Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Maliýe Ykdysady Ulgam
Maliýe Ykdysady Ulgam
Maliýe Ykdysady Ulgam

Maliýe Ykdysady Ulgam

Tamamlanyp barýan 2016-njy ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň nyşany astynda boldy. Döwletimiziň özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi halkymyz üçin ykbal çözüji taryhy waka we dünýä bileleşigine oňyn täsirini ýetiren ýagdaýa öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Ýaşulular maslahatynyň mejlsinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, şu döwürde özygtyýarly Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk esaslandyrylan maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyply milli modeli döredildi we ol üstünlikli hereket edýär.

2016-njy ýylyň görkezijileri oňyn özgertmeler syýasatyny alyp barmagy nazarlaýan ugruň netijelidigini nobatdaky gezek tassyklady. Çünki döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň baş maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak bilen, Türkmenistanyň serişde, senagat, zähmet we aň-bilim mümkinçiliklerini köpugurly esasda ösdürmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, bazar ykdysadyýetiniň durmuş ulgamyna gönükdirilen görnüşini ösdürmäge, kämil döwlet ulgamy bolan hereket ulgamyny tapgyrlaýyn esasda döretmäge we netijeli telekeçiligi, döwrebap düzümi kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, tutuş ilatymyza durmuş kepilliklerini üpjün etmek meseleleri öň hatarda durýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda bu ugurda anyk wezipeler kesgitlendi. Işjeň maýa goýum syýasatyny geçirmek, dürli eýeçilikdäki döwrebap we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmek, olary iň täze enjamlar bilen üpjün etmek, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek, kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmek, olara goldaw bermek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Bazar ýagdaýlarynyň we döwlet dolandyryşynyň sazlaşygyny göz öňünde tutýan ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak konsepsiýasynyň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçilýän şertlerde durmuşa geçirilmegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Pul karz bermek, maliýe we salgyt-býujet pudaklarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň örän uly ähmiýeti bardyr.

Munuň öz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin ygtybarly binýady döretdi. Bu ugurda kesgitlenen işler doly ýerine ýetirildi. Önümçiligiň girdejililiginiň ýokarlanmagy, içerki bazarda uly islegden peýdalanýan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň durnukly artmagy, ilatyň maddy abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy, onuň durmuş goraglylygynyň pugtalandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Maliýe pudagynyň ösüşinde, salgyt-býujet we döwletimiziň baha syýasatynda kadalaşdyryjy bolup durýan döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmegi ykdysadyýetimizde gazanylýan ýokary netijeleriň baş şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ykdysady we maliýe-karz ulgamy hakynda bölümiň girizilendigini bellemeli.

Statistika maglumatlary ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna anyk baha bermek üçin esasy serişde bolup durýar. Hususan-da, 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň deslapky makroykdysady görkezijilere laýyklykda aýdyşy ýaly, 2016-njy ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 derejede bolmagyna garaşylýar.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi, ilkinji nobatda, ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda goşmaça bahanyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň deslapky maglumatlaryna laýyklykda, tutuşlygyna alnanda, önüm öndürilişi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3,4 göterim artdy.

Býujet ulgamynyň anyk düzülmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet syýasatynda Döwlet býujetiniň serişdelerini degişli maddalar arkaly paýlanmagyna aýratyn üns berilýär. Maliýe serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy, ykdysady bähbitleriň goraglylygy ykdysady gatnaşyklara degişli hukuk kadalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünleriniň netijeli ulanylmagynyň ähmiýetlidigini bellemeli. Ol bu ulgamda ulanylýan halkara tejribede özüniň bähbitlidigini görkezdi.

Bu ulgamyň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylmagy pul serişdelerini kemala getirmek ýagdaýynyň we olaryň ulanylyşynyň açyklygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. 2016-njy ýylyň dowamynda Döwlet býujetini döretmekde köpugurly ykdysadyýetiň ösüşi has-da ýokarlandy, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň we olaryň düzümleýin özgertmeleriniň möçberleri, kiçi we orta telekeçiligi döwlet derejesinde höweslendirmek işleri has ýokarlandy.

Ilatyň durmuş üpjünçiligini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny ýola goýmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Onuň baş maksady saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we beýleki durmuş hyzmatlaryny netijeli ösdürmek esasynda adam mümkinçiliklerini artdyrmak üçin zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, bu ulgamy maliýeleşdirmegiň möçberleri şu ýylyň dowamynda 70 göterimden gowrak boldy.

Döwlet býujetinde zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmagyň, zähmet bazarynyň meselelerini çözmegiň, raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleriniň döredilmegine gönükdirilen çärelere möhüm orun degişli bolup durýar. 2015—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda iş üpjünçiligini we täze iş orunlaryny döretmek çärelerini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň, şeýle hem ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde ägirt uly işleriň bitirilýändigini bellemeli. Durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Mundan başga-da, aýlyk haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýokarlandyrmak arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýokarda agzalan tölegleriň möçberlerini 10 göterim artdyrmak bellenildi. Munuň özi durnukly makroykdysady ösüş we adamlaryň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýadyň döredilmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk haklarynyň möçberleriniň 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende ortaça 9,4 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Salgyt ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy maliýe-karz guraly bolup durýar. Onuň kömegi bilen döwletimiz milli girdejileriň paýlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän syýasat ilkinji nobatda ýurdumyzyň pul serişdeleriniň toplanmagynyň, onuň netijeli peýdalanmagyny höweslendirýän döwrebap ulgamyň kemala getirilmegine, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň bähbitleriniň sazlaşygynyň ýola goýulmagyna we onuň geljekki ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda hususy pudagyň ösmegi bilen salgyt gullugynyň işi ýokarlandy. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegi we dürli telekeçilik ugurlarynyň döredilmegi salgyt binýadynyň giňeldilmegine, Döwlet býujetine gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap düzümi kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleler ykdysady syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşiniň we her welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan giň möçberli işleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.

Şol resminamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, her ýylda durnukly önümçiligiň üpjün edilmegine, sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy serişdeler mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ägirt uly möçberdäki maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda has çetki etraplarda möhüm we ykdysady taýdan zerur bolan düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýokarda agzalan maksatnamanyň çäklerinde, şu ýylyň 11 aýynyň netijeleri boýunça durmuş maksatly binalaryň 51-si, 3,9 müň kilometrden gowrak inženerçilik ulgamy, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary guruldy. Umuman, 2,2 milliard manat maýa serişdeleri özleşdirildi. Şunuň bilen birlikde, sebitlerde senagaty ösdürmegiň esasy ugrularyna laýyklykda giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynyň dowamynda desgalaryň 209-sy gurlup ulanylmaga berildi. Täze kärhanalaryň işe girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt bolçulygy üpjün edildi we goşmaça iş orunlary döredildi.

Bank pudagy ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolup durýar. Netijeli we dürs usullaryň seçilip alynmagy bilen ýurdumyzyň banklary ykdysady ösüşiň baş şertini emele getirýän işleri amala aşyrýarlar. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüşine dahylly çäreler durmuşa geçirilýär we olaryň halkara bazardaky orunlary pugtalanýar. Bu ulgamyň edaralarynyň işiniň baş maksady milli pul birliginiň satyn alyjylyk ukybynyň we daşary ýurt puluna bolan gatnaşygynyň durnuklylygyny üpjün etmekden, bank ulgamynyň işiniň sazlaşygyny, ygtybarly we netijeli töleg ulgamyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

“2011—2030-njy ýyllarda bank ulgamynyň ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde anyk işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki döwürde karz bermek, nagt däl hasaplaşyk we pul geçirimleri ýaly hyzmatlar ösdürildi. Bank önümleriniň dürli görnüşlerini artdyrmak, ilata hödürlenýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak durmuşa geçirilýän çäreleriň esasyny düzýär.

Mundan başga-da, “mobil banking”, “Internet-banking” ýaly hyzmatlaryň kömegi bilen ony ulanyjylaryň islendik hyzmatlar we harytlar üçin töleg geçirip bilmekleri üçin sanly tehnologiýa işjeň ornaşdyrylýar. Plastik kartlar ýaly nagt däl hasaplaşyk ulgamy her bir raýatyň durmuş ulgamyna pugta ornady. “Altyn Asyr” bank kartlarynyň ulanylmagy ilatymyz üçin pul dolanyşygyny ösdürmegiň täze tapgyryny emele getirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryň dünýä tejribesine laýyklykda, “VISA” we “MasterСard” halkara töleg gulluklarynyň girizilmegi milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryndan gelip gowuşýan býujet serişdeleriniň artmagyny, bank ulgamynyň töleg ukyplylygy ýokarlanmagyny şertlendirýär we ol pes göterim boýunça karz serişdelerini bermek üçin oňyn serişdeleri döredýär.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna we kiçi telekeçilige karz serişdelerini bermek milli bank ulgamynyň işine baha bermekde möhüm ýagdaýy emele getirýär. Döwrebap ýokary tehnologiýaly senagat önümçilikleriniň we kuwwatlyklarynyň işe girizilmegini ugur edinýän möhüm wezipeleriň çäklerinde ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ýurdumyzyň banklarynyň tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda birnäçe toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzyň eksport ugruny nazarlaýan önümçiligini köpugurly esasda ösdürmek maksady bilen, Döwlet daşary ykdysady iş banky gazhimiýa pudagyndaky taslamalary durmuşa geçirmek we polietilen, polipropilen önümçiligi boýunça toplumlaryň, kükürt kislotasyny öndürýän sehiň, tebigy gazdan benzin öndürýän hem-de karbamid öndürýän zawodlaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin daşary ýurtlardan serişdeleri çekmek çärelerine işjeň gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji sentýabrynda Waşingtonda (ABŞ) Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň güýzki mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmegi maksat edinýän Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, iri maliýe düzümi Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolan we eksport ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmegi, energiýa göterijileriň dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz eltilmeginiň üpjün edilmegini nazarlaýan möhüm taslamasynyň maliýeleşdirmegi üçin ABŞ-nyň 700 million dollary möçberindäki karz serişdesini gönükdirdi.

Ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulýan şertlerinde Ýewropanyň iri banklarynyň tejribesini öwrenmek, maliýe ulgamda dolandyryşyň döwrebap usullaryny girizmek has-da derwaýys bolup durýar. Bank edaralarynyň işinde öňdebaryjy abraýly maliýe guramalary, şol sanda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank topary, Halkara abatlaýyş we ösüş banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bütindünýä ösüş bank topary ýurdumyzyň ozaldan gelýän we möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Bu düzüm bilen saglygy goraýyş, ulag, dürli pudaklarda geňeş hem-de tehnik goldaw maksatnamalary, milli statistika ulgamyny kämilleşdirmek we maliýe monitoringi ýaly ugurlarda birnäçe taslamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Hökümeti (Maliýe ministrligi) we Bütindünýä bank topary bilen makroykdysadyýet we maliýe pudagy babatynda tölegli geňeş hyzmatlaryny bermek hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegi netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Bu resminama durmuş-ykdysady ösüşiň esasy maksatlary bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri çözmekde biziň döwletimize goldaw bermäge gönükdirilendir.

Germaniýanyň amanat kassalarynyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Gaznasy ýurdumyzyň bank işi boýunça möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Gaznanyň bilelikde guramagynda geçirilen “Bank işgärleriniň dual okuwyny girizmek” sebitleýin okuw maslahatyny ýatlamaly.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen okuw maslahatyna GFR-den, Gyrgyzystan Respublikasyndan we Täjigistan Respublikasyndan wekiliýetler, ýurdumyzyň banklarynyň işgärleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady ýurdumyzyň we sebitiň döwletleriniň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyny nazara almak bilen, bank ulgamyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda şeýle okuw maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdebaryjy maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän syýasatynyň ykrar edilýändiginiň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwrüň talabyna, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we milli kanunçylygyň ugurlaryna, şol sanda bank ulgamyny kadalaşdyrýan düzgünlere laýyklykda alnyp barylýan düýpli özgertmeler wezipelerine möhüm orun degişlidir. Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda döwrüň we bu ugurdaky halkara ülňüleriniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, kadalaşdyryş-hukuk resminamalar toplumy işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda şu ýylyň oktýabrynda kabul edilen we goýum goýujylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, bank ulgamyna bolan ynamy berkitmäge gönükdirilen “Goýum goýujy şahsyýetleriň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bar.

Şeýle hem ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlaryň pul serişdelerini çekmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Munuň özi islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy ugrudyr. Mälim bolşy ýaly, goýumlary saklamak maliýe goraglylygyny döredýär we halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylyk, bu ulgamyň kärhanalary tarapyndan ilat arasynda pul serişdelerini netijeli peýdalanmak, şeýle hem maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ýörite okuwlar guralýar. Munuň özi ýakyn geljekde banklara has kämil goýum goýujylary çekmäge, şol bir wagtyň özünde töwekgelçiligi peseltmäge mümkinçilik berer.

Gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hem ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny bellemeli. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe düzümlerinde hojalyk işleriniň gerimini giňeltmek üçin jemgyýetiň pul serişdelerini jemlemäge gönükdirilen anyk işleri alyp barmak wezipeleri durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynda we gymmatly kagyzlar bazaryndaky hünär işini kämilleşdirmekde, şeýle hem döwlet gazna obligasiýalaryny çykarmak, durmuşa geçirmek we üzmek ulgamyndaky işleri ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklaýan Karara gol çekmegi, geljekde maliýeleşdirmegiň çeşmelerini artdyrmaga, býujete goşmaça serişdeleriň çekilmegini üpjün etmäge. önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin maýa serişdeleriniň akymyny ýola goýmagy, umuman, maliýe ulgamyny durnuklaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçilmekde ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösdürilmegi tutuş hojalyk guralynyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bu ugurda ýöriteleşen öňdebaryjy halkara düzümler bilen bilelikde dürli pudaklaýyn töwekgelçiliklerden goraglary üpjün edýän ätiýaçlandyryş maksatnamalaryny işläp taýýarlady.

Şunuň bilen birlikde, daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça iri kompaniýalaryň işi bilen baglanyşykly ýene bir ýagdaýy ýatlamaly. Şahsy taraplaryň emlägine hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň girizmegi we ýetirilen zyýan üçin raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň işini kämilleşdirmekde nobatdaky ädime öwrüldi.

Ykdysady, demografiýa, durmuş we ekologiýa ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, şeýle hem halklaryň we döwletleriň häzirki jemgyýetde jemgyýetiň we halkyň arasynda özara tanyşlyk söwdasy üçin häzirki jemgyýetde statistiki maglumat esas bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, hemmetaraplaýyn esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak boýunça wezipeleriň toplumlaýyn esasda çözülmegine beýleki düzümler bilen bir hatarda statistika gullugy ägirt uly goşant goşýar.

Ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşinde milli önümleriň haryt dolanyşygyny öwrenmek Institutyna möhüm orun degişlidir. Onuň işi çeýe mahabat we baha syýasatyny döretmek, ýurdumyzyň önümleriniň köpugurly eksport mümkinçiliklerini döretmek üçin daşary ýurtlaryň bazarlarynyň ýagdaýyna seljerme geçirmäge gönükdirilendir.

Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik, ýurdumyzyň eksporta niýetlenen harytlarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda täze önümçiligiň döremegine, daşary söwda dolanyşygynda bar bolan oňyn ýörelgeleriň berkidilmegine, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň pul girdejileriniň artmagyna, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň paýynyň ýokarlanmagyna we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine yzygiderli ýardam berilýär.

Öňdebaryjy pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagynda standartlaşdyrmaga möhüm orun degişlidir. Ol halk hojalygyny meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Döwletimiziň tehniki syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan standartlaşdyrmak ylmy we tehnikany sazlaşykly ösdürmek, önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, bildirilen talaplara görä, öndürilýän önümleriň hilini degişli derejede saklamak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýär. Bu ulgamda alnyp barylýan işler bäsdeşlige ukyplylygy we söwda gatnaşyklary ösdürmäge, raýatlaryň saglygyny we olaryň howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge, söwda ulgamyndaky tehniki bökdençlikleriň öňüni almaga, sarp edijileriň bähbitlerini, daşky gurşawy goramaga, ähli görnüşdäki serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Hususy pudagyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy we kiçi hem-de orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen başlangyçlary soňky ýyllarda bu pudagyň kuwwatly ösüşini şertlendirdi. Bu ugurda ýeňillikli karz maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi has-da möhümdir.

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň paýy ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda jemi içerki önümiň 68 göterimine barabardyr. Bu pudagyň kärhanalarynyň umumy sany 25 müňe ýetdi. Ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bir hatarla gurluşykda we gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde amala aşyrylýan taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň hususy kompaniýalary önümçilikde gazanylan serişdeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna gönükdirýärler we bazarda emele gelen ýagdaýdan netijeli baş çykaryp, täze pudaklarda üstünlikli synaglary amala aşyrýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan maýa goýum işjeňligi babatda ösüşiň täze derejesine çykdy. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň işewür toparlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin zerur bolan mümkinçilikleriň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şu ýylyň dowamynda daşary ýurtly maýadarlaryň netijeli işi üçin oňyn durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk tertibini kemala getirmek, milli ykdysadyýetimiziň maýa goýum üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, şol sanda degişli düzümi kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler netijeli dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda. ýurdumyzyň maýa goýum ösüşi boýunça maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we olaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, uglewodorod serişdelerini çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemek boýunça täze iri desgalar gurulýar, bilelikdäki eksporty ugur edinýän kärhanalary döretmek, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri gurmak boýunça hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar. Ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we önümçilik pudaklarynyň işjeňliginiň artdyrylmagyny ugur edinmek maýa goýum maksatnamasynyň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar.

2016-njy ýylda umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryndan gowrak bolan 202 desganyň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa menzili, Türkmenistan—Owganystan—Täjigistan demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysy, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etmegi, Lebap welaýatynda kuwwatly elektrik bekediniň, paýtagtymyzda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumy bar.

Şu ýyl ýaşaýyş jaýlary, köp sanly çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalar gulup, ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen uzakmöhletleýin, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasaty işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň ýüzden gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürýär. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi, olaryň durmuş taýdan ähmiýetliligi we ekologiýa babatda howpsuzlygy, anyk netijeleri gazanmak üçin has peýdaly usullaryň tapylmagy özara gatnaşyklaryň esasyny düzýän ýörelgelerdir.

Durmuş-ykdysady taýdan ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, ägirt uly tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmagyň we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik pudaklarynyň ösüşini höweslendirmek arkaly Türkmenistan ýurdumyza özüniň täze işläp taýýarlamalaryny, toplan tejribelerini we bilimini gönükdirmäge taýýar dünýäniň işewür toparlary, iri kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Ägirt uly tebigy serişdeleriň gorlarynyň, eksport we üstaşyr mümkinçilikleriniň bolmagy, ykdysadyýetiň işjeň senagatlaşdyrylmagy, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin amatly şertleriň we çeýe usullaryň bolmagy daşary ýurtly maýadarlaryň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar. Daşary ýurtly maýadarlar we işewürler bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýarlar.

Şeýle hem Türkmenistanda edaralary we döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi daşary ýurtly maýadarlaryň çekilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Şeýle hem ýurdumyzda we onuň daşynda işewürlik maslahatlaryň, Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumlarynyň geçirilmegi gatnaşyklary ösdürmekde möhüm gural bolup durýandygyny we onuň göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny, özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyny şertlendirýändigini bellemeli. Her ýylda şeýle çärelere dünýäniň onlarça döwletleriniň ýüzlerçe wekilleri gatnaşýarlar.

Dürli pudaklarda we ugurlarda dünýä bileleşigi bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň, ikitaraplaýyn işewür maslahatlaryň işine möhüm orun degişlidir. Şunda, degişli döwletara şertnamalary, ylalaşyklar baglanyşylýar. Türkmenistanda her ýylda guralýan halkara pudaklaýyn sergiler sarp ediş bazarlaryna ýurdumyzda öndürilýän harytlary ugratmak üçin netijeli meýdança öwrülýär.

Umuman, 2016-njy ýylda maliýe-ykdysady ulgamda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli we oýlanyşykly özgertmeler syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini ynam bilen bellese bolar. Türkmenistan düýpli özgertmeleri, ähli pudaklardaky sazlaşykly ösüşi üpjün edýän iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynam gadam urýar.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir