Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Nebit Gymmatlaýar
Nebit Gymmatlaýar
Nebit Gymmatlaýar

Nebit Gymmatlaýar

Nebitiň dünýä boýunça bahalary penşenbe güni irden ýokary galyp başlady. Çünki maýadarlar Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň düýpli azalýandygy baradaky maglumatlaryndan peýdalanýardylar. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär.

08:04 wagta çenli ýagdaý boýunça Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 0,89 göterim ýokarlanyp – barrel üçin 51,21 dollara barabar boldy. WTI kysymly nebitiň iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 0,97 göterim ýokarlanyp, barrel üçin 48,79 dollara deň boldy, diýip Praým ýazýar.

API-niň maglumatlaryna laýyklykda, ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 26-njy maýda tamamlanan iş hepdesinde 8,7 million barrel aşaklap, häzirki wagtda 513,2 million barrel derejede dur. Analitikler bu görkezijiniň 2,5 million barrel azalmagyna garaşýardylar.

Şol bir wagtda nebitiň bahalary OPEC-e girýän we girmeýän döwletleriň nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek ylalaşygyň geçen hepdede möhletiniň uzaldylmagy netijesinde nebitiň bahalary ösüşini saklap galdy, diýip Reýter agentligi. «Maýadarlarda nebitiň ätiýaçlyklarynyň azaljakdygyna şübhe bar» diýip agentlik ANZ-niň ady agzalmadyk analitiklerini gürledýär.

OPEC we oňa girmeýän birnäçe döwletler 2016-njy ýylyň ahyrynda Wenada geçirilen mejlisde nebitiň jemi çykarylyşyny oktýabrdaky derejeden günde 1,8 million barrel derejede çäklendirmegi ylalaşdy, şol sanda 300 müň barreli Russiýanyň paýyna düşýär. Ylalaşyk uzaltmak mümkinçiligi bilen 2017-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy üçin baglanyşyldy. Maý aýynda onuň möhleti 9 aý — 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaldyldy.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir