Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi
Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi
Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Azerbaýjan Mejlisiniň Başlygy Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň (Milli Mejlisiniň) başlygy Oktaý Asadowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

Dostlukly ýurduň parlamentiniň spikeri türkmen topragynda azerbaýjan wekiliýetine görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, ähli türkmenisanlylara halkara sport ýaryşlarynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň abadançylyk hem-de ählumumy ösüş ugrunda çykyş edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraýyny artdyrjakdygyna ynam bildirdi.

Aziýa oýunlarynyň siziň ýurduňyzda geçirilmeginiň özi sporty hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde türkmen Lideriniň örän uly hyzmatynyň ykrar edilmegine aýdyň şaýatlyk edýär, paýtagtyňyzyň Olimpiýa stadionynda açylyş dabarasynyň ajaýyp guralmagy, olara taýýarlyk görmek boýunça geçirilen ähli işler ýokary baha mynasypdyr diýip, Oktaý Asadow belledi.

Parlamentiň ýolbaşçysy hem-de doganlyk ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň ýokarykanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, düzümi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanunçykaryjylyk ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleri bilen baglylykda, Mejlisiň alyp barýan işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Onuň kämilleşdirilmegi döwlet ösüşiniň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylygynyň köpasyrlyk däpleri, taryhynyň, ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy hem-de Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň Mejlisiniň Azerbaýjanyň kanunçykaryjy edarasy bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýändigi bellenildi.

Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Baku şäherine amala aşyran resmi saparynyň barşynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy bilen bolan duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Şonda döwlet Baştutanymyz giň gerimli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, ony hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrmak işinde iki ýurduň parlamentarileriniň möhüm ornuna ünsi çekdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklanyny okgunly ösdürmegi ugur edinýän parlamentara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alşylmagyna gyzyklanma bildirildi.

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir