Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2016” atly XXI halkara maslahaty hem-de sergisi öz işini dowam etdi. Pudaklaýyn maslahatyň netijelerini jemlemek şu günüň esasy wakasy bolup, oňa daşary ýurtlaryň nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň hem-de Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäniň işewür toparlarynyň maslahata bildiren uly gyzyklanmasy nebitgaz serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwaty bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň açyklygy hem şunda aýratyn orun eýeleýär. Dünýä ykdysadyýeti üçin strategiki taýdan möhüm bolan bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren netijeli başlangyçlary, olary iş ýüzünde amala aşyrmak, türkmen ýangyç-energetika toplumyny we ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmek maksady bilen görülýän anyk çäreler, milli kanunlar bilen degişli halkara kadalarynda berkidilen, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy—bularyň hemmesine dünýäniň nebitgaz işewürliginiň wekilleri tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna goýulýan maýalary doly goramagyň mäkäm syýasy we ykdysady kepillikleri hökmünde garalýar.

Maslahatyň iki günlük işiniň barşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özara gatnaşyklaryň geljegine we strategiki ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Nebitgaz serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge maýa goýmak, ýurdumyzda nebiti hem-de gazy gözläp tapmagyň we çykarmagyň hem-de olary düýpli gaýtadan işlemegiň geljegi uly bolan usullary we tehnologiýalary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

Halkara ulag ýollarynyň strategiki taýdan möhüm çatrygynda ýerleşýän we üstaşyr mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ulag ulgamynda iri möçberli taslamalary amala aşyrmagy hem daşary ýurtly işewürlerde gyzyklanma döretdi. Munuň özi beýleki artdykmaçlyklar bilen bir hatarda, nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy daşary ýurt bazarlaryna ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

28-nji noýabrda Ymamnazar demir ýol menzilinde transmilli polat ýolunyň—Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny işe girizmek dabarasy munuň aýdyň mysalyna öwrüldi. Sebit ýollarynyň “altyn halkasyna” öwrüljek Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdy.

Şol gün Ymamnazar demir ýol menziliniň golaýyndaky gümrük nokadynda nebit önümleriniň täze terminaly işe girizildi. Onuň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi bir gije-gündizde nebit önümleriniň 540 müň tonnasyny, bir gije-gündizde ýangyç serişdeleriniň 2 müň tonnasyny kabul etmäge, saklamaga we ugratmaga mümkinçilik berýär. Nebit önümleri terminala demir ýol çeleklerinde eltilýär, kabul edilýär, ýörite turbalar arkaly Owganystan bilen serhede iberilýär, şol ýerde bolsa aňyrlygyna ugratmak üçin ýörite awtoulaglara guýulýar.

Ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjylarynyň birinji dörtlüginiň hataryna goşýan tebigy gazyň uly möçberli serişdelerine eýe bolan Türkmenistan gazyň dünýä bazarlaryna iberilmegini özüniň strategiki ugry hasaplaýar. Özara bähbitlere esaslanan bu meýilnamalar dünýä bazarynda türkmen tebigy gazyna bolan islegiň artmagyny nazara almak bilen tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Forumda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ykrar edilen energetika döwleti bolan Türkmenistan köp ugurly gaz geçiriji ulgamy döredýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli taslamalary amala aşyrýar.Şunuň bilen baglylykda, gurluşygyna badalga berlen iri möçberli uzakmöhletleýin halkara energetika taslamasy bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna hem-de Ýewropa ugrunda gaz geçirijini çekmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, esasy günbatar kompaniýalaryň wekilleri türkmen konsernlerine gury ýerde hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginde ýataklary gözläp tapmak we işläp taýýarlamak, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň täze ýollaryny döretmek babatda öňdebaryjy, ýokary netijeli tehnologiýalary bermäge taýýardygyny aýtdylar.

Ählumumy energetika howpsuzlygyny artdyrmaga gönükdirilen ýörelgelere ygrarly bolan Türkmenistan uglewodorodlaryň serişdeler binýadyny yzygiderli artdyrýar hem-de içerki we daşarky bazarlarda energiýa serişdelerine bolan islegi doly üpjün etmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen gaz geçiriji ulgamyny kämilleşdirýär.

Bu babatda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny bir bitewi ulgama goşup, türkmen gazyny islendik ugurda dünýä bazarlaryna ibermek üçin möhüm orun eýelär.

Ekologiýa meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanda hereket edýän senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmakda we olaryň täzelerini gurmakda bu meselä aýratyn orun berilýär.

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artmagy ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Häzir milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap, has kämil tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna gözegçilik etmegiň netijeliligini artdyrmak, gurulýan zawodlary hem-de fabrikleri, beýleki desgalary ekologiki ölçeglerine we talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen çäreler görülýär. Olar daşky gurşaw üçin howpsuzlygy boýunça hökmany tertipde degişli barlagdan geçirilýär.

Maslahatda ýurdumyzyň hünärmenlerini gyzyklandyrýan we ýakyn geljekde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna zerur boljak zatlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de iri kompaniýalaryň we şereketleriň diwarlyklarynda görkezildi. Olar öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary ulanmak barada Türkmenistanyň bildirýän talabyny nazara almak bilen, işläp düzmelerini Aşgabada alyp geldiler.

Ykdysady sergä gatnaşyjylar we myhmanlar täze ýataklary özleşdirmegiň hem-de bar bolanlarynyň netijeliligini artdyrmagyň taslamalaryna aýratyn üns berdiler. Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ýakyn geljegine nazar aýlamaga ajaýyp mümkinçilik döredýän innowasion tehnologiýalaryň diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi.

Serginiň we maslahatyň gerimi çykyşlaryň çäklerinde hem-de şu günler daşary ýurtly işewürleriň we ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň hem-de konsernleriniň arasynda geçirilen köpsanly işewür duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, maslahatyň iki günlük işiniň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ýagdaýy hem-de esasy ugurlary barada doly maglumat aldylar, tagallalary we maýalary birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler hem-de özara gatnaşyklarda toplanan tejribäni paýlaşdylar.

Meňzeş Täzelikler

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Arkadaga Waspnama

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir