Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Paýtagtymyzyň Berkarar Söwda Merkezinde Aziada-2017-niň Resmi Tumarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Boldy
Paýtagtymyzyň Berkarar Söwda Merkezinde Aziada-2017-niň Resmi Tumarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Boldy
Paýtagtymyzyň Berkarar Söwda Merkezinde Aziada-2017-niň Resmi Tumarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Boldy

Paýtagtymyzyň Berkarar Söwda Merkezinde Aziada-2017-niň Resmi Tumarynyň Tanyşdyrylyş Dabarasy Boldy

Ýurdumyzyň taryhynda iň iri sport wakasynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna laýyk 200 gün galdy. Tutuş ýurdumyz boýunça öňde boljak ýaryşlara bagyşlanyp mahabat çäreleri geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda merkezinde Aziada-2017-niň tumarynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Wepaly lakamly türkmen alabaýynyň keşbini artistleriň biri ýerine ýetirdi. Öňde boljak oýunlaryň bu nyşany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň başynda geçirilen mejlisleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Itleriň bu tohumyna mahsus bolan görmegeýje we şadyýan güjüjik alyjylaryň, esasan-da çagalaryň ünsüni çekdi, körpeler şol bada onuň daşyna üýşdüler. Paýtagtymyzda iri möçberli toplumlaýyn ýaryşlaryň geçirilýän döwründe aýratyn baýramçylyk, myhmansöýerlik we mähirlilik, dürli ýakymly duýgularyň höküm sürmeginde bu güjüge aýratyn orun degişli bolar.

Türkmenleriň hakyky seçgiçiler bolmak bilen, Ahalteke bedewi, türkmen alabaýy, aw tazysy ýaly eldeki haýwanlaryň täsin tohumyny döredendiklerini hem-de olary biziň günlerimize çenli üýtgewsiz görnüşde diýen ýaly saklamagy başarandyklaryny bellemek gerek. Şunda türkmenler olary ýetişdirmegiň usullaryny hem, bu jandarlara bolan hoşgylaw gatnaşyklaryny hem saklapdyrlar.

Türkmenler alabaýa hem şeýle ýakymly duýgular bilen garaýarlar. Bu itler göräýmäge şeýle rehimsiz bolsalar-da, olar bilen ýakyndan tanyş bolan her bir adam bu haýbatyň aňyrsynda wepadar ýürek, özüne hoşniýetli garaýşy duýýan jandaryň bardygyna göz ýetirer. Şu gün hem Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komiteti we Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guralan tanyşdyryş dabarasynyň barşynda görmegeýje güjügiň töwereginde şadyýan aýdymlar hem-de çagalaryň ýakymly gülküleri ýaňlandy.

Alabaý Oýunlaryň nyşanlarynyň biri bolmak bilen, oňat bezegli milli lybasda ýa-da sport lybasynda görkezildi. Onuň ýaşyl reňkler ummanyna beslenen keşbi özboluşly täsinligi, ertekileriň gahrymanynyň keşbini ýatladýar. Onuň tumar hökmünde saýlanylmagy tötänleýin däldir, türkmen alabaýy hakykatdan-da, wepaly dost we goragçydyr, güýçli hem-de batyrgaý itdir, onuň bilen özüňi howpsuz duýup bolýar, halk rowaýatlarynda ol ýeňşe erkiň, gaýduwsyzlygyň we sporta höwesekleriň alamaty bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde hem biz onda çäksiz wepadarlygy duýýarys. Bu ite bolan ynam hem-de dostluk duýgusy täsin keşbiň döredilmeginde esasy şert boldy.

Meňzeş Täzelikler

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzda Ýol-Ulag Mümkinçilikleri Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täzeden gurlan Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin çäreleri bilen …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir