Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri
LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri
LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri

LGI we Coca-Cola Turkmenistan V Aziýa Oýunlarynyň Resmi Hemaýatkäri

Ýerine ýetiriji komiteti “LG International Corp. (LGI)” we “Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýalarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi hemaýatkäri diýip yglan etdi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komiteti “LGI” we “Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýalaryny Aşgabat 2017-niň resmi hemaýatkäri diýip, buýsanç bilen yglan etdi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Biz dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň ikisiniň biziň Aşgabat 2017 toparymyza goşulýandygyna çuňňur begenýäris. Biz olaryň ýardamlaryna minnetdar. “LGI” we “Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýalarynyň ikisi hem saglyk, ruhubelentlik we dostluk ýaly esasy gymmatlyklarymyzy deň paýlaşýarlar. Ýaşaýyş ýörelgesini ruhlandyrmak maksatly alyp barýan işleri, olary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň aýrylmaz bölegine öwürýär” diýip aýtdy.

1953-nji ýylda döredileni bäri, “LG International Corp.” ýa-da “LGI” kompaniýasy Günorta Koreýanyň söwda we ykdysady ösüşine esasy itergi berýän güýç bolup durýar. “LGI” kompaniýasy dünýä ýüzündäki sporty we janköýerleri hormatlamak üçin yzgiderli tagallalary edýär. “LGI” kompaniýasynyň topary diňe bir Koreýadaky meşhur franşizalary eýelemek bilen çäklenmän, “LG Twins” beýsbol toparyny we“LG Sakers” basketbol toparyny hem eýeleýär. Şeýle-de bu kompaniýa “Bundesliga” futbol ýaryşlarynda çykyş edýän “Bayer 04 Leverkusen” toparynyň hem hemaýatkäri boldy. Bulardan başga-da “Boca Juniors” (Argentina) we “Fulham FC” (Iňlis primýer ligasy) toparlaryna goldaw bermegi, “LG” kompaniýasynyň sport hemaýatkärlik işlerine şowly gatnaşýandygynyň mysallary bolup durýar.

Koreýanyň öňdebaryjy täjirçilik topary bolan “LG Group” toparynyň hyzmatdaşy bolan “LGI” kompaniýasy Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň, futbol boýunça dünýä çempionatynyň we Halkara kriket geňeşiniň hem hemaýatkäri hökmünde çykyş etdi.

“LG International Corp” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçysy jenap Yu Bik Kim şeýle diýdi: “Aşgabat 2017 oýunlaryna resmi hemaýatkär hökmünde gatnaşmak “LGI” kompaniýasynyň adamlary birleşdirmekde we ýaryşlaryň üsti bilen korporasiýanyň jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň ýerine ýetirilmegi ugrunda edýän tagallasynyň alamatydyr. “LGI” kompaniýasy sport ýaryşlaryna hemaýatkärlik etmek dünýäniň ähli künjeklerindäki müşderiler bilen aragatnaşyk saklamagyň iň netijeli ýoly diýip hasaplaýar”.

“Aşgabat 2017 ýaly ýaryşlar Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän wajyp sport çäreleriň biridir. Şeýle meşhur sport çäresine gatnaşmak “LGI” kompaniýasy üçin uly hormatdyr. “LGI” kompaniýasy üçin hemaýatkärlik Türkmenistana we türkmen halkyna bolan minnetdarlygyny bildirmek we şol bir bada ýatdan çykmajak wakalaryň biri boljak iň gowy Oýunlary geçirmekde goşandyny goşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.”

“Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýasy 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň çäginde hereket edýän maýa goýujy kompaniýadyr. Kompaniýa Aşgabat şäherindäki içgi önümlerini öndürýän 750 iş orunluk zawody dolandyrýar. Goldaw ylalaşyklarynyň çäklerinde, kompaniýa türgenleri, topar ýolbaşçylaryny, Oýunlara gatnaşýan işgärleri we meýletinçileri arassa agyz suwy (“Bonaqua”), alkogolsyz içgiler (“Coca Cola”, “Fanta”, “Sprite”) we sport içgiler (“Powerade”) bilen, üpjün eder. Ondan başga-da, kompaniýa tomaşaçylar we Oýunlaryň myhmanlary üçin Olimpiýa şäherçesinde janköýerler üçin ýörite zolagyny gurnar.

“Coca-Cola Turkmenistan” kompaniýasynyň baş dolandyryjysy jenap Göktug Gözutogyň aýdyşyna görä, “Ýerli bazarlarda köp wagtdan bäri hereket edýän kompaniýalaryň biri hökmünde, biz bu halkara ýaryşlarynda goldaw bermäge örän şat, çünki bu Oýunlar bütin dünýäniň türgenlerini we sport muşdaklaryny birleşdirer. “Coca-Cola” kompaniýasynyň söwda belgisi bütin dünýäde tanalyp, kompaniýa Olimpiýa oýunlaryny we Olimpiýa hereketini köp wagtyň dowamynda goldaýar. Oýunlarda ýokary hilli önümlerimizi hödürlemek arkaly myhmanlara iň gowy täsiri ýetirmek üçin elimizden gelenini ederis”.

Çeşme: ashgabat2017.gov.tm

Meňzeş Täzelikler

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Aşgabatda Bilim we Sport Ulgamynda Gazanylan Dünýä Üstünlikleri Bilen Tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir