarda oňa altyn medal gazanmaga Orazmuhammet Ustaýew, Hoşgeldi Rozyýew, Amangeldi Agajanow hem-de Guwanç Orazberdiýew kömek etdiler.

O. Çaryýew özüniň üçünji altyn medalyny 57 kilograma çenli agram derejesindäki tutluşyklarda gazandy. Ol aýgytly tutluşykda täjigistanly türgen bilen duşuşdy hem-de tutluşygyň soňky sekundlarynda örän dürs we jaýdar urgy bilen garşydaşyny özünden giderip ýeňmegi başardy.

Bu üstünlik ildeşimiziň halkara ýaryşlarda gazanan ilkinji üstünligi däldir. 2014-nji ýylda Nepalyň paýtagty Katmanduda geçen Aziýanyň çempionatynda O. Çaryýew iň köp baýrak eýeläp, ýaryşyň absolýut çempiony diýlip yglan edildi. Ol şonda bir altyn, üç kümüş hem-de bir bürünç medal gazanmagy başarypdy. Şu ýylyň baharynda bolsa ol Gazagystanda geçen yklym derejesindäki ýaryşda özüniň bu görkezijisini has hem ýokarlandyrmagy başardy. Ol bu ýaryşda altyn medallaryň üçüsini, kümüş medallaryň bolsa ikisini eýeledi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene bir altyn medaly Goşanyýaz Durdyýew getirdi. Orazmuhammet Ustaýew bolsa bir kümüş we bir bürünç medal gazandy. Şeýle hem Gaýgysyz Atabaýew kümüş medala, Amanberdi Agajanow bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda geçen ýaryşda Mähri Agaýewa tapawutlandy. Ol şahsy tuli boýunça ýaryşda üçünji orny eýeledi.

Indi taekwondonyň ITF görnüşi bilen meşgullanýan türkmen türgenlerine halkara derejedäki ýene bir uly ýaryş, Hytaýyň paýtagty Pekinde 14-nji dekabrdan 20-nji dekabra çenli aralykda geçjek Demirgazyk-Gündogar Aziýanyň ilkinji çempionaty garaşýar.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir