Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy
Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy
Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy

Owadandepedäki Zawodda Gazy Benzine Gaýtadan Işleýän Desgany Oturtmak Işleri Başlandy

Owadandepedäki tebigy gazdan sintetiki suwuk ýangyç öndürmek boýunça zawodda Ýaponiýanyň, Günorta Koreýanyň we Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy öndürijilerinden satyn alnan dürli enjamlary oturtmak boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Hususan-da, hünärmenler gazy benzine gaýtadan işleýän desgany oturtmak boýunça işlere başladylar. Bu desganyň ygtyýarnamalary «Haldor Topsoe A/S» daniýa kompaniýasy çykyş edýär.

Bu desganyň işleýiş prosesi birnäçe tehnologiki tapgyrlardan, şol sanda çig maly arassalamak, riforming, gazy arassalamak we sowatmak, metanoly sintezlemek, benzini fraksionirlemek, benzini regenerirlemek, gyzdyryjylary oturtmak, bugy generirlemek ýaly tapgyrlardan ybaratdyr.

Gazy benzine gaýtadan işleýän desga üçin çig mal hökmünde 100 göterim tebigy gaz ulanylýar. Tebigy gazda kükürtiň we azotyň birleşmesi ýaly dürli görnüşli garyndylar saklanýar. Gaýtadan işlenilende bu garyndylar ýok edilýär. Soňra tebigy gaz kompressorda kadaly basyşa getirilýär, wodorod goşulýar we adaty işjeň temperatura – 385 gradus Selsiýa çenli gyzdyrylýar.

Gazy gaýtadan işlemekligiň indiki tapgyry riforming bolup durýar. Riforming bölümi gazy benzine gaýtadan işlemekde esasy özen bolup durýan awtotermiki riforming reaktoryny öz içine alýar. Öz gezeginde, awtotermiki riforming tehnologiýasynyň esasy elementi çig mal akymlarynyň turbulent diffuzion alawunda garylmagyny üpjün edýän gorelka bolup durýar. awtotermiki riforming desgasynda çykanda gazyň temperaturasy takmynan 1025 gradus Selsiýa deňdir. Bu temperaturada gaz deňagramlylyk ýagdaýynda saklanýar.

Şunuň netijesinde tebigy gaz benziniň häsiýetlerine eýe bolýar we doly derejede sintetiki suwuk ýangyja öwrülýänçä gaýtadan işlemekligiň beýleki tapgyrlaryndan geçirilýär.

Habar berlişi ýaly, zawodyň gurluşygy «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Sirketi» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen 2014-nji ýylda degişli resminama gol çekmegi netijesinde alnyp barylýar.

Kärhananyň kuwwaty her ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 600 müň ýokary hilli, AI-92 kysymly ekologik taýdan arassa, Euro-5 standartlaryna laýyk gelýän benzin öndürmäge niýetlenendir.

Zawod üçin esasy çig mal bolan tebigy gaz uzakda ýerleşmedik «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisinden alnar. Gazy benzine gaýtadan işleýän tehnologik proses birnäçe yzygiderli işi, şol sanda tebigy gazy arassalamak, sintez-gaz almak, soňra metanol, ondan ahyrynda bolsa benzin almak işini öz içine alýar.

Zawody 2018-nji ýylda ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär. Bu häzirki zaman toplumynyň öndürjek önümleri Türkmenistanyň dünýäniň ýangyç-energetika bazarlaryna çykmagy üçin uly mümkinçilikleri döreder.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda içerki hem daşarky bazarlarda ýokary islegden peýdalanylýan nebithimiýanyň we gazhimiýanyň taýýar önümleriniň önümçiligini giňeltmek ýurduň nebitgaz pudagynyň möhüm meseleleriniň biridir.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir