Metbugat
Metbugat

Metbugat

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin zerur bolan siziň ähli iş hereketleriňiz şu ýerde amala aşyrylar. Sentýabr aýynda Aşgabat şäherine geljek ýaýlyma beriş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin gerek bolan ähli maglumatlar şu sahypamyzda ýerleşdiriler we täzeliker yzygiderli girizilip durlar.

Akkreditasiýa

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýa ulgamy gysga döwrüň aralygynda elýeterli bolar. Akkreditasiýa boýunça maglumat, şol sanda ýaýlyma beriş serişderleri üçin akkreditasiýa gollanmasy hem Aşgabat 2017-niň internet sahypasynda ýakyn wagtda ýerleşdiriler.

2017-nji ýylyň 15-nji iýuly metbugat üçin akkreditasiýa boýunça ýüztutma tabşyrmak üçin soňky möhletdir. Türkmenistana gelmezden ozal işjeňleşdirilmedik şahadatnamaňyzy almagyňyz üçin bu görkezilen möhletden soň kabul edilen ýüztutmalar wagtynda işlenip taýýarlanylmagyna kepillik berilmeýär. Işjeňleşdirilmedik şahadatnama ýurduň çäginden geçmek üçin siziň wizaňyz hökmünde hereket eder.

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýa gollanmasyny, ýüztutma tabşyrmak üçin nusgany wajyp resminamalar bölüminden ýükläp bilersiňiz.

Ýaýlyma beriş serişdeleri üçin akkreditasiýasy üç kategoriýadan ybarat:

E – habarçy, redaktor
EP – suratçy
ENR – ygtyýarlandyrylmadyk ýaýlyma beriş serişdesiniň wekili
Oýunlara gatnaşýan Milli Olimpiýa komitetlere degişli guramalaryň metbugat işgärleri

Eger siziň metbugat kärhanaňyz Aziýa ýa-da Okeaniýa ýurtlarynyň haýsy hem bolsa birine degişli bolsa, onda siz şol ýurduň Milli Olimpiýa komiteti bilen bilelikde akkreditasiýa üçin ýüztutma tabşyrmalysyňyz. Öz ýurduňyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň metbugat-attaşesi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ýüztutma tabşyrylyşy dogrusynda habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris. Üns beriň, siziň Milli Olimpiýa komitetiňiziň ýüztutma tabşyrmagy üçin soňky möhleti 15-nji iýuldan öň bolmagy mümkin. Ýüztutmalary ir tabşyrmak bilen olar Aşgabat 2017-niň kabul eden maglumatlaryny işläp taýýarlamak üçin ýeterlik wagt berýärler.

Oýunlara gatnaşmaýan Milli Olimpiýa komitetlere degişli guramalaryň metbugat işgärleri

Eger siziň metbugat kärhanaňyz Oýunalara gatnaşýan Aziýa ýa-da Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetlerine DEGIŞLI BOLMASA, onda siz gönüden-göni Aşgabat 2017-ä akkreditasiýa üçin ýüztutma tabşyrmalysyňyz.

Ýüztutmaňyzy we beýleki degişli resminamalaryňyzy şu internet sahypamyza ugratmagyňyzy haýyş edýäris: media.accreditation@ashgabat2017.com

Ýaşaýyş jaý üpjünçiligi

Resmi metbugat işgärleri üçin ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligi barada jikme-jik maglumat, şol sanda töleg we öňünden sargyt etmek boýunça maglumatlary tiz wagtda alyp bolar.

Baş metbugat merkezi

Baş metbugat merkezi Türgenler şäherçesiniň deňinde, Olimpiýa şäherjiginiň demirgazygynda ýerleşýär. Ol ähli habar beriş serişdeleriniň Oýunlaryň geçirilýän döwründe öz işlerini we ýaýlyma beriş hem metbugatyň iş hereketlerini alyp barýan merkezi bolup durýar.

Oýunlaryň döwründe ähli resmi habar beriş serişdeleriň ýygnaklary Baş metbugat merkeziniň ýygnaklar zalynda geçiriler.

Baş metbugat merkezi maksada okgunly gurlan, dört gatly desga bolup, ol ähli ýaýlyma beriş we metbugat serişdeleri üçin niýetlenendir.

Desganyň ähli otagalary sowadyjylar bilen üpjün edilendir we ýokary derejeli hünärmenleriň we arassaçylyga seredýän işgärler toparynyň hyzmaty elýeterli bolar.
Baş metbugat merkeziniň gapylary 10-29-njy sentýabr aralygynda açyk bolar.

Düzümi:

Metbugat iş otagy ( kabel we Wi-Fi internet üpjün ediler);
Suratlary saklamak üçin gulplanýan şkaflar;
Metbugat ýygnaklar otagy;
Metbugat sorag-jogap nokady;
Metbugat merkeziniň kafesi;
Metbugat merkeziniň lukmançylyk merkezi;
Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň maglumat we sargyt etmek boýunça edarasy;
Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň dolandyryjy edarasy;
Oýunlary geçirýän ýurduň ýaýlyma berijileriniň dolandyryjy merkezi we tehniki enjamlary;
Hukuklary bolan ýaýlyma berijileriň öňünden sargyt etmek üçin ýerleri;
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň aragatnaşyk edarasy;
“Dentsu” önümçilik bölümi;
Emeli hemralaryň antenlary we ýaýlyma beriş merkezi.

Habarlar hyzmaty

Oýunlaryň geçirilýän döwründe bellenilen taraplar soňky habarlary bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirer, şol sanda makalalary, aýdylýan sözleri we türgenleriň terjimehaly barada maglumatlary ýetirip durarlar.

Bu hyzmatlar Oýunlaryň başlamagyndan öň öz işine başlar.

Ygtyýarlandyrylmadyk habarçylar

Ýaýlyma bermek kompaniýasynyň we ygtyýarlandyrylan ýaýlyma berijileriň hukuklaryny goramak üçin Oýunlaryň geçirilýän döwründe ygtyýarlandyrylmadyk ýaýlyma berijiler diňe şu aşakda görkezilen ýerlere ýazgy üçin öz enjamlaryny getirip bilerler:

Baş metbugat merkezi;
Umumy meýdan;
MOK myhmanlary üçin rugsatnamasy bilen Türgenler şäherçesiniň ýaşaýjylar zolagyna (diňe MOK-yň toparlarynyň zolaklaryny wideo ýazgy edip bilerler)
Türgenler şäherçesine metbugatyň gezelenji

Suratçylaryň iş hereketleri

Her sport ýaryşlarynda oýunlar meýdançasyny surata düşürmek üçin suratcylara ýörite germew bilen aýlanara ýer taýýarlanylar.

Suratçylar toparyna surat almak üçin iň gowy nokatlar elýeterli bolar. Suratçylaryň öz jogapkärçilikleri bilen tanşanlygy barada resminama gol çekenlerinden soň, her suratça döşüne dakylýan bellik berler.

Ulag hyzmatlary

Ulag serişdeleri Aşgabat halkara howa menzilinden gidişin hem gaýdyşyn we resmi metbugat üçin ýaşaýyş jaýlaryna çenli gatnatmak üçin üpjün ediler. Akkreditirlenen metbugat işgärleri sene ýakynlaşandan myhmanlary garşy almak we ugratmak boýunça maglumatlary alarlar.

Oýunlaryň geçirilýän döwründe, Aşgabat 2017-niň bellenilen tertip boýunça gatnaýan awtobus ulgamy bolar we ol ýaryş geçirilýän desgalarynyň, Baş metbugat merkeziniň we resmi metbugat üçin ýaşaýan jaýlarynyň aralygynda gatnar.

Desgada metbugat iş hereketleri

Ähli desgalarda metbugat üçin ýörite ýer bölünip berler. Desganyň metbugat merkeziniň bu maksatlar üçin ýörite otagy bolar we ol ýerde top kabelleri we Wi-Fi internet, mugt printer we metbugat sorag-jogap nokady bilen üpjün ediler.

Metbugat üçin niýetlenen münberler (tabloly we tablosyz), surat almak üçin ýerler we garyşyk zolaklarda öz işlerini alyp barmak üçin her desgada mümkinçilik dörediler.

Çeşme: ashgabat2017.com

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkeziniň Baştutanyny Kabul Etdi

2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir