Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Lebap Welaýatynyň Magdanly Şäherinde Bezeg Materiallaryny Öndürmek Boýunça Kärhana Gurulýar
Lebap Welaýatynyň Magdanly Şäherinde Bezeg Materiallaryny Öndürmek Boýunça Kärhana Gurulýar
Lebap Welaýatynyň Magdanly Şäherinde Bezeg Materiallaryny Öndürmek Boýunça Kärhana Gurulýar

Lebap Welaýatynyň Magdanly Şäherinde Bezeg Materiallaryny Öndürmek Boýunça Kärhana Gurulýar

Ýerli çig maldan gury gips garyndylaryny we gipsokarton öndürmäge niýetlenen sehler Magdanly şäherinde gurluşyk materiallaryny öndürýän kärhananyň senagat zolagynda ýerleşer. Häzirki wagtda sekiz gektar ýerde ýylda binalaryň bezegi üçin 100 müň tonna gury garyndylar we 12 million inedördül metr gipsokarton öndürmäge niýetlenen önümçilik binýady gurulýar. Gurluşygyň iş tabşyryjysy „Hilli gurluşyk önümleri“ hojalyk jemgyýeti gurluşyk pudagynda islegli önümleri öndürmek üçin döwrebap tehnologik enjamlary satyn aldy.

Giň möçberli şäher gurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmäge güýçli itergi berdi. Ýurdumyzyň künjekleriniň ählisinde diýen ýaly pudagyň täze kärhanalary gurulýar we ozal işläp ýörenleri döwrebaplaşdyrylýar. Bu pudagyň durnukly ösdürilmegi üçin daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça strategiýa esasy faktor boldy, ol täze önümçilikleriň döredilmegini ýa-da ozalkylaryň önümçilik ugrunyň üýtgedilmegini göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda gurluşyk mateillary bazarynda „alçipan“ diýilýän gipsokarton gurluşykda giňden ulanylýar, ol berkligi, suwa we oda durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýerli çig maldan öndürilmegi çalt depginlerde ösýän gurluşyk pudagynyň islegini ep-esli derejede kanagatlandyrmaga ýardam eder.

Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleri we edaralary uly möçberli işler alnyp barýarlar. Hususan-da, „Hilli gurluşyk önümleri“ hojalyk jemgyýeti Senagat ministrliginiň we TSTB-niň telekeçilik düzümleriniň ýardam bermeginde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde döredildi. Gurluşygyň potraçysy „Milli önüm“ hususy kärhanasy taslama-smeta resminamalaryny taýýarlady we binanyň gurluşygya başlady.
Wladimir KOMAROW

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir