Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Köpasyrlyk Taryhda Milletiň Medeni Mirasy
Köpasyrlyk Taryhda Milletiň Medeni Mirasy
Köpasyrlyk Taryhda Milletiň Medeni Mirasy

Köpasyrlyk Taryhda Milletiň Medeni Mirasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän “Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Döwürleýin neşiriň möhüm meseleleriniň hatarynda milli taryhy-medeni mirasy, şol sanda golýazmalar mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek, Türkmenistanda taryh ylmynyň pelsepe, edebiýat, publisistika, sungaty öwreniş, sosilogiýa hem-de bilimiň beýleki ugurlary bilen özara baglanyşykly amalyýet meseleleri bar.

Ylmy işleri geçirmekde fotosuratlaryň ornuna bagyşlanylan makala hem hünärmenlerde gyzyklanma döredýär. Mirasa degişli düşürilen suratlar taryhçylar, arheologlar we beýlekiler üçin gymmatly serişde bolup durýar. Olarda biziň günlerimize çenli gelip ýetmedik maddy medeniýetiniň ýadygärlikleri öz beýanyny tapýar, şeýle hem ajaýyp binalary täzeden dikeltmek, gymmatly taryhy desgalaryň we binalaryň durkuny dikeltmek üçin nusga hökmünde peýdalanylýar.

Türkmenleriň gadymy sungatynyň, binagärliginiň, dürli senetleriň belent nusgalaryny dünýä bagyşlan ösüşleriň gadymy ojagy hökmünde Merwiň taryhy barlaglary alyp barýanlaryň hemişe ünsüni çekýän meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Soltangaladaky tapyndylar hem-de ashaplaryň binagärlik toplumynyň–“Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäklerinde ýerleşen täsin ýadygärlikler barada we halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatly genji-hazynasyny emele getirýän düzümler barada TYA-nyň Taryh institutynyň esasy ylmy işgärleriniň makalasy gyzyklanma döredýär. Alymlar we hünärmenler tapylan galyndylaryň öwrenilmeginiň esasynda gadymy Margiananyň ilatynyň daşky görnüşi hem-de sypaty boýunça ýewropalylaryň hindi-ortaýerdeňiz milletiniň gündogar şahasyna degişlidigini tassyklaýarlar.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilisaziýalaryň özara gatnaşyklary” diýen bölümde okyjy B.Ýujeliň (Türkiýe Respublikasy) makalasy bilen tanşyp biler. Makalany ýazan Babyryň “Diwanyna” özbaşdak eserler hökmünde girizilen mesnewi setirleri seljerýär. Makalada Babyryň döredijilik mirasyna, onuň eserleriniň pelsepe esaslaryna hem-de beýan ediş däplerine täze garaýyşlar beýan edilýär.

“Külalçylyk sungaty medeni mirasymyzyň bir bölegidir” diýen makalada külalçylyk hünärmentçiliginiň taryhyndan giňden belli bolmadyk maglumatlar barada jikme-jik gürrüň berilýär. Makalany ýazan külalçy türkmen ussatlarynyň däpleriniň hem-de hökmany düzgünleriniň bolandygy barada esaslandyrylan netijä gelýär. Gülleriň, guşlaryň, haýwanlaryň şekillerini, nagyşlary küýzelere çekmegiň ýörite usullary we beýlekiler peýdalanylypdyr. Olar nesilden-nesle geçirilip, häzirki güne çenli saklanylyp galypdyr.

Däp bolşy ýaly, neşiriň sany şu ýylyň üçünji çärýegi boýunça ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky ähmiýetli wakalara berilýän syn bilen jemlenýär, olarda ylym we medeniýet ulgamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen ugrunyň netijeliligi hem-de ösüşlere beslenen özgertmeleriň depgini beýan edilýär.

Okyjylar täze kitaplar baradaky habar bilen hem tanşyp biler.

Köpsanly fotosuratlar türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän “Miras” žurnalynda ýerleşdirilen makalalary bezemek bilen giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir