Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy
Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Oýunlaryň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisinde Aşgabatda Geçiriljek Aziada Taýýarlyk Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Mejlise gatnaşyjylar tarapyndan garalyp geçilen esasy mesele Aziýa oýunlarynyň nyşanlary, birinji nobatda bolsa oýunlaryň esasy keşbi Wepaly atly alabaý iti boldy. Şeýle hem Wepaly bäsleşikleriň geçiriljek sport görnüşleriniň 21-sinde hem şekillendirilipdir. Milli Liderimiziň teklibi boýunça bu şekiller köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň jemgyýetçiligiň tanyş bolmagy hem-de ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlener.

… Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň bu gezekki mejlisiniň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Çykyş edenler diňe bir ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek meselelerine däl, eýsem, daşary ýurtly wekiliýetleri kabul etmek, ýerleşdirmek, naharlamak, medeni maksatnamasy we beýlekiler ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine aýratyn üns berdiler.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, şeýle hem Awstraliýa we Okeaniýa ýurtlarynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça giň möçberli maglumat işleri ýaýbaňlandyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäherinde “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly sport kongresini we sergini geçirmäge taýýarlyk meselelerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, köp ýurtlaryň sport ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň ugurlaryna seredildi.

Aşgabatda oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, türkmen hünärmenleriniň doping synag tehnologiýalaryny öwrenmegi üçin Merkezi Aziýa sebitleýin dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi, hem-de milli hünärmenleri doping-gözegçiligi boýunça taýýarlamaga gönükdirilen okuw maslahaty guraldy. Olaryň netijeleri boýunça türkmen hünärmenlerine degişli resminamalar gowşuryldy. Mejlisde bu ulgamda ägirt uly tejribe toplan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, Milli dopinge garşy komiteti döretmek boýunça geçirilen işleriň netijelerine garaldy.

Paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna daşary ýurtly žurnalistleri çagyrmak boýunça meýilnama, oýunlara Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-siniň hem gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça köpugurly işler alnyp barylýar. Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleriniň hem-de Milli sport federasiýalarynyň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, ulanmak we hyzmat etmek, meýletinçiler toparyny hem-de beýleki işgärleri taýýarlamak çäreleri işjeň alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, oýunlaryň dessin meýilleşdirilmegini we taýýarlyk çärelerini amala aşyrýan “Trivandi Ghanzo Limited” hyzmatdaş britan kompaniýasy Oýunlara taýýarlygyň çäklerinde ähli kompaniýalaryň we guramalaryň alyp baran işlerini utgaşdyryp, Aşgabatda boljak giňmöçberli ýaryşlary üstünlikli geçirmek boýunça taýýarlan tekliplerini hödürledi.

Mejlisde oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary bilen baglanyşykly maglumatlar aýdyldy. Aziada-2017-niň keşbi bolan Wepaly alabaý itiniň şekili ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem alabaý we bedew şekillerini Aziadanyň bezegli tumarynda görmek bolýar. Ol özüniň çeýe görnüşi bilen zergärçilik önümlerini ýatladýar. Ýöne onuň reňki, gurluş ulgamynyň ösüşi boýunça geçmişden geljege gönükdirilen sazlaşygy, ösüşi alamatlandyrýar. Hereketiň çeýeligi türkmen laçynynyň gerlen ganatlaryna çalym edýär. Bu görnüş tutuş şekili emele getirýär.

Şeýlelikde, halkara jemgyýetçiligi Aziada-2017-niň tumary we şekili bilen tanşar. Olar mahabat-maglumat kompaniýalarynyň işleri bilen bilelikde dünýä ýaýrar. Onuň esasy wezipesi Aşgabatda geçiriljek oýunlara ünsi çekmekden, Türkmenistanyň hoşniýetli erki bolan, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki täze keşbini kemala getirmekden ybaratdyr.

Meňzeş Täzelikler

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir