Baş Sahypa / GÜNÜŇ WAKALARY / Milli Liderimiz Ýaşulularyň Maslahatyny Geçirdi
Milli Liderimiz Ýaşulularyň Maslahatyny Geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

Milli Liderimiz Ýaşulularyň Maslahatyny Geçirdi

Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Şu gün geçirilen Ýaşulularyň maslahaty möhüm, taryhy waka milli hukuk ulgamynyň daýanjy, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolup çykyş edýän, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunly çykmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi.

Ýaşulularyň maslahaty türkmen  jemgyýetiniň gurluşynyň esasy mekdepleriniň biri bolup, onuň däpleri gözbaşlaryny uzakda galan asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halky aksakal ýaşulularyna aýratyn hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesine daýanyp geldi. Häzirki taryhy döwürde bu hakyky demokratik däp ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda mynasyp orny eýeläp, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, agzybir we jebis halkymyzyň öz belent gymmatlyklaryna we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Ýaşulular maslahatynyň her bir mejlisi  umumymilli gerimli foruma öwrülip, onda açyk ara alyp maslahatlaşmak görnüşinde möhüm meselelere garalýar  hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň abadan we bagtly ýaşamagy üçin ileri tutulýan ähmiýeti bolan anyk çözgütler kabul edilýär. 

Irden Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. 

… Ruhyýet köşgüniň ajaýyp zalynda aýratyn dabaralylyk, ählumumy birleşme we ruhubelentlik  ýagdaýy äşgär duýulýar, bu ýere Türkmenistanyň ähli sebitlerinden wekiller ýygnandylar. 

Bu ýere ýygnananlar oňyn özgertmeler we reformalar syýasatynyň awtory–hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ör turup, şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Şol özgertmeler uzakmöhletleýin geljegi, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy nazara almak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilendir hem-de dünýä giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýynyň artmagyny şertlendirdi. 

Döwlet Baştutanymyz zalyň sahnasyna çykýar hem-de türkmen jemgyýetinde onuň gadymdan gözbaş alýan demokratik däplerini, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýan maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary bilen mähirli salamlaşýar. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, her bir tutumly işiň başy başlananda, toý-baýramlar geçirilende parasatly ýaşulular bilen maslahatlaşmak agzybir halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir diýip belledi. Biz şu gün hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän ýylynda şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine we asylly däplerine eýerip, Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri we öňde duran belent wezipeleri, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ak şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna ýygnandyk diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, milli parlamentiň deputatlary, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleri, ýaşlar bar. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri hem-de biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.  Halkyň hormatlaýan ýaşululary we kümüş saçly enelerimiz maslahatyň hormatly gatnaşyjylary bolup durýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Ýaşulular maslahatyny açyk diýip yglan edýär.  

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, ony umumymilli maslahata gatnaşyjylar agzybirlikde alyp göterýärler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynyň prezidiumyna saýlanan agzalaryny öz orunlaryna geçmäge çagyrýar. 

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçmezden öň, ilki bilen bu ýere yygnananlary mümkinçilikden peýdalanyp, Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş arzuw etdi. Gurban baýramynda beren sadakalaryňyz, eden doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň eýýäm gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçiliginiň bolandygyny belledi 
hem-de gün tertibine hödürlenen meseleler we resminamalar boýunça teklipleriň ýa-da bellikleriň barlygy ýa-da ýoklugy bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýygnananlaryň biragyzdan goldamagy we makullamagy bilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň gün tertibiniň tassyklanandygyny yglan etdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn söz sözledi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip,  Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şanly wakanyň  Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň öňýanynda ajaýyp Ruhyýet köşgünde geçirilýän şu forumyň ähmiýetini belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly,  «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Konstitusion kanunda: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna  türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we  şoňa görä-de, çärýek asyr mundan ozal  1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp boljakdygyny belledi.

Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir gün, her bir aý we her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi. 

“Biz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk eýýamynyň taryhyna buýsanmaga doly haklydyrys!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we  
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda ägirt uly özgerişleriň bolup geçendigini kanagatlanma bilen belledi. Düýbünden täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Döwlet Garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.

Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi we hereket edýär. Şu ýyllarda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Biziň Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlamagy Sowet Soýuzynyň dargan hem-de uruşdan soňky halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşan döwrüne gabat geldi diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwürde  döwletimiziň resmi hukuk ýagdaýy we daşary syýasatymyzyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap almak barada ykbal kesgitleýji çözgüdiň kabul edilendigini belledi.

Türkmen bitaraplygy halkara-hukuk tejribesinde täze ýagdaý hökmünde, ählumumy ösüşiň gurluşyny üýtgetmegiň has amatly ýoluny dünýä bileleşigine teklip etdi. Bu bolsa, hyzmatdaşlyk etmegiň we ählumumy parahatçylygy gazanmagyň täze binýadyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan goldady we kabul etdi. 
Bu Rezolýusiýada Milletler bileleşigi «Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar» diýlip bellenilýär.

Biziň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan oňyn syýasatyny dünýä bileleşigi hemmetaraplaýyn makullaýar we goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  aýtdy we  Bitarap Türkmenistanyň birnäçe gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise – başlyklygyna saýlanmagynyň hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, munuň özüniň berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda aýratyn ähmiýetli wakadygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, biziň ýurdumyzyň soňky ýyllarda bu iri halkara Guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna köp gezek saýlanandygyny belledi. 

Geçen ýylyň iýun aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwlet tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýa biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Dünýäniň 47 döwleti bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz resminamanyň esasy düzgünleri barada durup geçip, Rezolýusiýada biziň Garaşsyz döwletimiziň Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň  goldanylýandygyny hem-de türkmen Bitaraplygynyň ykdysady we geoykdysady taýdan sebit we dünýä ösüşine oňyn täsir edýändigini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, Bitarap döwletimiziň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmäge we ygtybarly ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmäge degişli başlangyçlaryna ýene-de bir gezek goldaw bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Rezolýusiýada çylşyrymly we adatdan daşary hadysalar hem-de tebigy heläkçilikler zerarly kyn ýagdaýda galan ýurtlara  we halklara ynsanperwer kömegini bermekde Türkmenistanyň oňyn ornunyň ykrar edilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmeginiň ähmiýetini belläp, munuň  Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýynyň ýokarydygynyň täze aýdyň subutnamasy bolandygyny, alyp barýan oňyn bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine we giň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasy ugrunyň netijelidigini görkezendigini aýtdy. Ol bu syýasatyň ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny Milletler bileleşiginiň üýtgewsiz goldaýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň subut etdi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş çärýek asyrlap Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasyny anyk häsiýetlendirip gelýän esasy düşünjelerdir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bitarap Watanymyz halkara derejesinde ykrar edilen syýasy-hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Merkezi Aziýa sebitinde hakyky parahatçylygy dörediji döwlete öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Bitaraplygy dünýäde deňi-taýy bolmadyk özboluşly ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllary şol döwrüň çylşyrymly we aýgytly pursatynda Türkmenistanyň saýlap alan ýolunyň mähriban halkymyzyň milli bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmen döwletiniň  häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýändigini belläp,  Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň Ýer ýüzüniň döwletleri we halklary bilen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda asyrlaryň dowamynda emele gelen milli däplerimize doly laýyk gelýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda  Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylan beýik işler barada birnäçe mysallary getirdi. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu maglumatlara görä, bitirilen işleriň gerimine mynasyp baha berip bolar. Geçen çärýek asyrda ýurdumyzyň esasy önümçilik gorlaryna gönükdirilen 144 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Önümçilik we önümçilik däl maksatly iri desgalaryň 544-si guruldy hem-de işe girizildi. Umumy meýdany 35 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň umumy ýaşaýyş meýdany bilen üpjünçiligi 23,2 inedördül metre ýetýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyldaky görkezijiden iki esse ýokarydyr.

Ýurdumyzyň senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi we geçen döwürde senagat önümleriniň möçberi ýedi esseden hem köp artandygyny aýtdy. Geçirilen düýpli ykdysady özgertmeler netijesinde, ýerli tebigy we beýleki serişdeleri ulanýan täze pudaklar emele geldi. Bu pudaklarda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümler öndürilýär.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda düýpli gaýtadan işlenen önümleri, hususan-da, polipropilen we polietilen ýaly nebithimiýa önümlerini öndürmegiň ýola goýlandygyny üstünlikleriň hatarynda görkezdi.  

Gurluşyk materiallaryny öndürmegiň möçberleriniň hem yzygiderli artýandygy bellenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ýylda 3,5 million tonnadan hem gowrak sement öndürilýär. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4 esse köpdür.

Çärýek asyryň dowamynda elektrik energiýasynyň öndürilişi 55,7 göterim, suwuklandyrylan tebigy gazyň öndürilişi 23 esse, mineral dökünleriň öndürilişi hem 2,8 esse artdy.

Ýurdumyzda häzirki zaman dokma senagaty düýbünden täzeden döredildi. Dokma pudagynyň kärhanalarynda 2015-nji ýylda 120 müň tonna nah ýüplük, 209 million inedördül metr nah mata öndürildi. Olaryň möçberi 1991-nji ýyldaka garanyňda degişlilikde 24,4 we 7 esse köpeldi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Hormatly Prezidentimiz  senagat pudagynyň önümçilik kuwwatynyň  hem artýandygyny gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezdi. Bu bolsa, innowasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyna, senagat düzümlerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge esaslanýar. Şeýlelikde, oba hojalyk pudagy agdyklyk edýän ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat taýdan 
ösen döwlete öwrüldi.

Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan «açyk gapylar» syýasaty daşary söwda gatnaşyklarynda hem oňyn ösüşi gazanmaga mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we  ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1995-nji ýyl bilen deňeşdireniňde häzir 8 esseden gowrak ösendigini belledi. Biziň döwletimiz dünýäniň 100-den hem köp ýurdy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda hem uly üstünlikler gazanylandygyny aýdyp,  şu ýyl ýygnalan ak bugdaýyň möçberiniň  1 million 600 müň tonnadan geçendigini nygtady. Bu bolsa, 1991-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8 essä golaý köpdür. Häzirki döwürde Türkmenistan bugdaýy we uny daşary ýurtlara ýerleýän ýurda öwrüldi. Pagtanyň her ýylda öndürilýän möçberi hem 1 million 100 müň tonnadan geçdi. Ekerançylygyň azyk we çig mal pudaklary-da durnukly ösýär.

Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýan biziň ýurdumyz soňky ýyllarda hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalaryny durmuşa geçirdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Milli Liderimiz häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň  «TürkmenistanÖzbegistanGazagystan Hytaý» transmilli gazgeçirijisi boýunça iberilýändigini kanagatlanma bilen belläp,  Türkmenistandan Eýran Yslam Respublikasyna gazgeçirijiniň ikinji şahasynyň gurluşygynyň  amala aşyrylan beýleki bir taslama bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir iri energetika taslamasy bolan «TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan» gazgeçirijisiniň gurluşygyna hem girişilendigini belledi. Ýurdumyzda her bir jaýy, her bir öýi elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen mugt üpjün etmek, ilata edilýän jemagat we beýleki hyzmatlaryň bahalarynyň ujypsyz bolmagy, indi biziň üçin adaty ýagdaýa öwrülip galdy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we döwletimiziň ýaşaýyş jaýyny gurmak, şol sanda ipoteka boýunça ýaşaýyş jaýlaryny almak üçin uly möçberlerde ýeňillikli karzlary berýändigini nygtady. 

Çykyşynyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  2007-nji ýylyň ata Watanymyz, mähriban halkymyz üçin möhüm sepgit bolandygyny belledi. Şol ýyl ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, maliýe we pul-karz hem-de durmuş ulgamynda özgertmeleriň täze tapgyryny amala aşyrmagyň zerurdygy yglan edildi,  bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzüldi.

Durmuş taýdan ösüşe gönükdirilen bu nusga döwletiň netijeli düzgünleşdirmegine esaslandy  we bu ugurda bellenilen döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we  ilatymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanýandygyny, durmuş taýdan goraglylygynyň güýçlenýändigini kanagatlanma bilen belledi.  Ýurdumyzyň çäkleriniň aglaba böleginiň ekologiýa ýagdaýy gowulanýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly,  bölek haryt dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösýändigi, ilata edilýän tölegli hyzmatlaryň möçberleriniň köpelýändigi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we satyn alyş ukybynyň ýokarlanýandygyny, şeýlelikde, olaryň islegleriniň has artýandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz  döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna demokratik kadalaryň  yzygiderli ornaşdyrýandygyny, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň dowam etdirilýändigini aýdyp,  Aşgabatda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň dabaraly açylmagynyň ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynyň täze ýokary okuw mekdepleriniň hasabyna giňelýändigine hem-de dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda hem ýokary ösüş depginleriniň  gazanylandygy bellenildi.  
Biziň güneşli ülkämiziň ähli künjeklerinde köpsanly häzirki zaman desgalary we binalary giň gerim bilen gurulýar we ulanylmaga berilýär. 

Häzirki döwürde «Türkmenistan OwganystanTäjigistan» halkara demir ýolunyň, Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjiginiň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň, howa menzilleriniň, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň gurluşyklary ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Iri köprüler, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglarydyr orta mekdepler, medeniýet öýleri, senagat kärhanalary we köp sanly beýleki desgalar bina edilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda içerki bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilen önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça hem köp işler bitirildi diýip, milli Liderimiz aýtdy we şol döwürde  ýurdumyzda täze önümçilik mümkinçilikleriniň döredilendigini belledi. Öz milli senagat pudagymyz kemala geldi we ösüş ýoluna gadam basdy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, oba ýerlerinde kärende gatnaşyklarynyň ornaşdyrylmagy, daýhan birleşikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi netijesinde, bazarlarymyz azyk önümleri bilen bolelin üpjün edildi.

Ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we  2015-nji ýylyň öz emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylan ýyly hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly taryhyna hemişelik girjekdigini nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen «DemirgazykGünorta» we «Gündogar Günbatar» ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň parahatçylygy üpjün etmekde, ýagny diňe sebit däl-de, eýsem dünýä derejesinde hem özara düşünişmegi we dostlugy berkitmekde hem, ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary netijeli bolmagyny gazanmakda hem möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň çözgüdine laýyklykda şu ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň bu meselelerde ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek hem-de özümizde öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan yzygiderli işleriň netijesinde, ýurdumyzda durmuş üpjünçiligine gönükdirilen bazar ykdysadyýeti emele geldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz orta we kiçi telekeçiligiň, şol sanda hususy telekeçiligiň  yzygiderli ösýändigi barada aýdyp, häzirki wagtda, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, umumy içerki önümçiligiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýynyň 68 göterime barabardygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli kärhanalaryň umumy sany 25 müňe ýetdi. 

Önümçilige ylmyň we tehnikanyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän täze kärhanalar döredilýär.

Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň berkemegi hem ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we dürli ugurlarda özara peýdaly dostlukly gatnaşyklary saklamagyň biziň ýurdumyzyň milli, sebit we dünýä ösüşiniň bähbitlerine alyp barýan daşary syýasatynyň, hususan-da, halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtady.

Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýaly abraýly halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk giň gerim bilen ösdürilýär.

Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, sebitde hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýändigini  hem-de goldaw tapýandygyny kanagatlanma bilen belledi.  Berkarar Watanymyzyň  Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişligindäki barha artýan täsiri hem-de mynasyp orny  şunuň bilen kesgitlenýär.

Şeýlelikde, ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegiň aýdyň ýoluna düşmek bilen, biz şu belent maksadymyza tarap yzygiderli barýarys. Bu bolsa, durnukly ykdysady ösüş üçin hökmany esas bolup durýar. Döwletimiziň bu möhüm ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirýän uly möçberdäki maýa goýumlary biziň geljegimiz üçin goýulýan maýa goýumlarydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz içeri we daşary syýasatda gazanan üstünliklerimize, milli ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ýokary depginler bilen öňe barýandygyna baha berip, biz hemmetaraplaýyn ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döredendigimizi uly buýsanç bilen aýdyp bileris diýip belledi. Berkarar döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandy we gazanmagyny dowam edýär.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, türkmen döwletini gurmaga işjeň gatnaşýandyklary üçin, mähriban halkymyza, aýratyn-da hormatly ýaşulularymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam edip,  ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri amala aşyrýandygyny aýtdy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň täze ösüş döwründe hukuk özgertmelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň özeni bolup durýar.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kabul edilen wagtyndan bäri Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça uzak möhletlere gönükdirilen iri milli maksatnamalar kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we biziň ykdysadyýetimiziň öndüriji güýçleri ep-esli artandygyny, demokratik kadalaryň  durmuşymyza giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulanýandygyny, onuň aň-düşünjesiniň, bilim derejesiniň we syýasy işjeňliginiň artýandygyny belläp, ýurdumyzyň mundan beýläk hem öňe gitmegini üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň we şol özgertmeleri milli kanunçylygymyzda berkitmegiň wajypdygyny aýtdy. 

Bularyň ählisi  Konstitusiýanyň aýry-aýry düzgünleriniň ýeterlik derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär. Döwlet ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwrüň talaplaryna hemmetaraplaýyn laýyk gelýän täze konstitusion ýörelgeleri we kadalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň häzirki tapgyry ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamlarynyň ösüş ugurlaryny kesgitlemelidir. Şol ugurlar häzirki döwürde dünýä tejribesinde emele gelen ýagdaýlara laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we  Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar tarapyndan Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça uly işleriň geçirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işlere biziň jemgyýetimiziň uly gyzyklanma bildirendigini aýdyp, taslama çap edilenden soň gelip gowşan teklipleri öwrenmegiň, düýpli seljermegiň we umumylaşdyrmagyň netijesinde, Esasy Kanunyň gutarnykly görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanandygyny nygtady. Bu taslama bütin halkymyz tarapyndan taýýarlandy diýsek, dogry bolar diýip pikir edýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylaryň  garamagyna hödürlenýän Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň esasy düzgünleri barada durup geçip, onuň  täze maddalaryň 28-sini üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen 107 maddany we täze girizilen bir bölümi öz içine alýandygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  Döwletimiziň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplygy, hukuk, dünýewi we demokratik häsiýeti baradaky we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy beýleki düzgünleri üýtgewsiz galýar.

Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýasyny öz Esasy Kanunynda beýan eden ýeke-täk döwletdir. Biz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini Esasy Kanunymyzda berkitmegi maksat edindik. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky gaýtadan kabul edilen taryhy Rezolýusiýa aýratyn möhüm ähmiýet bermek isledik diýip, milli Liderimiz aýtdy.  

Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alnyp,  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde bitaraplyk hukuk ýagdaynyň täze, aýratyn maddada beýan edilmegi baradaky netijä gelnendigini belläp, bu teklibiň  bütin halkymyz tarapyndan Esasy Kanunymyzyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, doly makullanandygyny nygtady.

Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüji başlangyçlary we alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty giňden goldanylýar. Biz beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we bütin dünýäniň döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermek ýaly daşary syýasatymyzyň möhüm ýörelgelerini Konstitusiýamyzda beýan etdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy baradaky düzgünleriň beýan edilendigine aýratyn üns bermek bilen, 
Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilen işlerde ýokary işjeňlik görkezendigi, şeýle hem Esasy Kanunymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk getirmäge uly goşant goşandygy üçin, bütin halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri döretmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Mejlisiň maslahatynyň geçirilmeginiň  we onda Esasy Kanunymyzyň Ýaşulularyň maslahatyna gatnaşyjylar  tarapdan makullanan maddalaryna seredilmeginiň  maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak barada Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň taryhynda şanly senä öwrüljekdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň durmuşynda 2017-nji ýyl uly taryhy wakalaryň döwrüne öwrüler. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Elbetde, Prezident saýlawlary raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini, döwlet Baştutanyny saýlamagyň ýurduň geljekki ykbalyny kesgitlemekde ornunyň örän uludygyna düşünýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Geljek ýylda Prezident saýlawlary ähli türkmenistanlylaryň ýokary raýatlyk işjeňligi ýagdaýynda geçer. Bu saýlawlara ilkinji gezek üç partiýa, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan başga-da, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de Agrar partiýasy gatnaşar. 

Bu partiýalaryň bäsleşigi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze, möhüm ähmiýetli öwüşgin berer. Saýlawlaryň ýokary bäsleşik derejesini üpjün eder. Bu bolsa, bütin jemgyýetiň we her bir raýatyň syýasy medeniýetini mundan beýläk-de ösdürmäge, halk bilen häkimiýetiň bitewüligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi demokratik başlangyçlar esasynda jebisleşdirmäge ýardam berer diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Jemgyýet we döwlet işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriň üsti bilen gatnaşmak hukugyny raýatlara bermek örän möhüm konstitusion ýörelgeleriň biri bolup durýar. Gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw esasynda döwlet edaralaryna erkin saýlamak we saýlanmak hukugy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2013-nji ýylyň maýynda kabul edilen Saýlaw kodeksinde anyk kesgitlendi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.  

Şu Kodekse laýyklykda dalaşgärler erkin we deňhukukly esasda hödürlenýär. Aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçilikler döredilýär. “Men döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleriň has köp bolmagyny isleýärin” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz baý durmuş tejribesi bolan ýaşulularymyza, maslahata gatnaşýan ähli adamlara ýüzlenýärin,  ylymly-bilimli we tejribeli, halkymyza wepaly bolup, jany-teni bilen gulluk etmek isleýän her bir raýatymyza, syýasy partiýalardan ýa-da raýatlar toparlaryndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmäge mümkinçiligiň  döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň  ählisiniň ýurdumyzyň sebitlerinde ýaşaýan dürli ýaşly we hünärli adamlaryň doly hukukly wekilleridigini bellemek bilen, olaryň türkmen döwletiniň Baştutanynyň geljekki saýlawlarynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekde  ygtybarly kömekçiler bolmalydygyny nugtady.

“Diňe ähli raýatlaryň, ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň we toparlarynyň wekilleriniň örän yhlasly, tutanýerli we işjeň gatnaşmagy netijesinde biz şu jogapkärli wezipä döwlet aladalaryny öz üstüne alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürip, dogry ýol bilen öňe alyp gitjek mynasyp adamy teklip edip we saýlap bileris. Goý, hemmeler bu hakykaty ýatda saklasyn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýygnananlaryň ünsüni 2017-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasynda göz öňünde tutuljak durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryna çekdi. 

Türkmenistanyň Baştutany  pudaklary ýokary depginler bilen ösdürmegiň we tutuş ykdysadyýetimiziň netijeli bolmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamaga örän uly üns bermegiň wajypdygyny belläp,  geçirilýän özgertmeleri dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Bu özgertmeler bolsa, halkara we sebit ähmiýetli, iri hem-de aýratyn möhüm maýa goýum taslamalaryny göz öňünde tutýar. 

Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, öňki ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem, alyp barýan durmuş syýasatymyz halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir. Sebäbi, biz saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de hyzmatlar ulgamynyň beýleki görnüşleriniň netijeliligini artdyrmak esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz iň ýokary dünýä talaplaryna laýyklykda bilim ulgamyny mundan beýläk-de ýokary hilli we hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri dowam etmegiň wajypdygyny aýdyp, daşary ýurt dillerinde okatmagyň, täze okuw jaýlaryny açmagyň hem bu işlere ýardam berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz ylmy ösdürmek,  akademiki institutlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ylmy barlaghanalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, munuň  ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Kadaly iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy, sport bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýan milli saglygy goraýyş ulgamyny kemala getirmek dowam etdiriler. Saglygy goraýyş ulgamynda zerur özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, keselleriň öňüni almakda, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen ylmy taýdan hyzmatdaşlyk etmek boýunça giň gerimli çäreler geçiriler diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeniýet baradaky döwlet syýasatynyň medeniýetiň gazananlarynyň jemgyýetiň ähli agzalary üçin mümkin boldugyça elýeterli bolmagyny maksat edinýändigini belledi. 

Milli Liderimiz ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek meseleleri barada durup geçip,  milli sport ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin  iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny peýdalanmagyň, tälimçileriň we türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin milli hünärmenleri daşary ýurtlaryň ýokary sport merkezlerine ýörite okuwlara ibermegi dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet haklaryny, pensiýalary we talyp haklaryny ýokarlandyrmak boýunça (10 göterimden az bolmadyk möçberde) çäreleri geçirmegiň, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmek arkaly ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň  öňde duran möhüm wezipeleriň biridigini belläp,  bu işleriň makroykdysady taýdan durnukly ösüşi gazanmagyň we adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň ygtybarly binýadyny döretmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz  ýaşaýyş durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberiniň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 7580 göteriminden az bolmaly däldigini belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň girdejileriniň  yzygiderli artmalydygyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has gowulanmalydygyny nygtady. Bu ýagdaý bolsa, diňe ykdysadyýetiň ygtybarly ösüşine esaslanyp biler. Jemgyýetde maliýe we durmuş taýdan durnukly ösüşi hem üpjün etmeli. Şeýle hem, döwlet enäni we çagany goramak boýunça yzygiderli çäreleri görmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek, raýatlaryň işlemäge bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilen çärelere hem Döwlet býujetinde uly orun berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmelidir. Işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga, kämil enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürýän, eýeçiligiň dürli görnüşlerindäki döwrebap kärhanalary döretmäge, şeýle hem göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda,  ýurdumyzyň maýa goýum ösüşi boýunça anyk maksatnamalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilýändigi nygtaldy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda uglewodorod serişdelerini düýpli we köptaraplaýyn gaýtadan işlemek boýunça täze iri desgalary gurmagyň, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, çig maly gaýtadan işleýän we taýýar önümleri çykarýan senagat pudaklaryny döretmegiň göz öňünde tutulýandygyna ünsi çekdi. 

Şeýle hem, Maksatnamada önümleri daşary ýurtlara ibermäge, beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri    öndürmäge gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmek, ilatyň azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça oba hojalygynda özgertmeleri geçirmek, 
ilatyň ähli gatlaklary üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça 2017-nji ýylda düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Olaryň ýarysyndan gowragy önümçilik desgalarynyň gurluşygyna gönükdiriler. Serişdeleriň bir bölegi bolsa  önümçilik bilen bagly bolmadyk desgalary gurmaga gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz anyk maglumatlary getirdi. 

Düýpli maýa goýumlarynyň ep-esli bölegi uglewodorod çig malyndan polietilen, polipropilen, ýokary oktanly benzin ýaly önümleriň gymmat bahaly görnüşleriniň önümçiligini ösdürmäge gönükdiriler. Maýa goýumlarynyň köp bölegini “TürkmenistanOwganystanPakistanHindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin goýbermek göz öňünde tutulýar. 

Geljek ýylda elektrik energetikasyny ösdürmäge, täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we işläp gelýän elektrik stansiýalarynyň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler. Bu bolsa, elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga we içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatyndaky gaýragoýulmasyz wezipeler barada durup geçip,  Lebap welaýatynyň Garlyk şäherçesindäki kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumynyň we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawodynyň gurluşygy üçin düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberiniň goýberilmelidigine ünsi çekdi. Mundan başga-da, himiýa senagatynda ýod we brom öndürýän birnäçe senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmaly.

Şeýle hem, 2017-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda ulag toplumyny we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we  «AşgabatTürkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň  bu toplumyň örän möhüm gurluşyklarynyň biridigini belledi. Bu täze ýoluň gurulmagy ýurdumyzyň ykdysadyýetine dünýäniň ykdysady ulgamyna has amatly goşulmaga we erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljek ýyl Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygyna hem düýpli maýa goýumlarynyň uly möçberleri goýberiler. Bu maýa goýumlaryny özleşdirmek geljekde Halkara portuny Hazar deňzindäki iň iri logistika merkezleriň birine öwürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «AşgabatTürkmenbaşy», «AşgabatMaryTürkmenabatFarap» we «Aşgabat GaragumDaşoguz» awtomobil ýollaryny abadanlaşdyrmaga we döwrebap ýagdaýa getirmäge hem köp möçberde maýa goýumlaryny goýbermek göz öňünde tutulýar diýip belledi we  geljek ýyl paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň üçünji nobatdakysynyň gurluşygynyň tamamlanjakdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýakyn geljekde ýurdumyzda täze  ýaşaýyş jaýlarynyň,  umumybilim berýän mekdepleriň,  mekdebe çenli çagalar edaralarynyň,  hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň  ulanmaga beriljekdigini, inžener üpjünçilik ulgamlarynyň birnäçe desgalarynyň  işe giriziljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň  ýurdumyzyň ähli künjeklerinde müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat  ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesiniň  durýandygyny aýdyp, egsilmez döredijilik ruhy bilen galkynýan merdana halkymyzyň şu belent maksatdan ugur alyp, içeri we daşary syýasatda öňümizde durýan jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirjekdigine, yhlasly zähmeti bilen has ajaýyp we nurana mekana öwrüljek mähriban Watanymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.

“Biziň ýürekden buýsanýan ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar. Biz geçen taryhy ýolumyza buýsanmaga doly haklydyrys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolan eziz Türkmenistanyň iň täze taryhyna hem ajaýyp we şan-şöhratly sahypalary ýazarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda amala aşyrylan işleriň hem-de gazanylan üstünlikleriň  geljekki nesilleriň kalbynda öz halkyna we ajaýyp Watanyna buýsanç duýgularyny döretjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny şeýle sözler bilen tamamlady: “Goý, biziň Garaşsyz döwletimiziň we agzybir halkymyzyň at-abraýy we şan-şöhraty älem-jahana ýaň salsyn! 
Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk hem gülläp össün!

Goý, Türkmen döwletiniň halkara abraýy Ýer ýüzüne dolsun!

Ýaşasyn, eziz Watanymyz Türkmenistan!

Ýaşasyn, baky sarsmaz Türkmen döwleti!

Ýaşasyn, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri!

Ýaşasyn, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!”

Hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn sözlän sözi uly üns we ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Meňzeş Täzelikler

Türkmenistan - ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan – ÝHHG: Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda žurnalistleriň hukuklary we borçlary boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir