Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Oýunlar Akademiýasy
Oýunlar Akademiýasy
Oýunlar Akademiýasy

Oýunlar Akademiýasy

2010-njy ýylda Aşgabat şäheri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin hukuk gazandy. Oýunlar 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 17- 27 –si aralygynda geçiriler.

Türkmenistanda geçiriljek ilkinji köp ugurly sport oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin Ýerine ýetiriji komitetiň işgärleri we işe täze geljek işgärler üçin Oýunlaryň Akademiýasy öz işine başlar.

Oýunlaryň Akademiýasy näme?
Aşgabat 2017 Oýunlarynyň Akademiýasy – bu türkmen raýatlaryny işe almak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksatnamasydyr. Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy geljekde uly çäreleri geçirmek üçin galdyrylýan mirasyň bir bölegi hökmünde Ýerine ýeitiriji komitetiň işgärleriniň ukyp -başarnyklaryny we Oýunlar baradaky bilimlerini artdyrar.

Oýunlar Akademiýasy Oýunlara taýýarlyk görmek işlerini amala aşyrmak üçin 400 adamy işe alar. Olar halkara bilermenleriň ýolbaşçylygynda işlär we iri çäreleri guramaga degişli meýilleşdirmek we amala aşyrmak işlerinde tejribe alar.​

Nähili wezipeler üçin işe alynýar?
Biz işgärleri we hünarmenleri işe alýarys.

Işgärleriň wezipesi üçin dalaşgärler öwrenmäge höwesli, oýunlary ýokary derejede gurnamak üçin maksadaokgunly we dürli-dürli toparlar bilen sazlaşykly işlemäge ukyply bolmalydyr.

Hünärmen wezipesi üçin dalaşgärler tejribelerini subut etmelidir şeýle hem tehniki we menejer wezipelerinde başarnyklaryny görkezmelidirler.

Aşgabat 2017 aşakdaky görkezilen iş ugurlarynda umumy işgärleri we hünärmenleri işe alar:

Aragatnaşyk, resmi keşp we marketing
Petek ulgamy
Iýmit üpjünçiligi, arassaçylyk
Çäreleriň hyzmatlary
Logistika
Oýunlaryň hyzmatlary
Desgany dolandyrmak
Akkreditasiýa
Işgärler bölümi
Meýletinçileri dolandyrmak
Işgärleri dolandyrmak
Ýörite lybas işlerini dolandyrmak
Taslamany dolandyrmak
Sport
Howpsuzlyk
Tehniki hyzmatlar bölümi
Tehnologiýa hyzmatlarynyň netijeleri
Desganyň tehnologiýa bölümi
Türgenleriň şäherçesi
Milli Olimpiýa komiteti üçin hyzmatlar
Protokol

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda näme üçin işlemeli?
Işgärler üçin mümkinçilikler:

Oýunlar Akademiýasynyň bilim maksatnamasy arkaly tejribesini we ukyp-başarnyklaryny artdyrar.
Aşgabat 2017 çärelerinde meýilleşdirmek we dolandyrmak işleriniň ýerine ýetirilişine goşandyny goşar.
Halkara iri çäreleri gurnan ýokary derejeli hünärmenlerden sport ýaryşlaryny dolandyrmak babatda iň gowy tejribe alar.
Türkmenistanda geçiriljek iň iri sport oýunlarynyň bir agzasy bolar.

Işgärlere aşakda agzalan mümkinçilikler dörediler:

Tolgunduryjy, tejribeli, ýokary depginli gurşawda işlärler.
Kanagatlandyryjy duýgy we üstünlik gazanarlar.
Täze adamlara duşarlar, täze dost tutunarlar, aragatnaşygy ösdürmek üçin pursat dörär.
Sport ulgamyna degişli bolan ýörite düzgünleri öwrenerler.
Tomaşaçylar üçin öz ýurdunda geçirilýän çäreleriň köpelmegine ýardam berer.

Bize nähili işgärler gerek?
Biz hyjuwly, janypkeş, ukyply we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna başarnykly hyzmat edýän işgärleri gözleýäris.

Oýunlaryň Akademiýasyna alynmaly dalaşgärler Türkmenistanyň raýaty we Aşgabat şäherinde işlemäge rugsatnamasy bolmaly we ýaşy 18-den geçmeli.

Saýlanan işgärler 2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-yna çenli dowam edip, şertnama laýyklykda, üýtgewsiz tertipde doly wagtlaýyn işlärler.
Men işe girmek üçin nähili ýüz tutyp bilerin?
Siz bu işe girmek üçin AIMAG işe alyş e-poçtasyna hat ýazmak arkaly synanyşyp bilersiňiz. E-poçta: recruitment@ashgabat2017.com

Wezipeler bu web sahypada her aý mahabatlandyrylar we biz size täze iş wezipeleri üçin bu web sahypany barlap durmagyňyzy teklip edýäris. Siz gyzyklanýan wezipeleriňiz boýunça öz şahsy maglumatyňyzy (rezýume) işe alýan topara iberip bilersiňiz.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir