Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Nowruz Baýramy Mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyna Gutlaglar Gelip Gowuşýar
Nowruz Baýramy Mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyna Gutlaglar Gelip Gowuşýar
Nowruz Baýramy Mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyna Gutlaglar Gelip Gowuşýar

Nowruz Baýramy Mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Adyna Gutlaglar Gelip Gowuşýar

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Gyrgystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de tutuş türkmen halkyny bahar baýramy bolan Nowruz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda hoşniýetli we nurana geljege gönükdirilen umyt-arzuwlaryny bu şanly baýram bilen baglanyşdyryplar. Goý, tebigatyň täzelenişiniň we pederlermiziň paýhasly ýörelgelerine ygrarlylygyň nyşany bolan Nowruz mundan beýläk-de biziň halklarymyzyň arasyndaky ruhy umumylygyň pugtalandyrylmagyna, dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam bersin.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işleriňizde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Almazbek Atambaýew,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna baharyň gülläp ösüşini alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetlili tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende şatlyk duýgusyny döredýär.

Bu bahar baýramyny giňden dabaralandyrýan halklarymyz üçin Nowruz olaryň gadymy däpleriniň, medeniýetleriniň umumylygynyň nyşany bolmak bilen, sebitara durnuklylygy, raýdaşlygy we agzybirligi şertlendirýär.

Nowruzyň iki ýurduň halklary, aýratyn-da, Türkmenistanyň dostlukly halky üçin abadançylygyň, rowaçlygyň we bagtyýarlygyň buşlukçysy bolmagyny Beýik Biribardan dileýärin.

Mundan beýläk-de Owganystan Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirýärin.

Size berk jan saglyk, üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de güllläp ösüş we bagt arzuw edýärin.

Doktor Abdulla Abdulla,
Owgynystan Yslam Respublikasynyň Ýerine
Ýetiriji häkimiýetiniň Baştutany

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi GDA – gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Nowruz baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gözbaşyny asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýan Nowruz baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny we täze durmuşyň başlaýandygyny alamatlandyrýar. Millionlarça adamlaryň kalplarynda söýgi, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly nurana duýgulary oýarmak bilen, Nowruz şatlyk we ynam eçilýär, dostlugy, birek-birege hormat goýmagy we ylalaşygy pugtalandyrýar.

Bu baýramçylyk gününde Size berk jan saglyk, bagt, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
A.Sergeýew,
GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň
Geňeşiniň Baş sekretary

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir