Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy
Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy
Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy

Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy

Jahan Hanowanyň döredijilgi bilen ilki tanşanyňdan olary dünýä filosofik nukdaý-nazardan garaýan nakgaşyň döredenligi barada pikir edýärsiň.

Žiwopis sungatynyň muşdaklary onuň natýurmort çekmekde taýsyz ussatlygyny dessine ykrar etdiler. Jahan Hanowa adaty zatlardanam özboluşly kompozisiýa döredip, ony reňkleriň syrly jadysyna salmagy başarýar. Özem onuň suratlary üýtgeşik, Jahan özboluşly tilsimleri bilen tanalýan nakgaş.

Dürli röwüşli ýaglyk we milli keşdeli donuň öňünde çekilen gadymy küýzelerdir dutaryň gapdalyndaky kädidir narlara bakyp doýmaýarsyň. Natýurmort üçin alynýan zatlardan çuň many gözlmegiň zerurlygy ýok. Awtor olaryň türkmeniň gündelik durmuşyna sazlaşygyny görkezmek islän borly.

„Şetdaly bilen günebakar“ naýirmorty hem özüne çekiji eser, onuň baş gahrymany–altyn grafinde duran gaharjaň günebakaryň töweregi mejimede ýaýrap ýatan süýji şetdalydyr almalardan, armytlardan doly. Solup duran günebakar bilen ter miweleriň çaprazlygy çuň many berýär. Günebakar özüne ynanylýan miweleriň goragynda durana meňzeýär. Tomaşaçynyň pikirleniş ukybya görä muňa başgaça düşünse-de bolýar. Esasy zat gök reňk garfiniň şöhlesiniň we kümüşsow mejimäniň sazlaşygynda.

„Gurjaklar“ suratynda ullakan bir gurjagyň ýanynda iki sany kiçisi şekillendirilen, ol, hamala 18 asyrda begzadalaryňka ugraýan eneli gyzlara çalym edýär.

Jahan Hanowa Aşgabadyň çeperçilik sungaty mekdebini tamamlandan soň Türkmenistanyň halk nakgaşy Durdy Baýramowdan Moskwanyň Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň okuw dersleri boýunça bir ýyl tälim aldy. Netijede ol şu ýokary okuw mekdebne girdi.

Jahan porttet çekmäge-de ussat. „Erjel gyzyň porteti“ tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar. Ondaky gyz batyrgaý garaýyşly, hatda ýaglygam gaýym daňylan.

Jahan Hanowa gülleri çekmegiň hem ussady. Onuň „Lotosyň gülleýşi“ eserler toplumy gögümtil-benewşe reňklerde çekilipdir, olardan ýyly suwuň ysy gelip duran ýaly bolup dur.

„Ene“ atly suraty has-da özüne çekiji, ol töwerek şekilinde çekilipdir. Ak öýüň alnynda sallançakdaky çagasyny emdirip oturan ene şelikendirilen. Suratdaky ähli zat-sallançagam, ene-de başy-soňy bolmadyk bakylygy aňladýar.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir