Baş Sahypa / BAŞ SAHYPA / Paýtagtymyzyň Howa Menziliniň Halkara Abraýy Ýokarlanýar
Paýtagtymyzyň Howa Menziliniň Halkara Abraýy Ýokarlanýar
Paýtagtymyzyň Howa Menziliniň Halkara Abraýy Ýokarlanýar

Paýtagtymyzyň Howa Menziliniň Halkara Abraýy Ýokarlanýar

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen iri Halkara howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, sebitara we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Paýtagtymyzyň täze howa menzili Britaniýanyň dünýäniň has tapawutly saýylýan binalarynyň suratlaryny ýerleşdirýän we olar barada maglumat berýän meşhur “International Property and Travel” neşiriniň nobatdaky sanynyň sahypalarynda görnükli orun eýeledi.

Dünýä ýüzünde abraýly hasaplanylýan özüneçekiji hem-de ýokary bezegli bu žurnalyň okyjylary örän köpdür, ol biznes derejeli iri awiakompaniýalaryň 58-siniň ýolagçylaryna ýaýradylýar. Indi bu žurnalyň okyjylary paýtagtymyzda gurlup, ulanmaga berlen ajaýyp howa menzili barada maglumat almak mümkinçiligine eýe boldular. Žurnalyň täze sanynda sebitde iň iri howa menzili toplumynyň ähmiýeti we esasy aýratynlyklary hem-de ganatlaryny geren laçynyň şekilindäki binanyň bezeg işleri, enjamlaşdyrylyşy hem-de onda ýolagçylar we işgärler üçin döredilen şertler barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzili dürli görnüşdäki we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyply bolup, şol bir wagtyň özünde ýokary halkara ülňülere laýyk derejedäki hyzmatlary ýola goýýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş howa menzili dünýäde öňdebaryjy diýlip ykrar edilen iri howa menzilleri bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýär. Onda täze ýokary tehnologiýalar, döwrebap aeronawigasiýa düzümi ornaşdyryldy we bu ýerde hyzmatyň ýokary hil derejesi üpjün edildi.

Žurnaldaky makala örän bezegli suratlar bilen utgaşdyrylyp, olar Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminallarynyň içki we daşky bezegleri, enjamlaşdyrylyşy barada gürrüň berýär. Ägirt uly guşuň şekilindäki bu howa menziliniň artykmaçlyklary dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekýär.

Täze howa menziliniň binagärlik çözgüdi, onuň taslamalaşdyrylyşy we gurluşygy bu iri desgalar toplumynyň “Construction Excellence Award” halkara sylagyna mynasyp bolandygy barada halkara ähmiýetli “International Property and Travel” neşiri giňişleýin gürrüň berýär.

Bu sylag Aşgabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda şu žurnaly esaslandyryjy Stýuard Şild tarapyndan gowşuryldy.

Şeýle hem jenap Stýuard Şild dünýäde binagärlik babatda iň abraýly hasaplanylýan “International Property Awards” sylagynyň Prezidenti bolup durýar. Onuň belleýşi ýaly, dünýäniň iň iri taslamalaryna şeýle baýrak 26 ýyl bäri gowşurylýar. Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň binagärlik çözgüdi onda örän uly täsir galdyrypdyr.

Şol gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň döwrebap binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi we birnäçe abraýly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

Meňzeş Täzelikler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Aziada-2017 Döwründe Syýahatçylar Üçin Dikuçarda Tanyşlyk Gezelençleri Guralar we Awiapetekleriň Bahasy Peseldiler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabada geljek syýahatçylar üçin …

Bir Cevap Yazın

E-posta hesabınız yayımlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir