Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Köpugurly Sergide Türkmen Bazarynyň Geljegi Görkezildi
Köpugurly Sergide Türkmen Bazarynyň Geljegi Görkezildi
Köpugurly Sergide Türkmen Bazarynyň Geljegi Görkezildi

Köpugurly Sergide Türkmen Bazarynyň Geljegi Görkezildi

Paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi açyldy. Sergi türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny doly derejede görkezýär.

Sergide 80-den gowrak kompaniýalar, döwlet we hususy kärhanalar, şol sanda 20 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 56-sy öz önümlerini hödürleýär.

Köpsanly bölümler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda isleg bildirilişi, hili hem-de görnüşleri boýunça türkmen önümleriniň sarp edijiler üçin has ileri tutulýan pudaklary energetika, azyk, dokma, oba hojalyk senagaty, gaýtadan işleýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we täzeden guramagyň barşy barada gürrüň berýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar täze ýokary tehnologiýaly ýagty diodly lampalary we yşyklandyryjylary, daşaryny ýagtylandyryjy enjamlary görkezdiler. Ekologiýa taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn ýykgyn edildi.

Häzirki wagtda enjamlar, tehnika we tehnologiýalar Türkmenistana getirilýän harytlaryň düzüminde ilkinji orna çykýar. Şu ýagdaý hem sergi guralanda aýratyn nazarda tutuldy. Myhmanlarymyz türkmen bazarynda haýsy görnüşli önümlere harytlara we hyzmatlara has uly isleg bildirilýändigi hem-de şolar bilen neneňsi netijeli işläp bolýandygy bilen jikme-jik gyzyklandylar.

Ýurdumyzyň öndürijideri daşary ýurtlardan getirilýän harytlara mynasyp bäsdeşligi görkezdiler. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda “Türkmenistanda öndürildi” belgili önümleriň — pagta we ýüpek ýüpligi we ýüplükler, matalaryň dürli görnüşleri, tikinçilik we sowgatlyk önümler, şeýle hem milli türkmen egin-eşikleriniň we el işleriniň nusgalarynyň baý görnüşleri görkezildi.

Ýurdumyzyň öndürijileriniň et, süýt, süýji-köke, çörek önümleri we beýlekiler, şeýle hem döwrebap bezeg keşbinde hem-de özüne çekiji gaplamalarda taýýarlanylan durmuş-hojalyk hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň beýleki görnüşleri giňden görkezilýär.

Serginiň köp bölegi oba hojalygy we azyk pudaklaryndan başlap, gurluşyk ulgamlaryna çenli dürli ugurlarda ýöriteleşýän ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryna, kompaniýalaryna bölünip berildi. Ýurdumyzda syýahatçylyk we dynç alyş şypahana-bejeriş düzümleri ulgamynyň ösdürilmegine bagyşlanan bölüm uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistany sebitiň hem-de beýleki yklymlaryň ýurtlary bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgeleriniň we aragatnaşyk
ugurlarynyň mundan beýläk nähili ösdüriljekdigi barada Demirýol ulaglary ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ekspozisiýalary gürrüň berýär.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň şu ýylyň sentýabrynda Aşgabtda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýnça V Aziýa oýunlaryna
taýýarlyk görüşine bagyşlanan bölüm sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekýär.

Sergide şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň depginli we geljekki ösüşleri, olaryň ykdysady kuwwatyny barada düşünje almak bolýar.

Ertir sergi öz işini dowam eder.

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir