Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat
Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat
Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen bilelikdäki Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Bosgunlaryň olimpik ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” ýüzlenmesi, dünýäniň köp sanly adam hukuklary çygryndaky daşary ýurt hökümet we halkara bilermenleri tarapyndan goldaw tapdy.

Şunuň bilen, ABŞ-niň Ženewa şäherindäki diplomatik wekilhanasy özleriniň onlaýn maglumat portallarynda Türkmenistanyň we Braziliýanyň BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşiniň gatnaşyjy döwletlerini toplap bilelikde ýüzlenmesini kabul etmekde eden tagallalaryna ýokary baha berdiler, bu ýüzlenmede bosgunlaryň olimpik sport ýygyndylarynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça goşan gymmatly goşandy bellenilip geçilýär. Şeýle-hem amerikan tarapy hukuklaryny we mümkinçiliklerini we olara bolan ynamy giňeltmek maksady bilen sport çärelerinde bosgunlaryň wajypdygyny belläp türkmen we brazil tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ondan başgada, mälim bolşy ýaly Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu resminamany goldan 27 döwletiň hatarynda, ýokarda agzalan Bilelikdäki ýüzlenmede awtordaş bolup çykyş etdi.

Şol bir wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň sport boýunça utgaşdyrjysy Klaude Marşal Türkmenistanyň we Braziliýanyň başlangyjyny “örän täsirli” diýip aýtdy we beýleki döwletleri bu döwletleriň göreldesine eýermegi çagyrdy.

Meňzeş Täzelikler

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Ahmet Çalyk Türkmenbaşydaky Halkara Deňiz Menziliniň Gurluşygynyň Barşy Barada Hormatly Prezidentimize Habar Berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Myhman …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir