Baş Sahypa / SPORT / Pälwanlar we Agyr Atletikaçylar Üçin Kiçi Türgenleşik Zallary
Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň ýene bir binasy türk gurluşykçylarynyň guran dürli ýaryşlar, şeýle hem 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna türgenleri taýýarlamak üçin döwrebap köpugurly sport desgalarynyň onlarçasyndan biridir.

Pälwanlar we Agyr Atletikaçylar Üçin Kiçi Türgenleşik Zallary

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň ýene bir binasy türk gurluşykçylarynyň guran dürli ýaryşlar, şeýle hem 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna türgenleri taýýarlamak üçin döwrebap köpugurly sport desgalarynyň onlarçasyndan biridir. 
Köpugurly toplum-kiçi türgenleşik zallary diňe bir türgenleşikler üçin däl, eýsem başa-baş söweşleriň ençeme görnüşi boýunça ýaryşlary-da geçirmäge niýetlenendir. 19 müň inedördül metre golaý meýdanda üç zal we beýleki ýörüteleşdirilen otaglar ýerleşdirilen. Olaryň ählisi dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň öndürýän döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilipdir. Mysal üçin, dzýudo we taekwondo boýunça türgenleşiklerdir ýaryşlar üçin zalda tutluşyklaryň her görnüşi üçin düşekçeleriň dördüsi bar. Awtomatiki usulda düşýän tuty zaly ikä bölýär, bu bolsa birbada iki ýerde türgenleşik geçirmäge mümkinçilik berýär. 
Beýleki zalda boks we agyr atletika boýunça türgenleşiklerdir ýaryşlar geçirmek üçin zerur enjamlar goýlan. Bu ýerde boks meýdançalarynyň birnäçesi we ýörite trenažorlar bar. Agyr atletikaçylar üçin ştangaly meýdançalaryň 16-sy göz öňünde tutulan. Olarda erkekler bilen bir hatarda zenanlar-da meşgullanyp bilerler. 
Üçünji zal göreş boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenendir. Zallaryň üçüsem janköýerler üçin münberleriň iki görnüşi: 184 orunluk stasionar we 668 orunluk ulaldylýan münberler bilen üpjün edilendir. Zallar jemi 2,5 müň tomaşaça niýetlenendir. 
Bu ýerde halkara, dünýä we ýurt birinjiliklerini, şol sanda dzýudo we milli göreş boýunça ýaryşary geçirse bolar. Sport zallaryndan başga-da, toplumda boksçylar üçin trenažorly türgenleşik otaglary, fitnes zallary, naharhana, eşik çalşyrylýan ýerler, ýuwnulýan otagçalar, edara otaglary bar. Howa gözegçlik ulgamy klasteriň ähli otaglarynda amatly howa şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Meňzeş Täzelikler

Ilkinji Ýyldyz - Musa Bilen Tanşalyň!

Ilkinji Ýyldyz – Musa Bilen Tanşalyň!

Ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Aşgabat Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir